Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTAN – BMG: TEBIGATY GORAMAK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK
Ýazylan wagty: 01 августа 2014 Ýazan NEXTTM

TÜRKMENISTAN – BMG: TEBIGATY GORAMAK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK

Şu gün, 1-nji awgustda Aşgabatda “Ýerleriň zaýalanmagyna ykdysady baha bermek” atly sebitara maslahat açylýar. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi we Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş baradaky Konwensiýasynyň Sekretariaty bilen bilelikde guralan forumyň işine ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlary, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Tehniki hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň, beýleki halkara guramalarynyň we ýöriteleşdirilen düzümleriniň hünärmenleri gatnaşar.

Mälim bolşy ýaly, daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmekde işjeň orny eýeleýän Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň möhüm meseleleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda we beýleki iri halkara forumlarynda öňe süren halkara başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak, Araly halas etmek boýunça BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipler, şeýle hem milli Liderimiziň bütin dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan beýleki başlangyçlary bar.

Şu maslahatyň gün tertibine BMG-niň çölleşmäge garşy göreşmek baradaky Konwensiýasyna iş ýüzünde durmuşa geçirmäge degişli meseleler girizildi. Bu konwensiýa dünýäniň 200-e golaý ýurdunyň, şol sanda Türkmenistanyň tassyklan daşky gurşawy goramak hakyndaky möhüm halkara ylalaşyklaryň biridir. Halkara, sebit, milli we ýerli derejelerde döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalaryny birleşdirmek maksadynda döredilen Konwensiýada käbir döwletleriň durmuş-ykdysady abadançylygyna gönüden-göni täsir edýän çölleşmek we gurakçylyk bilen baglanyşykly möhüm ekologiýa meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmeler hödürlenýär. 

Hut şu deňagramly ösüş ýörelgesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň we tebigaty goraýyş syýasatynyň, Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň esasyny düzýär. Suw we ýer serişdelerini rejeli ulanmak, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak,  ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, bagy-bossanlyga öwürmek, süýşýän çägeleri berkitmek, biologiki köpdürlüligi aýawly saklamak, tebigaty goramak ulgamyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek babatda ýurdumyzyň oňyn tejribesi bardyr. Häzirki wagtda sebit we dünýä derejesinde bu  tejribä uly gyzyklanma bildirilýär. 

Munuň özi, ilkinji nobatda, Garagum çölüne degişlidir. Bu täsin çöl  özboluşly haýwanat we ösümlik dünýäsini, ägirt uly tebigy baýlyklary – giň öri meýdanlaryny, syýahatçylyk serişdelerini, iňňän uly energetika gorlaryny özünde jemleýär.  Merkezi Garagumda “Altyn asyr”  Türkmen kölüniň gurluşygy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada ekologiýa howpsuzlygynyň ygtybarly esaslaryny döretmek  baradaky wezipeleriň netijeli çözülmeginiň aýdyň mysalydyr. Bu deňi-taýy bolmadyk maýa goýum taslamasy suwarymly ýerleriň ýagdaýyny düýpgöter gowulandyrmaga, ýerleriň şorlaşmagy, batgalyga öwrülmegi we gurakçylyk bilen baglanyşykly meseleleriň köpüsini çözmäge gönükdirilendir. 

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekin meýdanlaryndaky şor suwlary zeýkeşlere ýygnamak üçin niýetlenen ägirt uly gidrotehniki toplumyň ilkinji nobatdakysynyň işe girizilmeginden soň geçen  bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda oňa ýanaşyk ýerler tanalmaz derejede özgerdildi. Şol ýerlerde ýaşyl zolaklar peýda boldy, suw howdanlarynda bolsa balyk ýetişdirilýär.  Çölüň ägirt uly meýdanlaryny suw bilen üpjün etmegiň, öri meýdanlaryny giňeltmegiň hasabyna maldarçylygy ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Türkmen kölüniň gurulmagy netijesinde göçüp-gonýan guşlar, şeýle hem seýrek duş gelýän toýnakly haýwanlaryň – üstýurt dag goçlaryň, gulanlaryň, jerenleriň köpelmegi üçin amatly şertler döredildi.  Şol haýwanlaryň köpüsi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. 

“Howanyň üýtgemegi baradaky milli strategiýanyň”  hem-de “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň”  çäklerinde uly işler amala aşyrylýar. Şol maksatnamalar türkmen topragynyň täsin tebigatynyň köpdürlüligini we gözelligini aýawly saklamaga hem-de artdyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki müňlerçe gektar meýdanlarda ynsan eli bilen döredilen ýaşyl zolaklar ýaýlyp gidýär. Her bir ilatly ýeriň, esasy awtomobil we demir ýollaryň ugrunda peýda bolýan tokaý zolaklary oňaýly howa şertlerini döredýär, tomsuna şäherleri we obalary Garagumuň jöwzasyndan, gyşyna bolsa aňzakly ýellerden goraýar. 

Garagum çölüniň goraghana zolaklaryna hem aýratyn üns berilýär. Geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň demirgazygynda “Bereketli Garagum”  döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Onuň umumy meýdany 87 müň 800 gektara barabardyr. Döwletimiz tarapyndan aýratyn goralýan çäkleriň ösdürilmegi ekologiýa ulgamyndaky toplumlaýyn ylmy barlaglary geçirmekden, tebigatdan rejeli peýdalanmagyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamakdan başga-da, ýurdumyzyň ägirt uly syýahatçylyk kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam eder, gurak zolaklar şertlerinde ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin esas döreder. 

Şunuň bilen baglylykda,  BMG-niň çölleşmäge garşy göreşmek baradaky Konwensiýasynyň Milli utgaşdyryjysy bolan Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň  hem-de çölleşmek meselelerini çözmek boýunça Merkezi Aziýada  iri ylmy-barlag merkezleriniň biri bolan Çöl, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň üstüne örän wajyp wezipeler ýüklenýär. 

Iki günlük maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek ulgamynda toplanan dünýä tejribesini, tebigy serişdeleri dikeltmäge we goramaga gönükdirilen birnäçe halkara taslamalarynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşarlar, tebigaty goramak işine ykdysady baha bermegiň häzirki zaman usullary bilen tanşarlar,  Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýer serişdelerini dolandyrmak  baradaky başlangyjy maksatnamasynyň çäklerinde geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrarlar. 

Maslahat 2-nji awgustda tamamlanar.
Okalan sany: 1108   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05480 sek. ýüklenen baýt: 37369