Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Ýylyň awtoulagy” saýlandy
Ýazylan wagty: 13 марта 2013 Ýazan Betman


Hormatly agzalar, Ženewada 83-nji gezek geçirilýän awtoulag sergisine dünýä belli kompaniýalar öz täze öndüren önümlerini görkezdilerr.
Serginiň çäklerinde bu babatda dünýäniň iň abraýly baýragy bolan “Ýylyň awtoulagy” hem saýlanyldy. “Volkswageniň” “Golf” modeliniň täze nusgasy emin agzalaryndan 414 ball aldy. Mundan ozal hem bu baýraga mynasyp bolan “Golf” bu sergä GTI, GTD we “Variant” nus­ga­la­ry bi­len gatnaşdy. “Golf VII”-niň iň ýakyn bäsdeşleri “Suba­u BRZ” we “Toyota G86” 202 ball aldy. Şeýle hem “Volvo V40”, “Ford BMax”, “Mercedes A klassy”, “Renault Clio”, “Peugetot 208” we “Hyundai i30” ýaly modellerinden hem ozdurmagy başardy.

“Golf” modeliniň ýedinji nesli bolan GTI bu sergä ilkinji gezek iki görnüşi bilen gatnaşýar. Onuň 220 PS (Standart GTI) we 230 PS (GTI Performance Paket) ýaly iki görnüşi bu ýere gelenleriň ünsüni  çekýär. Iki nusgada hem adatdakysy ýaly “Volkswagen TSI” tehnologiýasyndan peýdalanylyp, işlenip düzülen 2.0 litrlik TSI hereketlendiriji bar. Iki görnüşi hem  EU6 normalaryna gabat gelýär. Ol öňki nusgalaryna garaňda has tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Iki nusgasy hem 100 kilometrde ortaça 6,0 litr ýangyç sarp edýär we 140 g/km CO2 çykarýar . “Standart GTI”, 100 km/s tizlige 6,6 sekuntda, “GTI Performance Paket”  bu tizlige 6,5 sekuntda çykýar.

Sergide şereketiň “Golf GTD” görnüşi hem bar. Göwrümi 2 litr turbo hereketlendirjisi bolan “Golf GTD-niň” kuwwaty öz “doganynyňky” ýaly 220 PS ýetýär. Duran ýerinden 100km/s tizlige  8,1 sekuntda çykýar. Ol bir kilometrde baryýogy 145 gram CO2 çykarýar.

Sergide şereketiň uly maşgalalara niýetlenen “Golf Variant” modeli hem bar.

Emin agzalarynyň başlygy we Şwessiýanyň ykdysadyýet habarlaryny ýaýradýan “Dagens Industri” gazetinde awtoulaglar barada makala ýazýan Hakan Matson “Golf VII” modeliniň geçirilen synaglarda ýokary dereje görkezendigini gürrüň berýär. Bu ula­gyň hiliniň ýokarylygy we ygtybarlydygyny belleýärler.  

Emin agzalary bu ýyl satuwa çykarylan 32 modele baha berdiler. Ýewropanyň 22 ýurdundan 58 awtoulag žurnalisti gatnaşdy. “Ýylyň awtoulag baýragy” 1964nji ýyldan bäri berilýär.
Okalan sany: 326   Jogaplar: ( 5 )

Betman
13 марта 2013

Biz haçan müneris bular ýaly maşyn. menä diňe arzuw edýän! ýöne öňde biriniň aýtmagyna görä, arzuw ediber iň bolmanda žugli alarsyň diýen bolýa rofl

HEZRET
13 марта 2013

halladym!♥, Maşynlaryň gowusy mersedes bolmaly welin bu gezek Volkswageniň birinji orna mynasyp bolmagy gyzykly, onda-da men Toýotany gowy görýän, sagbol täzelikleriňe, bilemokdym.good

NEXTTM
13 марта 2013

Howwa bu awtaulagy daşary ýurtlylar hezil edip sürerler-de satarlar onsaňam biziň ýurdumyza gelýänçä azyndan 10 ýyl gerek bolaýmasa,

permann
13 марта 2013

Täze maşynlaryň öndürilmegi gowy dälmidir. näme üçin 10 ýyl gerek bolsun t-nyň halkyny daşary ýurtlardan pes görýäňmi, nesip bolsa serediň ýene bir az wagtdan t-da bu maşynyň her reňkinden görersiňiz, 

shutnick
13 марта 2013

 dogry aýtýaňyz hallandy, meniň bir tanyşym eýýäm haçan satuwa çykaryna garaşýar, oňa näme diýjek,,, halladym +++pardon


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12589 sek. ýüklenen baýt: 34418