Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Magtymguly dünýäsi
Ýazylan wagty: 09 июня 2014 Ýazan NEXTTM
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 290 ýyl üstünden aşyran Magtymguly Pyragymyzyň   edebi mirasy türkmen milli medeniýetiniň taryhynda iň möhüm wakalaryň birine öwrüldi.  Bu elbetde onuň diňe bir XVIII asyryň beýik şahyry we akyldary bolandygy üçin däl, eýsem türkmen edebiýatynyň esaslandyryjysy hökmünde hem şeýledir. Şu günki günde Pyragymyzyň pähim-paýhasly şygyrlaryny  öwrenmäge we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýaýmakda  türkmen halky üçin mukaddes borjy bolup dur.  Magtymgulynyň  “Berkarar döwleti istärin” diýen setirleri şu güne ýetip, adamy  söýmäge, bir-biriniň zähmetine, döredijiligine hormat-sarpa goýmaga, şeýlede  ynsanperwerligi iň belende galdyrmaga çagyrýar. 
      Dünýäniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda gürrüň edilende ony türkmen şekillendiriş sungatysyz göz öňüne getirip bolmaz. Sebäbi akyldaryň akyl-paýhasa ýugrulan dürdäne  edebi hazynasy türkmen suratkeşler üçin tükeniksiz ylham çeşmesi bolup durýar. Pyragynyň şahyrana mirasy türkmen şekillendiriş sungatynda bir-näçe meşhur döredijilik şahsyýetleri orta çykardy. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymy  Türkmenistanyň halk suratkeşi Hajy Atakgaýew.      
      Hajy aga uzak ýyllaryň dowamynda Magtymguly şahyryň döredijilik mirasyny ylmy esasda öwrenip, akyldara bagyşlap “Magtymguly dünýäsi” (2010-2014ý.) atly eser toplumyny döretdi. “Turgul diýdiler”, “Bäş gün”, “Oglum Azadym”, “Halala hasap, harama hasap”, “Adama Ata”, “Aýrylyk”, “Näbellilik”, “Arşda-Ferişde” atly garafika işleri, Magtymgulynyň döredijiliginde filosofiýa taýdan pikir alyşmagy, söýgi-lirika, öwüt-nesihatlaryň danalygy, şahyryň öňdengörüjiligi hem-de baý ruhy dünýäsi  suratkeşiň eserlerinde özboluşly çeper beýanyny tapdy. Bu döredilen işler Hajy Atakgaýewiň  birnäçe ýyllaryň dowamynda  çeken zähmetiniň miwesidir. Suratkeşiň işleri meso-sinto, gury iňňe tehnikasynda ýerine ýetirilip, eseriň gapma-garşylykly, ak-gara reňk gammasyny baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär, keşpleri şekilllendirmekde bolsa inçe, ýumşak, mahmal çyzyklary, çuň gara öwüşginli häsiýetleri bilen özüne çekýär. Ýönekeý serişdeleri ulanyp tekiz kagyzyň ýerligi göwrümleri we giňişligi emele getirýär, suratkeş manyly döredijiligiň hyýaly dünýäsini hem täzeden janlandyrýar. Hajy Atakgaýewiň eserleri özüniň gaýtalanmajak täsirliligi, aýdyňlygy şol wagtda-da çylşyrymly filosofiki häsiýetleri bilen türkmen şekillendiriş sungatynda aýratyn orun tutýar.
    Ýurdumyzda ýaňy ýakynda  Hormatly Prezidentimiziň  tagallalary esasynda Magtymguly Pyragymyzyň 290 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Magtymgulynyň çeper keşbi”  atly bäsleşik- sergisi hem geçirildi. Serginiň guramaçylyk işleri  bolsa Hajy Atakgaýewiň ýolbaşçylygynda alnyp baryldy. Sergä gatnaşan  halypalaryň,  mugallymlarynyň we talyp ýaşlaryň öz hünärlerinden degişli işleri ýerine ýetirip, Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlap uly sowgatlar bilen geldiler.
     Akyldaryň dürdäne döredijiligini wagyz edýän, ýaş neslimizi nurana geljege ruhlandyrýan hem-de türkmen medeniýetini we sungatyny öz ajaýyp eserleri bilen baýlaşdyrýan Hajy Atakgaýew Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragy” atly medalyna mynasyp eýesi boldy. Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk toý-dabarasynda ýokary döwlet  sylaga mynasyp bolan Hajy Atakgaýewi we ýurdumyzyň alymlaryny, döredijilik işgärlerini tüýs ýürekden gutlap olara uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Okalan sany: 740   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14626 sek. ýüklenen baýt: 32845