Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Sagdyn durmuşyň girewi.
Ýazylan wagty: 09 марта 2013 Ýazan NEXTTM
Temmäkiniň Watany ATemmäkiniň Watany Amerikadyr.Temmäkini Ýewropa ilkinji gezek  XV asyrda Hristofor Kolumbyň deňizçileri getiripdir. Ýewropada ilkinji bolup temmäkini ösdürip ýetişdiren Žan Nikodyr. Temmäkiniň köpçülikleýin ulanylyp başlanmagy bilen adamlarda käbir keseller peýda bolup başlapdyr. Şol sebäpli hem temmäkiniň düzümini barlamak zerurlygy ýüze çykypdyr. Bu barlagyň netijesinde temmäkiniň düzüminde juda awuly nikotiniň barlygy anyklanylypdyr. Şeýle-de, temmäki ýüzlerçe ýylyň dowamynda ýer togalagynyň gündogar böleginiň köp ýerinde hem ekilipdir. Temmäkiniň odundan ýangyn döremegi netijesinde köp ýurtlarda jaýlar, tokaýlar weýran bolupdyr. Şol sebäpli hem temmäkini ulanýanlar, esasan hem ony ýaýradýanlar jezalandyrylypdyr.
          
 XIX  Asyryň ahyrlaryndan başlap temmäki bilen baglylykda keselleriň görnüşiniň artmagy medisina işgärleriniň, himikleriň ünsüni özüne çekipdir we olar onuň düzümini içgin öwrenmäge başlapdyrlar. Şeýlelikde, temmäkiniň düzüminde 200-e golaý zäherli maddalaryň bardygy anyklanypdyr. Olaryň arasynda maddalaryň 38-e golaýyhas zäherlidir. Çilim çekýän adam temmäkiniň tüssesi bilen birlikde nikotiniň, sinol kislotasynyň, ugar we kömürturşy gazynyň, myşýagyň, benzpiriniň, has aýylganç poloniý ýaly radioaktiw elementleriň we şuňa meňzeşleriň kirşenini öz içine dartýar. Çilim çekilende bu maddalaryň 25%-iýanýar, 50%-i tüsse görnüşinde atmosfera girýär,5%-i çilimiň galyndysynda galýar, ýöne 20%-i öýkeniň üsti bilen adamyň organizmine düşýär we zäherleýär. 20-25 çilimdäki nikotin adamyň saglygy üçin howpludyr. Nikotiniň bir damjasy malyňderiastyna goýberilse ýada guşuň çüňküne eltilip ysgadylsa, ol şol bada ysmaz bolup ölýär.
          
Çilim çekmeklige itergi berýän sebäpler näme? 
Muňa adamlaryň arasynda „çilim gaharjaňlygyňy ýatyryp, keýpiňi gowulandyrýarmyşyn, semizlikde horlandyrýarmyşyn, ysgyna getirip gurplandyrýarmyşyn,“diýen ýaly geplere ynanylmagy, şeýle-de ýetginjekleriň ululara meňzejek, uly görünjek bolup çilim çekip başlamagy ýaly ýagdaýlar sebäp bolýar. Ýokarda aýdylanlar ýaşlaryň toslamasy.Hakykatda welin, bu beýle däldir. Hatda şeýle bolaýanda-da çilimiň adam saglygyna ýetirýän zyýany bimöçber uludyr.

Çlimiň dem alyş ulgamyna täsiri:
Çilim çekýänleriň aglabasy dowamly bronhit keseline sezewar bolýar. Öýkeniň howply çiş keseli bilen kesellänleriň 80%-e golaýy çilim çekýänler bolup çykýar.

Ýürek-damar ulgamyna täsiri:
Çilim çekmeýänlere garanyňda, çilim çekýänlerde  miokardyň infarktyndan, arterial gipertoniýadan, miokardiodistrofiýadan, stenokardiýadan ejir çekýänleriň sany 6-8% artykmaçdyr. Çilim çekýänleriň aglabasy bolsa, endarteritden ejir çekýändirler.

 Iýmit siňdiriş ulgamyna täsiri:
Çilim çekmeýänlere garanyňda, çilim çekýänleriň 6%-e golaýy kariýes, gastrit, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň baş keseline,4%-e golaý bagryň çiş keseline sezewar bolýandyrlar.

Duýuş agzalaryna täsiri:
Çilim çekýänleriň köpüsinde wagtyň geçmegi bilen görüş ýitiligi, eşidiş ukyby, tagam biliş we ys alyş ukyplary, şeýle-de, olaryň jynsy höwesiniň hem ukyby aýdyň peselýär.


Çilim çekýän adamlardan dogulýan çagalaryň arasynda her hili ýetmezçilikler, kemislikler köp duşýar.
Çilim yzygiderli çekilip ugralandan, takmynan birnäçe aýdan soňra, oňa öwrenişilýär, azarlama alamaty döreýär. Bu azarlama tirýekkeşiňkä, arakkeşiňkä garanyňda juda pesdir. Çilimkeşiň ýüregi küýsäp, bitakat bolýar, gahary gelip biynjalyk, keýpi gaçyp tukat bolýar, ukusy ýoýulýar. Ýöne bu agzalan alamatlar ýeňil geçýändigi sebäpli, erk-ygtyýary bolan adamlar ondan aňsatlyk bilen dynyp bilýärler. Emma erk-ygtyýary gowşak adamlar ondan aşakda görkezilenlerden peýdalanyp, ýuwaş-ýuwaşdan dynyp bilerler:

-gün-günden günde 1 çilimi azaltmak;
-çilimiň özüne dartylyşyny, sorulyşyny azaltmak;
-çilimi ýüzleý özüňe dartmak;
-çilimiň galyndysyny gün-günden köpräk goýmak;
-çilimden ýeňil dynmak üçin onuň ornuny tutujy tabeks, nikotinonet, nikoretto we ş.m. ulanmak.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda biziň planetamyzyň orta ýaşly erkek adamlarynyň ýarysy we aýallarynyň dörtden biri temmäkä ýüz urýanlardyr. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen berilýän çilimiň zyýany baradaky maglumatlar, döwlet tarapyndan çilim çekmekligiň adam saglygyna ýetirýän zyýany baradaky wagyz-nesihatlary hem-de gadagan etmeleri, durmuşda çilimi köp çekýänleriň dürli  keseller bilen keselleýändiklerini we ömürlerini gysgaldýandyklaryny adamlaryň öz gözleri bilen görmekleri, olarda çilim çekmeklige bolan höwesi gaçyrýar. Şularyň netijesinde häzirki wagtda dünýä boýunça alanyňda çilim çekýänleriň sany ep-esli azaldy.

 Eger-de çilimden tiz dynsaňyz şähdiňiz açylyp, göwnüňiz giňär, durmuşa höwesiňiz artar, keselden saplanyp gurplanarsyňyz, ömrüňizi has hem uzaldarsyňyz, nesliňizi arassalarsyňyz. Bularyň hemmesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn hem ajaýyp durmuşyň girewidir.merikadyr.Temmäkini Ýewropa ilkinji gezek  XV asyrda Hristofor Kolumbyň deňizçileri getiripdir. Ýewropada ilkinji bolup temmäkini ösdürip ýetişdiren Žan Nikodyr. Temmäkiniň köpçülikleýin ulanylyp başlanmagy bilen adamlarda käbir keseller peýda bolup başlapdyr. Şol sebäpli hem temmäkiniň düzümini barlamak zerurlygy ýüze çykypdyr. Bu barlagyň netijesinde temmäkiniň düzüminde juda awuly nikotiniň barlygy anyklanylypdyr. Şeýle-de, temmäki ýüzlerçe ýylyň dowamynda ýer togalagynyň gündogar böleginiň köp ýerinde hem ekilipdir. Temmäkiniň odundan ýangyn döremegi netijesinde köp ýurtlarda jaýlar, tokaýlar weýran bolupdyr. Şol sebäpli hem temmäkini ulanýanlar, esasan hem ony ýaýradýanlar jezalandyrylypdyr.
          
 XIX  Asyryň ahyrlaryndan başlap temmäki bilen baglylykda keselleriň görnüşiniň artmagy medisina işgärleriniň, himikleriň ünsüni özüne çekipdir we olar onuň düzümini içgin öwrenmäge başlapdyrlar. Şeýlelikde, temmäkiniň düzüminde 200-e golaý zäherli maddalaryň bardygy anyklanypdyr. Olaryň arasynda maddalaryň 38-e golaýyhas zäherlidir. Çilim çekýän adam temmäkiniň tüssesi bilen birlikde nikotiniň, sinol kislotasynyň, ugar we kömürturşy gazynyň, myşýagyň, benzpiriniň, has aýylganç poloniý ýaly radioaktiw elementleriň we şuňa meňzeşleriň kirşenini öz içine dartýar. Çilim çekilende bu maddalaryň 25%-iýanýar, 50%-i tüsse görnüşinde atmosfera girýär,5%-i çilimiň galyndysynda galýar, ýöne 20%-i öýkeniň üsti bilen adamyň organizmine düşýär we zäherleýär. 20-25 çilimdäki nikotin adamyň saglygy üçin howpludyr. Nikotiniň bir damjasy malyňderiastyna goýberilse ýada guşuň çüňküne eltilip ysgadylsa, ol şol bada ysmaz bolup ölýär.
          
Çilim çekmeklige itergi berýän sebäpler näme? 
Muňa adamlaryň arasynda „çilim gaharjaňlygyňy ýatyryp, keýpiňi gowulandyrýarmyşyn, semizlikde horlandyrýarmyşyn, ysgyna getirip gurplandyrýarmyşyn,“diýen ýaly geplere ynanylmagy, şeýle-de ýetginjekleriň ululara meňzejek, uly görünjek bolup çilim çekip başlamagy ýaly ýagdaýlar sebäp bolýar. Ýokarda aýdylanlar ýaşlaryň toslamasy.Hakykatda welin, bu beýle däldir. Hatda şeýle bolaýanda-da çilimiň adam saglygyna ýetirýän zyýany bimöçber uludyr.

Çlimiň dem alyş ulgamyna täsiri:
Çilim çekýänleriň aglabasy dowamly bronhit keseline sezewar bolýar. Öýkeniň howply çiş keseli bilen kesellänleriň 80%-e golaýy çilim çekýänler bolup çykýar.

Ýürek-damar ulgamyna täsiri:
Çilim çekmeýänlere garanyňda, çilim çekýänlerde  miokardyň infarktyndan, arterial gipertoniýadan, miokardiodistrofiýadan, stenokardiýadan ejir çekýänleriň sany 6-8% artykmaçdyr. Çilim çekýänleriň aglabasy bolsa, endarteritden ejir çekýändirler.

 Iýmit siňdiriş ulgamyna täsiri:
Çilim çekmeýänlere garanyňda, çilim çekýänleriň 6%-e golaýy kariýes, gastrit, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň baş keseline,4%-e golaý bagryň çiş keseline sezewar bolýandyrlar.

Duýuş agzalaryna täsiri:
Çilim çekýänleriň köpüsinde wagtyň geçmegi bilen görüş ýitiligi, eşidiş ukyby, tagam biliş we ys alyş ukyplary, şeýle-de, olaryň jynsy höwesiniň hem ukyby aýdyň peselýär.

Çilim çekýän adamlardan dogulýan çagalaryň arasynda her hili ýetmezçilikler, kemislikler köp duşýar.
Çilim yzygiderli çekilip ugralandan, takmynan birnäçe aýdan soňra, oňa öwrenişilýär, azarlama alamaty döreýär. Bu azarlama tirýekkeşiňkä, arakkeşiňkä garanyňda juda pesdir. Çilimkeşiň ýüregi küýsäp, bitakat bolýar, gahary gelip biynjalyk, keýpi gaçyp tukat bolýar, ukusy ýoýulýar. Ýöne bu agzalan alamatlar ýeňil geçýändigi sebäpli, erk-ygtyýary bolan adamlar ondan aňsatlyk bilen dynyp bilýärler. Emma erk-ygtyýary gowşak adamlar ondan aşakda görkezilenlerden peýdalanyp, ýuwaş-ýuwaşdan dynyp bilerler:

-gün-günden günde 1 çilimi azaltmak;
-çilimiň özüne dartylyşyny, sorulyşyny azaltmak;
-çilimi ýüzleý özüňe dartmak;
-çilimiň galyndysyny gün-günden köpräk goýmak;
-çilimden ýeňil dynmak üçin onuň ornuny tutujy tabeks, nikotinonet, nikoretto we ş.m. ulanmak.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda biziň planetamyzyň orta ýaşly erkek adamlarynyň ýarysy we aýallarynyň dörtden biri temmäkä ýüz urýanlardyr. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen berilýän çilimiň zyýany baradaky maglumatlar, döwlet tarapyndan çilim çekmekligiň adam saglygyna ýetirýän zyýany baradaky wagyz-nesihatlary hem-de gadagan etmeleri, durmuşda çilimi köp çekýänleriň dürli  keseller bilen keselleýändiklerini we ömürlerini gysgaldýandyklaryny adamlaryň öz gözleri bilen görmekleri, olarda çilim çekmeklige bolan höwesi gaçyrýar. Şularyň netijesinde häzirki wagtda dünýä boýunça alanyňda çilim çekýänleriň sany ep-esli azaldy.

 Eger-de çilimden tiz dynsaňyz şähdiňiz açylyp, göwnüňiz giňär, durmuşa höwesiňiz artar, keselden saplanyp gurplanarsyňyz, ömrüňizi has hem uzaldarsyňyz, nesliňizi arassalarsyňyz. Bularyň hemmesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn hem ajaýyp durmuşyň girewidir.
Okalan sany: 1386   Jogaplar: ( 2 )

marala
10 марта 2013

Admin sag bol!halladym,good shular yaly peydaly we  gyzykly maglumatlarnyzy koprak yetir, 

Betman
10 марта 2013

diablo cilimi go[aly boldy oydyan, bu temanyzy okap cilimin yanyna barar yaly bolmadyla,


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10864 sek. ýüklenen baýt: 44480