Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň bank ulgamy dünýäde öňdebaryjy orunlara çykýar.
Ýazylan wagty: 15 марта 2013 Ýazan Krassavchik
“Senagat” paýdarlar – täjirçilik bankynyň Ženewada Halkara işewürlik assosiasiýasynyň (Business Initiative Directions) howandarlyk etmeginde Hil boýunça halkara konwensiýasynyň (B.I.D.) hil, öňdebaryjylyk, tehnologiýalar we innowasiýalar bilen bagly toparda halkara sylagynyň “Altyn” derejesine eýe bolmagy soňky günlerde milli bank ulgamyndaky möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Şeýle hem Türkmenistanyň bankynyň wekillerine degişli sertifikat gowşuryldy. 

Bu waka Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde Türkmenistanda maýa goýumlary babatdaky işjeňligi artdyrmakda we ýurdumyzyň ykdysady taýdan yzygiderli ösüşe eýe bolmagyny üpjün etmekde bank ulgamynyň ornunyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeleriň halkara bilermenleri we seljerijileri tarapyndan oňlanýandygyny we muňa oňyn baha berilýändigini görkezýän subutnamalaryň birine öwrüldi. 
Mälim bolşy ýaly, bank ulgamyny kämilleşdirmek türkmen döwletiniň Baştutanynyň bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilmegine we ýurdumyzyň mundan beýläk-de dünýädäki hojalyk gatnaşyklarynyň döwrebap ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň esasy jähetleriniň biridir. “2011-2030-njy ýyllarda bank ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmegi anyk netijeleri gazanmagyň we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmegiň ýolundaky wajyp ädimleriň birine öwrüldi. 

wagtda ol maksatnama laýyklykda ýurdumyzyň banklary ykdysadyýetiň pudaklaryna berilýän karzlaryň möçberini artdyrmak, banklaryň maliýe hasabatlaryny halkara standartlaryna geçirmek, has kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bankara we halkara hasaplaşyk-töleg ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksada okgunly işleri alyp barýarlar. 

Şeýle hem bank kartoçkalary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleriniň artdyrylmagyna, orta we kiçi telekeçilige karz berilmeginiň ösdürilmegine, ipoteka boýunça karz berilmegine, bankyň täze önüminiň ornaşdyrylmagyna we hyzmatlaryň hiliniň has ýokarlandyrylmagyna, bank işgärleriniň hünär ussatlygynyň derejesiniň artdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Umuman alanyňda, bank ulgamynyň gurluşynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň yzygiderli we utgaşdyrylyp ösdürilmegini üpjün etmäge mümkinçilik döredýär. 

“Senagat” paýdarlar – täjirçilik banky Türkmenistanyň esasy täjirçilik banklarynyň biri bolup, 1989-njy ýyldan bäri işleýär we milli ykdysadyýetiň ösüşine önjeýli goşant goşýar. Häzirki wagtda bank milli we daşary ýurt walýutalarynda hasaplaşyklary geçirýär we şol bir wagtyň özünde karz bermek baradaky maksatnamalary, taslamalaryň maliýeleşdirilmegini ösdürip, ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetindäki ornuny pugtalandyrýar. Ýeri gelende aýtsak, “Senagat” banky ilkinjileriň biri bolup, kiçi we orta telekeçilige maliýe taýdan goldaw berip ugrady. Bankyň hyzmatlaryndan hususy telekeçiler, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, hususy telekeçiligiň, bilelikdäki kärhanalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri peýdalanýarlar. 
Mälim boşy ýaly, Hil boýunça halkara konwensiýasy Business Initiative Directions (B.I.D.) garaşsyz halkara guramasynyň her ýyllyk maksatnamalarynyň biri bolup durýar. Dünýäde korporatiw işewürligiň imijine goldaw bermek boýunça bu iri kompaniýanyň esasy işi ähli ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynda hiliň medeniýetiniň ýaýradylmagyna gönükdirilendir. Hil boýunça halkara konwensiýasy işiň dürli ugurlarynda kompaniýalaryň, guramalaryň we hünärmenleriň bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmegine gönükdirilendir. Olara gazanan ýokary netijeleri üçin altyn, platina, göwher derejeleri boýunça sylaglar gowşurylýar. 

Her ýylda (geografiki taýdan haýsy ýerde ýerleşýändigine garamazdan) hyzmatlaryň we önümçiligiň dürli ugurlary boýunça kärhanalar we guramalar Business Initiative Directions guramasynyň halkara baýraklary bilen sylaglanýar. Şu ölçegler: müşderini kanagatlandyrmak; kommunikasiýalaryň strategiýalary; bençmarking (kompaniýanyň öz işini gowulandyrmak maksady bilen onuň netijeli hereket etmeginiň bar bolan mysallaryny kesgitlemek, oňa düşünmek we uýgunlaşdyrmak); maglumatlar we serjeriş; pudakda öňdebaryjy orunlary eýelemek, meýilleşdirmek; işgärler we olaryň hünär ussatlygyny yzygiderli artdyrmak; ýokary ykdysady netijeler; hil boýunça ISO halkara standartlaryna laýyk getirmek boýunça ýokary görkezijileriň gazanylmagy sylagy almak üçin esas döredýär. 

ýylda sylaglamak dabarasyna dünýäniň 74 ýurdunyň kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem işiň dürli ugurlary boýunça öňdebaryjylar, ykdysadyýet, sungat, korporatiw imij boýunça hünärmenler, hil boýunça bilermenler we diplomatik korpusyň wekilleri gatnaşdylar. 

“B.I.D.” guramasynyň saýlap-seçýän komiteti CQE Century International Quality ERA Halkara baýragy bilen sylaglanmaga mynasyp kompaniýalary ozal sylaglanan kompaniýalaryň arasynda ses berilmegi esasynda ykrar edýär. Guramalaryň haýsysyny sylaglamak baradaky gutarnykly çözgüt CQE Century International Quality ERA saýlap-seçýän komiteti tarapyndan Hiliň Modeliniň (Total Quality Management) ýörelgeleri esasynda kabul edilýär. 

hem telekeçilik kommunikasiýasy boýunça bilermenleriň “B.I.D.” halkara guramasyndan maglumatlar gelip gowuşýar, şol bilermenler inženerlerden, ykdysatçylardan, fiziklerden, arhitektorlardan, aklawjçylardan, žurnalistlerden, sosiologlardan we psihologlardan ybaratdyr. Bu hünärmenler köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, metbugat we makalalar, mahabat we sergiler, önümçilik marketingi boýunça kärhanalar we uniwersitetler, ilçihanalar we söwda edaralary, telekeçilik wekilhanalary ýaly köp sanly şahsy we jemgyýetçilik çeşmelerini öwrenýärler. 

Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar-täjirçilik bankynyň üstünlikleriniň ykrar edilmegi bankyň öz ugry we işewürlik ulgamy boýunça eýeleýän orny we öňdebaryjylygy baradaky maglumatlaryň ýaýradylmagyna düýpli esas döredýär. 

Bu abraýly halkara sylagyny gowşurmak dabarasynda bellenilişi ýaly, “Senagat” banky ýagdaýlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegini we işewürlik dünýäsinde öňdebaryjy ornuň eýelenmegini ugur edinýän ussat hünärmenleriň toparydyr. Bu waka Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen we anyk netijeleri berýän oňyn ykdysady özgertmelere esaslanýan strategiýasynyň üstünlige getirýändigini aýdyň görkezýän ýene-de bir subutnamadyr.
Okalan sany: 1076   Jogaplar: ( 3 )

NEXTTM
15 марта 2013

Türkmenistanda ekanomikanyň ösdürilmegi we täjirlere üns berilmegi türkmen halkynyň azarsyz bizarsyz baý ýaşamagyna getirer. sagbol ♥!

marala
15 марта 2013

halladym+, bizde ol durmuşda ýaşamak üçin ulydan uly söwada merkezleri gurulmaly özem el ýeter bolmaly, ana şondan döwlete girdeýjili bolar we halk üçinem banklaram biraz kredit bermekde tijenmeli, häzir bir banka kredit ber diýip barsaň aňsatlyk bilen berenoklar, nädip onsaň.......scratch_one-s_head

Krassavchik
15 марта 2013

maral bagyshlan welin bank uglamlara kredit diyip yuzlenmane baranda arkayin kabul edyaler ozum alam son bilyan!!!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11150 sek. ýüklenen baýt: 41202