Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Türkmen zenanlarynyň sport üstünlikleri.
Ýazylan wagty: 12 марта 2013 Ýazan NEXTTM
Allanyň gudraty bilen uly ösüşleri başdan geçirýän nurly Watanymyzda milli sportymyz batly depginler bilen ösýär. Türkmenistanyň başlangyjy  bolan paýtagt şäherimizde Olimpiýa şäherjiginiň bina edilýändigi Türkmenistanyň sport durmuşyndaky amala aşyrylýan ägirt uly işleriň kepilidir. Türkmenistanda sporty köpçülikleýin ösdürmek baradaky belent başlangyçlary halkara ykrarnamasyna eýe bolup, bu özgertmeler tutuş dünýäde türkmenistanlylar we türkmen türgenleri barada ýakymly pikirleriň döremegine getirýär. Türkmen sportunyň abraýynyň belende göterilmeginde sagdyn we sporta göwün beren zenanlarymyzyň hem mynasyp paýynyň bardygyny bellemelidiris. Türkmen sportunda başa-baş söweş sungatynyň dürli görnüşleriniň ösdürilýändigini buýsanç bilen bellemek gerek. Samboçy gelin- gyzlarymyzyň gazanýan uly üstünlikleri biziň bu aýdanlarymyzyň aýdyň güwäsidir.

  Geçen ýyl Minskide geçirilen halkara sambo ýaryşynda türkmenistanly zenanlaryň altyn, kümüş, bürünç medallara eýe bolmagy Türkmenistan Watanymyzda sportuň belent derejelere ýetendiginiň güwäsidir. Şol derejeli sport ýaryşynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Gülbadam Babamyradowa birinji orny eýeläp altyn medal gazansa, Türkmenabat şäherindäki sport mekdebiniň tälimçisi Gülnar Haýytbaýewa bolsa ikinji orny eýeläp, kümüş baýragyň eýesi bolmagy başardy.Aşgabat şäherindäki ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçisi Nasiba Surkiýewa bolsa üçünji orna mynasyp bolup, bürünç medal bilen ata Watanymyza dolanyp geldi. Ine, şu görkezijileriň özi-de türkmen sportunyň abraýyny belende galdyrýan zenanlarymyza bolan buýsanjyňy artdyrýar.

  London olimpiýadasy türkmen sportunyň taryhyna altyn harplar bilen giren wakadyr. Bu iri sport çäresine türkmenistanly türgenleriň gatnaşmagyny şatlyk bilen bellenilmäge mynasypdyr. Şol iri derejeli sport bayramçylygyna türkmen türgen gyzlarynyň hem birnäçesiniň gatnaşandygyny aýratyn bellemek gerek. Mahlasy, Türkmenistanda sport we bedenterbiýe gerimli ösüşlere eýe bolýar. Şol bir wagtyň özünde-de, zenan sporty has okgunly ösüşlere utgaşýar. Adalatly Arkadagymyzyň esaslandyran Bagtyýarlyk zamanasy bagtymyzyň göterilip, ykbalymyzyň gül açýan, milli sportumyzyň tutuş dünýä nur saçýan zamanasydyr.  Gadamlaryň batly, menzilleriň şöhratly bolsun, türkmen sportçylary!             

Okalan sany: 701   Jogaplar: ( 5 )

Betman
12 марта 2013

onda bizlere gelin gyzlara guwanyp ýaşaýmak galýa-da. Berekella!!!+

marala
13 марта 2013

Bteman näme gelin gyzlar bar diýip özüňe bar bolan ynamdan eýýäm gaçaýdyňla, bizlerä siz bar diýip ýaşaýarys, ýöne bizem sizlere goldag bermek üçin diňe sport bilen meşgullanman elimizden gelýän zatlarymyzy gaýgyrman etýändiris. Sport jan saglymyzyň iň güýçli dermanydyr, gazanan üstinliklerimiz bolsa öz döwletimizi beýgeltmekdir.good sagbol awtor

Betman
13 марта 2013

Häzirki wagtda zenanlarymyz sport ýaryşlary boýunça geçirilýän bäsleşiklerde 1,2,3-nji ýerlere mynasyp bolmagy başarýandyrlar, göz degmesin!, Marala eger ýazyşmak isleseň dostluga çagyrýan şol taýtan gönimel hat ýazyşyp bolýar garaşýan dost!♥

permann
13 марта 2013

türkmen zenanlaryna şöhrat♥

Mayichka
21 марта 2013


TÜRKMEN SPORTY ÖŇE !!!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05823 sek. ýüklenen baýt: 34533