Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Gaşy sürmeli.
Ýazylan wagty: 11 марта 2013 Ýazan Marala

Güller gözelligi senden öwrener‚
Göz degmesin‚ gülüm‚ gül çagyň seniň.
Agşamyň şapagy solak görüner‚
Säheriň şapagy ýaňagyň seniň.
 
Gözleriňe baka bilmen bakaňda‚
Baksam ýürek aýdym aýdýar hakyňda‚
Gül göwsüňe gülýakaňy dakaňda‚
Baglar gözlerimi bentnagyň seniň. 

Dogaňda dogupsuň gaşy sürmeli‚
Zülpleriňi ogşap-ogşap örmeli‚
Bagty görmek islän seni görmeli‚
Düşümlidir‚gülüm‚ aýagyň seniň.

Görsem ýüregimde bir tupan turar‚
Görmesem ýüregim mydam ah urar‚
Alkymyňdan atyr ysy bark urar‚
Gülabyň gaýmagy dodagyň seniň.

 Ölmez‚ güljahanym‚ saňa ýer bolan‚
Gülmez‚ güljahanym‚ saňa zar bolan‚
Körpejekä saňa hyrydar bolan‚
Şahyr ýüregimde soragyň seniň.

Okalan sany: 551   Jogaplar: ( 3 )

NEXTTM
11 марта 2013

Dogaňda dogupsuň gaşy sürmeli‚Zülpleriňi ogşap-ogşap örmeli‚Bagty görmek islän seni görmeli‚Düşümlidir‚gülüm‚ aýagyň seniň.------- Şu setirleri asam gowy ýazylan. good

Betman
12 марта 2013

halladym!+

permann
13 марта 2013

hallandygoodkiss_mini


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14585 sek. ýüklenen baýt: 31630