Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýurdumyzda geçirilen Sport täzelikleri.
Ýazylan wagty: 11 марта 2013 Ýazan NEXTTM
Watanymyzyň ähli künjeklerinde  Sport hepdeliginiň yglan edilmegi, «Türkmenistan—ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» diýlen ganatly şygary yglan eden milli Liderimiziň baştutanlygynda sporty söýýän türkmen ýaşlarynyň we türkmen türgenleriniň durmuşyna möhüm täzelikleri girizdi. 

   Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde sportuň  Boks görnüşinden  Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ýaryş jemi 6 agram derejesinde geçirildi. Netijede Aşgabat şäheriniň topary 1-nji orna mynasyp boldy.

   Paýtagtymyzda küşt oýny boýunça 20 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ýeňiji bolan türgenler halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 “Aşgabat” sport sagaldyş toplumynda 8-nji Mart Halkara zenanlar baýramyna bagyşlanyp,  1995-nji ýyla çenli we 1996-1998 nji ýyllar aralygynda doglan gyzlaryň arasynda dzýudo boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Oňa ýurdumumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň sport mekdepleriniň türgen gyzlary gatnaşdylar. Ähli agramlardaky tutluşyklarda türgenler tarapyndan dzýudonyň owadan emelleri görkezildi we güýçli dzýudoçy gyzlar belli boldy.

1995-ýyla çenli doglan gyzlaryň arasynda 48 kilogram agram derejesinde Margarita Filipowa, 52 kilogram agram derejesinde Gülbadam Babamyradowa, 57 kilogram agram derejesinde Jennet Geldibaýewa, 63 kilogram agramda Zöhre Madraýimowa, 70 kilogram agram derejesinde Maral Soltanowa,78 kilogram agram derejesinde Saodat Işmyradowa,78 kilogramdan ýokary agram derejesinde Şirin Kubaýewa, 1996-1998-njiýyllar aralygynda  doglan gyzlaryň arasynda 40 kilogram Ogultäç Paşşyýewa, 44 kilogram agram derejesinde Melike Ahmedowa, 48 kilogram agramda Ulýana Nazarowa, 52 kilogram agram derejesinde Aýnur Amanowa, 57 kilogram agram derejesinde Dinara Rozykulowa, 63 kilogram agram derejede Nilufar Muhiddinowa, 70 kilogram agram derejesinde Dinara Hallyýewa, 70 kilogramdan ýokary agram derejesinde Orazgül Seýidowa 1-nji orna mynasyp boldular.
 
“Galkynyş”sport-sagaldyş toplumynda 1992-1998-nji we 2000-2007-nji  ýyllar aralygynda doglan oglan-gyzlaryň arasynda adaty karate boýunça Türkmenistanyň 11-nji Kubogy geçirildi. Bu ýaryşa ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýygyndy toparlaryň 20-siniň jemi 670 türgeni gatnaşyp, adaty karateniň dürli görnüşleri boýunça  çykyş etdiler.
“Aşgabat” sport-sagaldyş toplumynda oglanlaryň arasynda dzýudo boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýaryşyň netijeleri boýunça 60 kilogram agram derejesinde Muhammet Artykow, 66 kilogram agramda Isgender Hudaýnazarow, 73 kilogram agram derejesinde Arslan Nurmuhammedow, 81 kilogram agram derejesinde Batyr Hojamuhammedow, 90 kilogram agram derejesinde Nuraly Ýalkabow, 100 kilogram agram derejesinde Zafar Mädeminow, 100 kilogramdan ýokary  agram  derejesinde Hudaýnazar Sähedow 1-nji orny eýelediler. 

Okalan sany: 667   Jogaplar: ( 3 )

marala
11 марта 2013

Aý bora şular ýaly sport soýüliler, size elmydama ýeňişler ýaranbolup dursun.good

Meret
11 марта 2013

Туркмен онеyahooоне Туркменистанdance

permann
13 марта 2013

good2017-nji ýyla çenli gaýrat edeliň ondan soň t-en döwleti üçin sportda hasan gwy orunlara mynasyp bolar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08062 sek. ýüklenen baýt: 33892