Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Ägirt surat.
Ýazylan wagty: 03 августа 2014 Ýazan Sasoltan


Häzirki döwürde dünýäniň dürli künjeklerinde surat çekmegiň dürli-dürli usullery peýda boldy. Surat çekmek bilen uly ýaşly adamlar hem, ýaşlardyr çagalar hem meşgullanýarlar. Soňky ýyllarda dünýäniň uly şäherleriniň köçelerinde, jaýlaryň diwarlarynda surat çekmek ýoň boldy. Bu dürli temadaky suratlar şäherleriň ýaşäýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň ünsüni ozone çekýär. Golaýda Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäheriniň kommunikasiýalar uniwersitetiniň öňündäki meýdançada hemmeleri haýran galdyran täsin surat peýda boldy. Şol ýerde dünýädäki iň uly köçe surety çekildi. “Ŷaşlaryň owazy” diýlip atlandyrylan bu suratyň umumy uzynlygy 365 metre, tutýan meýdany bolsa 2737,5 inedördül metre barabardyr. Bu özboluşly eseri suratkeşleriň onlarçasy 20 günüň dowamynda döretdiler. Şeýlelikde, halk döredijiliginden peýda bolan bu surat Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Okalan sany: 382   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
03 августа 2014

Berekella, gyzykly maglumat bilen tanyşdyranyñyza sagboluñ.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07534 sek. ýüklenen baýt: 30217