Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
NOWRUZ.
Ýazylan wagty: 13 марта 2013 Ýazan Marala

Nowruz geldi, ýaz geldi!
Saýrak guşlar açdy dil.
Durna bilen gaz geldi,
Oýandy bagda bilbil.

Öwsüp ýazyñ howasy
Bahar toýun toýlaýar.
Guşlañ näzik owazy
Gülleñ başyn aýlaýar.

Çöllerde owlak-guzy
Sährañ bile biteni.
Geýindi türkmen düzi,
Gyzyl-ýaşyl keteni.

Yşka düşen tebigat,
Gün gökde – otly ojak.
Nowruz – misli zerli hat,
Gül-gunça gujak-gujak.

Gyz görkün ýada salar,
Atyr ysly säherler.
Täze gün, täze Nowruz,
Hoş geldiñ sen biziň ile!

Okalan sany: 3231   Jogaplar: ( 5 )

NEXTTM
13 марта 2013

Gutlaýan marala, nowruz baýramy barada ilkinji bolup goşgy setirleri bilen Nowruz baýramynyň gözelliklerini paýalşdyň sag bol! good+♥

Betman
13 марта 2013

Gyz görkini ýada salar Nowruz gelse iliňe, halladym!good

HEZRET
13 марта 2013

Eýýäm howruz gelaýdymaý,good hany onda taýarlanyp başlalyň, menem bir goşgujyk goşýan.Nowruz gary eräp durka, bir gyz gördim aýna bakyp, Gara sacyn darap durka. Saclarynyn munlap tary, Yassanypdyr gosha nary.

permann
13 марта 2013

gyzgynjak pişme iýäýesim gelip gitdi sagbol awtor bir azajyk agzym suwaryp gitdi diýäýmesem gaty gowy ýazylypdyr, surat tapyp bilipsiň+

shutnick
14 марта 2013

halladym+


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,27735 sek. ýüklenen baýt: 34155