Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Iň gadymy awtoulag
Ýazylan wagty: 03 августа 2014 Ýazan Sasoltan


1884-nji ýylda çykarylan “De Dion Bouton Et Trepardoux” awtomobili häzirki wagtda dünýäde ýöräp duran iň köne awtoulag hasaplanylýar. Ŷaňy-ýakynda auksionlaryň birinde üç tigirli awtoulag 4 million 620 müň dollara satyldy. Köne ulag serişdesi üçin bu örän ýokary bahadyr. Bu awtomobiliň söwdasy “RM Auctions” söwda öýi tarapyndan guraldy. Auksiony guraýjylaryň deslapky hasaplamalaryna görä, bu köne awtomobil 2-2,5 million dollara satmak meýilleşdirilýärdi, ýöne bu täsin ulagy satyn almak üçin göz öňünde tutulandakysyndan iki esse köp tölemäge isleg bildiren alyjy tapyldy. Auksion öýi bu awtomobiliň bütin taryhynyň dowamynda onuň bäşinji eýesi bolan alyjynyň adyny aýtmakdan ýüz öwürdi. Amerikanyň auksionyna çykarylan bu haryt hakykatdan hem täsindir. “De Dion” 20 sany möçberinde çykarylan üç tigirli awtoulaglaryň häzire çenli saklanyp galan, 6-awtoulagyň biridir.

Okalan sany: 407   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
03 августа 2014

Tâsin habarlar barada ýazýañyz. Ýene-de garaşýarys, ýetirip duruñ.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14198 sek. ýüklenen baýt: 29535