Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Sebit howpsuzlygynda halkara hyzmatdaşlygy.
Ýazylan wagty: 11 марта 2013 Ýazan NEXTTM
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Häzirki wagtda ýurdumyz abraýly halkara guramalarynyň 40-dan gowragynyň agzasy bolup durýar. Halkara guramalary bilen milli, sebit ähmiýetli köp ugurlar boýunça bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Umumy bähbitlere eýerilýän döwrüň derwaýys meseleleri boýunça uly gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklar ýygjamlaşýar. Uzakmöhletli hyzmatdaşlygyň gözbaşynda sebitde we bütin parahatçylyk, abadanlyk we howpsuzlyk, hoşniýetli ýörelgelere eýerilýän daşary syýasatymyz uly orun tutýar. Parahatçylyk we sebit howpsuzlygynyň meseleri boýunça halkara çäreleriň biziň ýurdumyzda utgaşykly geçirilmegi, parharçylyk dörediji syýasatynyň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny aýdyň alamatlandyrýar. Halkara hyzmatdaşlyk munuň özi sebitde hopwsuzlygyň ygtybarly üpjün edilmegi ugrunda bar bolan meselele has gowy düşünmäge, olary çözmek boýunça garaýyşlary ýakynlaşdyrmaga, bu ugurdaa özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik döredýär.
Hemişelik Birataplyk ýagdaýyndan ugur alyp, eýerip Türkmenistan özüniň parahatçylyk dörediji mümkinçiligini sebitiň we tutuş dünýäniň bähbidi üçin ulanýar. Parahatçylygy, abadanlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekligi baş hasaplaýan döwletimiz sebit howpsuzlygyndaky halkara hyzmatdaşlygyna degişli meslelere aýratyn üns berýär. Bu hyzmatdaşlygyň binýadynda bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak sebitde hemişelik özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak, bähbitleriň deňeçerligini saklap sebitiň halklarynyň şeýle-de umumyadamzadyň bähbidine gönükdirilen gatnaşyklaryň geriminiň giňemeginiň tarapdarydyr.
Häzirki döwürde bütin adamzadyň parahat, asuda durmuşyny, durnukly ösüşi üpjün etmek gaýragoýulmasyz meseleleriň birine öwrülýär.
Sebit howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyga işjeň goşulmak bilen sebitde aýratyn orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz BMG-nyň belent münberinden umumadamzat bähbitli başlangyçlary, sebitde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmak, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça pähim-paýhasly teklipleri öňe sürýär. Dünýä bileleşigi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilip, giň goldawa eýe bolýar. Häzirki wagtda halkara guramalary we goňşy döwletler bilen sebitde howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň, abadançylygyň hatyrasyna özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Döwletimiziň bütin dünýäde aýratyn hem sebitde parahatçylygyň we abadançylygyň merkezi bolmagy bilen bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňaýly şertleri döredýär. Hemişelik Bitaraplyk hukugyna eýerip Türkmenistan döwletimiziň hoşniýetli daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň we ählumumy dumukly ösüşi gazanmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy ösdürilmegine gönükdirilýär. Sebit howpsuzlygy boýunça ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygy milli Liderimiziň teklipleriniň, başlangyçlary esasynda häzirki möhüm meseleleri çözmegiň gönezliginde täzeçe garaýyşlarda, çemeleşmelerde jemlenýär.
Bütin dünýäde ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukugyna eýerip Türkmenistan döwletimiz Merkezi Aziýada parahatçylyk döredijilik merkezine öwrülmek bilen, birek-birege sarpa goýmak ýörelgeleri halkara hyzmatdaşlar bilen umumy bir çözgüdiň işlenip taýýalanylmagyna ýardam edýär.
Bu babatda hormatly Prezidentimiz «...Türkmenistan adamzadyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna dünýäniň ýurtlarynyň ençemesi- Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Demirgazyk Atlantika Şertnamasy Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ykdysady Hyzmatdaşyk Guramasy ýaly halkara guramalary bilen konstruktiw häsiýetli ynamyň we pragmatizmiň umumy ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu hyzmatdaşlyk dünýäde ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de dumukly ösüşleriň bähbitlerine laýyk gelýär» diýip nygtaýar.
Häzirki döwrüň derwaýys meselelerini taraplaryň jogapkärçiligi doly üstüne almagy, deňeçerli we özara düşünişmek arkaly ählumumy bähbitler esasynda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli we täsirli görnüşini işläp taýýarlamak we özara kabul ederlikli çözgüdi gözläp tapmak derwaýysdyr. Bu meselelriň çözgüdini bolsa ýurt Başrutanymyzyň başlangyçlarynda doly öz beýanyny tapýar. Soňky wagtda ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara maslahatlar,sergiler,forumlar, festiwallar, dürli meseleler boýunça guralýan duşuşyklar, tegelek stollar muňa güwälik edýär. Paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýada Oňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit Merkeziniň milli Liderimiziň halkara abraýynyň; önuň BMG-niň Baş assambleýasynyň belent münberinden öňe süren möhüm meseleler boýunça teklipleriniň, parahatçylykly başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny subut edýär. Mahlasy Türkmenistanyň umumy ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda ýöredýän hoşniýetli «Açyk gapylar» daşary syýasatynyň, bütin dünýäde hopwsuzlygy, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça öňe süýän halkara başlangyçlarynyň diňe bir milli, sebit üçin däl, eýsem ählumumy adamzadyň bähbitlerine gabat gelýändigini aýan edýär.
Sebit howpsuzlygynda ýurtlaryň ählumumy bähbitlerde halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrylmagy, bu ugurda işjeň gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen umumy çemeleşmeler esasynda häzirki döwrüň möhüm meselelerini oňyn çözmäge ýardam edýär. Bu ugurda garaýyşlaryň deň bolmagy, sebitde ýaşaýan halklaryň islegleriniň gabat gelmegi birlikde bir umumylykda olara garşy durmaga meýilleriň bolmagy gelejekde has-da oňyn netijeleriň gazanylmagyna badalga berýär. Sebiti ynjalyksyzlandyrýan şol bir wagtyň özünde bütin dünýä özüniň ýamaz täsirini ýetirýän halkara terrorçylyga ,neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek bu nogsanlyklara döwletler we halkara guramalary bolup berk gaýtawul bermek döwrüň talabydyr. Sebit howpsuzlygynyň kadaly ýagdaýda saklanmagynda diňe bir, goňşy ýurtlar däl eýsem halkara guramalary bilen bilelikdäki ysnyşykly hyzmatdaşlygynyň orny uludyr. Türkmenistan sebit howpsuzlygy boýunça iň bir abraýly halkara guramasy bolan BMG-sy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, Yewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, GDA we beýleki gyzyklanma bildirilýänler bilen özara düşünişmek esasynda deňhukukly özara bähbitli, hoşniýetli daşary syýasat ugruny ýöredýär. Paýtagtymyzda Türkmenistanyň öňe süren teklibini göz öňünde tutulyp Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň ylalaşdyryjy merkeze öwrülýändiginiň , bütin adamzadyň ykbalyna täsir edýän derwaýys meseleleri oňyn çözmäge giň mümkinçilik döredýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu merkez Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygyň üpjün edilmegi we ýüze çykyp biläýjek döwrüň derwaýys meselelerini özara ylalaşykly çözülmegi boýunça işleri alyp barýar.
Bu babatda milli Liderimiz şeýle diýýär: «Merkeziň işi sebitde ýüze çykýan häzirki zaman howplaryna bilelikde garşy durmaga ekstremizmden we terrorçylykdan başlap, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we ekologiýa degişli meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir».
Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde belent münberinden eden çykyşynda : «Dünýäde ýarag näçe az bolsa, şonça-da onuň ösüşiniň durnukly we asuda boljakdygyna, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynyň has ýokary boljakdygyna ynanýars» diýip nygtamak bilen BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa sebitinde we Hazar basseýninde ýaragsyzlanmak meselesine bagyşlanan wekilçilikli halkara konferensiýasyny Aşgabatda geçirmeklik barada başlangyjy öňe sürdi. Wagtynda öňe sürlen başlangyç sebit ýurtlary tarapyndan gyzyklanma bidirilip uly goldaw tapdy.
Paýtagtymyzda halkara guramalary bilen dürli meseleler boýunça yzygiderli geçirilýän duşuşyklar, halkara maslahatlar, forumlar, tegelek stollar hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň ähmiýeti we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmak, häzirki zamanyň möhüm meselelerine degişli umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegiň, durnuklylygy gorap saklamagyň meseleleri boýunça öz tekliplerini bermek bolup durýar”.
Türkmenistan BMG-sy bilen we onuň düzümleri bilen sebit meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär.Aýratyn hem BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit Merkeziniň bu ugurda sebitdäki ýurtlaryň umumy bähbitlerini nazara alyp hemmeleri kanagatlandyrýan çözgütleriň işlenip durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýeleýär. Bu babatda : Häzirki wagtda bu Merkez sebitleýin meseleleri öwrenmek we seljermek boýunça işjeň işi geçirýär. Merkezi Aziýanyň ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça, şol sanda döwlet baştutanlarynyň derejesinde dürli çärelere işjeň gatnaşýar, olary çözmek barada çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gatnaşýar” diýip hormatly Prezidentimiz aýdýar.
Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary we parasatly ýolbaşçylygynda ýöredilýän Türkmenistan döwletimiziň örän oýlanyşykly öňdengörüjilikli , hoşniýetli daşary syýasaty dünýäniň möhüm sebitleriniň biri bolan Merkezi Aziýada howpsuzlygyň , abadanlygyň we dumuklylygyň berkitmegine ýardam edýär. Umumadamzada howp salýan neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek babatda döwletimiz ýörite maksatnama esasynda halkara guramalary bolan Birleşen Milletler Guramasy, Yewropa Bileleşigi, Ýewropada Hyzmatdaşlyk we Howpsuzlyk Guramasy bilen ysnyşykly aragatnaşykda bolup bilelikde işleri durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe dünýä bileleşigi tarapyndan milli Liderimiziň ýöredýän Bitarap Türkmenistanyň sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli, hoşniýetli daşary syýasatyna ýokary baha berilýär.

Hormatly agzalar, Gundogar-news.com saýtynda çap edilen bu gyzykly maglumaty siziň bilen paýlaşýaryn. 
Okalan sany: 811   Jogaplar: ( 3 )

NEXTTM
11 марта 2013


Meret
11 марта 2013

Менин Ватаным дунйэ беллиyahoo

marala
13 марта 2013

başga ýerlerip, göriAsuda watanda ýaşaýanyma şukir edýan.good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14553 sek. ýüklenen baýt: 41011