Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
GÖZEL SEN .
Ýazylan wagty: 15 марта 2013 Ýazan Marala
  
GÖZEL SEN
 
Gün hanjary gökden ýere inende,
Güne garşy dogan Aýy, gözel sen!
Ussa Jagfar işi, senjap jüppesi,
Yspyhanda gurlan ýaýy, gözel sen!
 
Saçbagyň ujunyň simdir işmesi,
Üstüňden ýol düşse, kyndyr aşmasy,
Agzyň aby-haýat, Zemzem çeşmesi,
Aýn-al baky suwnuň laýy, gözel sen!
 
Gyzyl diýsem – gyzyl, al diýsem – al sen,
Hindistanda – şeker, Bulgarda – bal sen,
Yşk bilen açylan bir täze gül sen,
Ýusup-Züleýhanyň taýy, gözel sen!
 
Her kim güýçli bolsa, oňa “pir” diýrler,
“Dertli guluň dermanyny biýr” diýrler,
“Gawunuň ýagşysyn şagal iýr” diýrler,
Ýkbally bendäniň paýy, gözel sen!
 
Owazyň Çyn-Maçyn, daglar aşasy,
Seni görenleriň akly çaşasy,
Hindistanyň reňkli gyzyl şişesi,
Suraýy çilimniň naýy, gözel sen!
 
Magtymguly halkdan syryn gizlese,
Dişini uşadyň, ýalan sözlese,
Owalda, ahyrda eýäm gözlese,
Garyp biçäräniň paýy, gözel sen
 Gadyrdan ildeşler, şahyr Magtymguly atamyz öz goşgy setirleri bilen türkmen gelin-gyzlarymyzyň owadanlygyny wasp edip ýazypdyr.   
Okalan sany: 319   Jogaplar: ( 2 )

Betman
15 марта 2013

Artdyr pelek ah-u zaryň,Alar elden ygtyýaryň,Magtymguly, söwer ýaryňSyýa zülpi tar gerekdir.,, Şu goşgusam erbet däl, gawunyň gowusyny şagal iýer diýeni ýaly owadanlygam gyzlara gerek ýaly,,, oglanlara-da azajyk owadanlyk goýyňa, ýa bilmedim gyzla,r oglanlaryň yzyndan ýetjek bolýarmyka. 

shutnick
15 марта 2013

Magtymguly şahyryň aýdan-ýazan zatlary kän bolmaly intägem, sagbolsun!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04920 sek. ýüklenen baýt: 30799