Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Mobil telefony kim oýlap tapdy?
Ýazylan wagty: 13 марта 2013 Ýazan HEZRET
Indi 40 ýyl ýyl bäri her bir adam ýanynda mobil telefony göterýär. Onuň ilkinjisi häzirki kiçi we amatly telefonlardan diňe bir özüniň 40 kg agramy bilen dälde, eýsem 3900 dollar bahasy bilen hem tapawutlanypdyr.

 
Köp adam mobil telefony kimiň ilki oýlap tapanlygy hakynda jedelleşýär. Ýöne, onuň ilkinjisi, ikinji jahan urşundan soňra peýda bolupdyr. Mobil telefony döretmek hakyndaky taglymy ATT şereketiniň “Bell Laboratories” tejribehanasy barlag geçirmek üçin hödürläpdir. Olaryň maksatnamasyna awtoulaglar üçin telefonlar girip, iýmitlendiriş çeşmesi hökmünde hem hut akkumulýator göz öňünde tutulypdyr.

Ýöne 70-nji ýyllarda şeýle telefonlaryň agramy 1215 kilo aşak düşdi we oňa diňe awtoulaglarda zarýad bermek mümkindi. Soňra, mobil telefonlary döretmek bilen meşhur “Motorola” şereketi meşgullandy. Onuň esaslary bolsa, tehnologiýa boýunça ýaş hünärmen Martin Kuper 1954-nji ýylda täze portatiw aragatnaşyk abzallaryny döretmek bilen iş salyşýan ýörite bölüme ýolbaşçy bellenenden soň başlapdyr. Onuň baştytanlygynda 1967-nji ýylda ýaşlardan ybarat bolan uly bolmadyk inženerler topary ykjam polisiýa rasiýasyny döredipdir. Oňa mobil telefony döretmek hakynda pikir gelýär. Ilki ony işdeşleriniň hiç biri goldamandyr. Ýaş oýlap tapyjy Martin Kuperiň şunuň ýaly jübä salyp boljak kiçijik telefonyň bolup biljekdigi baradaky taglymyna hiç kim ynanmandyr. Bularyň üstesine hem şeýle tele­on simsiz bolmaly. Şeýle enjam ulanylanda telefon budkasynyň zerur däldigine hiç kim düşünmändir.

 Diňe bir Amerikanyň ýaşaýjylary üçin däl, eýsem, bütin dünýäniň ýaşaýjylary üçin möhüm taryhy waka bolan 1973-nji ýylyň apreli ýetip gelipdir. Nyu-Ýorkda bäş gat­ly bi­na­nyň üçe­gin­de il­kin­ji ara­gat­na­şyk be­ke­ti­niň esa­sy gur­lup­dyr. Aýyň üçün­ji gü­ni oý­lap ta­py­jy­nyň özi Joe­ly En­gel köçesinden simsiz mobil telefony ulanyp, bäsdeş şereketi  ATT-iň ylmy barlag bölüminiň müdirine jaň edipdir. Sebäbi bu şereket biraz öňräk mobil aragatnaşygyny ýola goýup, haýyrlanmaga başlapdy. Emma şunuň ýaly telefony ulanmakda işjeňligi we amatlylygy jähetden “Motorola” şereketiniň işgäri Martin Kuperiň telefony has ýokary derejede bolup çykýar. Onuň Nýu-Ýorkuň köçesinde, elinde saklap duran ilkinji mobil telefonyndan aýdan sözleri belent buýsanç duýgusy bilen ýaňlanypdyr. Täze enjam “Motorola Dyna  Tac” atlandyrylyp, agramy 1,15 kilogram bolupdyr.  Şeýlelik-de, bu adam şu günki gün biziň her birimizde bar bolan kiçijik we owadan telefon enjamlary bilen begendirýän kommunikasion aragatnaşygyny bütinleý özgerdipdir.

HTTU-nyň tabyby
Amanmyrat Hudaýberdiýew
Okalan sany: 426   Jogaplar: ( 8 )

Betman
13 марта 2013

Telefony oýlap tapan alyma köp minnetdar,goodyzyny ýöredýänlere-de, gowuja telefolar çykaryp adamlaryň baryny telefonly etdiňiz

NEXTTM
13 марта 2013

halladym ♥, şeýdip senem barlygyňy görkezip dur! Amanmyrat Hudaýberdiýew näçinji kursda okaýar, Berekella!!!good

permann
13 марта 2013

Wagtynda uly telewony nädip ullandylarka, hallandy awtor good

shutnick
13 марта 2013

da, telefonsyz ýaşamak gaty kyn boldy sag bolsun,  hallandy++dance

shutnick
13 марта 2013

 erbedem däl gowuja gelişýär, häzirem moda höküminde ulansaň boljak ýöne diňe öýde,good

playboy
13 марта 2013


playboy
13 марта 2013

telefonsyz durmusy gozonune getirmek mumkin dal

shutnick
14 марта 2013



О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04341 sek. ýüklenen baýt: 35831