Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Adaty karate—Sungatdyr!
Ýazylan wagty: 15 марта 2013 Ýazan NEXTTM
Gadyrdan sporty söýüjiler, NextTM.com saýty, sportyň ýene bir görnüşi bolan adaty karate-sungatdyr diýen  temasyny size ýetirýär.

Gündogaryň ajaýyp sungatlaryny öwrenmekde biz ýaňy ilkinji ädimler ädip başladyk. şu gün ençeme asyrlap toplanan we karate sungatyna siňen ruhy baýlygy yitirmezlik esasy wezipe bolup durýar.

Wagtyň geçmegi bilen karate bolan garaýyş üýtgeýär. Kitaplardan we wideofilmlerden öwrenen  käbir türgenleşdirijiler karate sungatynyň hçjçm ediş tärlerine aýratyn üns berip, karateni asyl nusgasyndan - ruhy dünýäsinden özüçe janlandyrýarlar. Bu bolsa karate bolan ters garaýyşlary ýüze çykarýar.

Karate – munuň özi adamyň bedenine oňaýly täsir edýän tutuş bir ulgamdyr. Ussat halypalar karateniň sagaldyş taraplaryna (emellerine) aýratyn üns beripdirler. 
Sport, hasiýetine we gatnaşýan adamyň sanyna  görä, iki görnüşe bölüňýär: Şahsy we Toparlaýyn görnüşleri. Sahsy görnüşde ýekelikde we toparlayýn görnüşde bir näçe türgen bolup çykyş edilýär. Toparlaýyn görnüşe futbol, woleýbol, basketbol we suňa meňzeşler mysal bolup biler. 

Adaty karate adam sanyna görä iki görnüşe hem degişlidir. Onda şahsy Katada, şahsy tutluşykda we Fuku-go-da (emelleriň ýygyndysyny amal etmek we soňra tutlusykda çykyş etmek) ýekelikde çykyş edilýär. Toparlaýyn Kata we toparlaýyn tutluşykda  üç türgen we En-Bu-da iki türgen çykyş edýär. Ýeri gelende aýtsak, adaty karate Dünýäde 13 sany görnüşden ybarat bolan ýeke-täk sungat derejesinde kämilleşen sportuň görnüşidir.  

Adaty karate boýunça ýaryşa gatnaşýan türgenleriň beden agramy hasaba alynman, olar ýaş aýratynlyklaryna görä çykyş edýärler. Bu bolsa adaty karateniň sungat derejesinde has kämilleşendiginiň göz-göni subutnamasydyr.
  
Häzirki wagtda karate baradaky garaýyşlar has kämilleşdi. Indi goranyş tärlerinde adamyň içki güýjüniň (energiýasynyň) çepden-saga gapma-garşy gysylýandygy we urgy edilende içki güýjüniň bir ugur boýunça öňden-yza gysylýandygy anyklanyldy. Tutluşykda ýa-da katada beden hereketi gutaransoň hem beýniniň güýji öz "hereketini" dowam edýär. Şol beýniniň güýjüni kesmeli däl, ony kesmeklik adamyň saglygyna, bio-meýdanyna ters täsir edýär. Halypa H. Nişiýama Don Warrener bilen söhbetdeş bolanda "50 ýyldan gowrak türgenleşik geçenimden soň, men has kiçi güýçden has uly güýji almaklygyň tärlerine" aýratyn üns berip başladym diýip belleýär.

 Şeýlelikde, usatlygyňyz näçe ýokarladygyça hereketleriňiz gysga we öwrümli bolmaly. Mydama tirsegiňiz hara nokadyna golaý bolmaly, ýogsam içki güýjüňiz tirsekden daşa gidýär. Tirsek bilen haranyň arasynda boşluk bolmaly däl. Her bir hereketde ýerden güýç almaly we şöhleler içiňden sykylyp çykmaly. Şöhleleriň has durnukly bolmagy üçin göwräňi ilki öňe we soňra ters tarapa öwürmeli. Her bir hereketde dowamlylyk bolmaly: amal+kiýýa+kime. Kiýýada adamy heläk edip biljek uly güýç jemlenýär, ol gülki ýa-da başga bir ses däl. Kiýýa etmekligiň öz wagty bar, ýogsam ol böwrüňden deşip çykar. Kiýýa diýip gygyran wagtyňyz agzyňyzy dogry açmaly. Bu sesiň özünde hem güýç (energiýa) bolup, ol adamyň güýjüni 7 esse artdyryp bilýär. Kiýýanyň has täsirli bolmagy üçin dabanyň bilen ýeri batly basmaly we gygyrmak üçin güýji ýerden, haradan, arkadan almaly. Her hereketde bir kiýýa ulanmaly. Kiýýa barha batlanmaly. Bu ses bilen garşydaşyňyň depginini üýtgetmäni başarmaly. 

Türgenleşik wagtynda üç sany güýjüň: ruhy güýjüň (beýnide, ýokarda ýerleşýär), adamyň içki güýjüniň (hara nokady-ortada-merkezde ýerleşýär) we ýeriň güýjüniň (aşakda, ýerde ýerleşýär) bir nokada jemlenmegini gazanmaly. Bu dikligine (wertikal) ýerleşen güýçler birligi. Şeýle-de amallar ýerine ýetirilende bedeniň we onuň bio meýdanynyň keseligine (gorizontal) ýerleşen güýçlerini ulanmalydyrys. Dikligine (wertikal) we keseligine (gorizontal) ýerleşen güýçleriň akymyny bir ýerik, bir nokada jemläp, şol bir pursatda ulanmaklyk adamyň güýjüni has hem artdyrýar. Edil şol pursatda adamyň mümkinçiligi has hem giňär. Adamyň güýjüni "kiýýa" gykylygy hem ep-esli artdyrýar. Şeýdip türgenleşik geçilse, adamyň ruhy dünýäsiniň çesmeleri birin-birin açilýar we ol adamzat üçin örän bähbitli bolýar. 

Adaty karate sungatynda ýeňiş–ruhy güýç bilen has kämilleşen beden sazlaşygynyň ýeňşidir, sebäbi Dünýä derejesindäki ýaryşda ruhy güýç has kämil bolmasa, ýeňiji bolmak asla mümkin hem däldir.  
Şeýlelik-de, adaty karate sungatynda beýniň güýji esas edip alynýar we ony hiç hili ölçeg arkaly ölçäp bolmaýar. Gynansakda, ka halatlarda, karate, taýekwon-do, hapkido, aýkido, söweş sungatlaryny mawy ýaýlymda (ekranda) synlaýarkaň türgenleriň ikiçäk ýa-da toparlaýyn çaknyşygyna gözüň düşýär.

Okalan sany: 361   Jogaplar: ( 4 )

marala
15 марта 2013

Men kerateý kino gýrenimde näme üçin kiýa diýip gygyrp urşýandygyny bilemokdym, asla gygyrmagyň özi bir ruhyňy beýgeltýän güýç eken , şu wagta çenli dogrymy aýtsam bimedim, minnetdar ýetirip dur++++ good

Betman
15 марта 2013

Öwrenäýmeli zatlara bar ýöne, günde öküz ýykyp ýören obanyň pälwany bilen güýçli kiýa diýip, öňe saýlanýan karateýs urşsa kim ýeňer, elbetde oba-da öküz öldürip ýören ýeňer,. 

shutnick
15 марта 2013

biziňem başymyz çykýar karateýdan ýöne bizä gygyryp ýöremizok, umuman türkmenistanda-da karete gaty üns berilýär, häzirki ýaşlaryň köpüsi karate bilen meşgullanýarlar, halladym

Mayichka
21 марта 2013


Her bir sporta şeýle düşünjeler ylmy tarapdan berilse gowy bolardy.Başga-da çagalar okap düşüner ýaly türkmen elipbiýinde ýazylan sport kitaplarymyzyň sany köpelse hoşal bolardyk.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13508 sek. ýüklenen baýt: 37048