Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
„Baýramaly“ kombinatynyň durky täzelenilýär
Ýazylan wagty: 16 марта 2013 Ýazan Krassavchik
Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde azyk senagatynyň iri kärhanasynda – Türkmenistanyň Azyk senagaty assosasiýasynyň „Baýramaly“ açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde geçen ýylyň ortalarynda badalga alan iri göwrümli durkuny täzelemek işleri dowam edýär. 

Kärhannayň esasy binasynda gurluşyk we abatlaýyş işleri eýýäm tamamlandy. Süýt we et öndürýän önümçilik bölümlerini tehniki taýdan enjamlaşdyrmak doly güýjünde alnyp barylýar. Kuwwatly sowadyjy enjamlar, guýujy ulgamlar, önümleri gaplamak gurnalýar. Ýurtd öndürilýän azyk harytlaryny arasynda durky täzelenen bezeg bilen gernetiki gaplarda et we süýt önümleri peýda bolar. Bu önümler özüniň tagamlylygyny we önümiň ýokumlylygyny uzak wagtlap saklamaga ukyply bolar. 

„Baýramaly“ açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şöhlat önümleriniň täze görnüşleriniň hasabyna, şeýle hem türşumtyksüýt önümleriniň (aýran, gatyk, ýogurtlar), gaýmagyň, peýniriň, pasterizileşdirilen süýdüň, sliwkanyň, mesge ýagynyň et-süýt önümleriniň görnüşlerini ep-esli giňelder. Netijede kärhananyň durkunyň täzelenmegi netijesinde önümi gaýtadan işlemegiň kuwwatlylygy ýylda süýt 6000 tonna çenli we et 210 tonna çenli artar. 

Şeýle hem „Baýramaly“ kärhanasynyň çäklerinde durmuş maksatly binalaryň durky doly täzelendi, täze abatlaýyş ussahanalary, ulag goýulýan ýer, energiýa tygşytlaýjy, ýangyna garşy göreş desgalary guruldy. Kärhannayň durkuny täzelemegiň çäklerinde täze dolandyryş binasyny gurmak göz öňünde tutulýar. 

ASA azyk senagatynyň desgasynyň durkuny täzelemek işleri ýurduň hususy böleginiň wekillerine – „Toýly-Anna“husuy kärhanasynyň hünärmenlerine ynanyldy. Kärhananyň durkuny täzelemek işlerini 2015-nji ýylyň ortalaryna tamamalamak meýilleşdirilýär.
Okalan sany: 288   Jogaplar: ( 2 )

Betman
18 марта 2013

Bu kombinatyň durkyny täzelense, içinde işleýän işçileriň hasam höwesi artar, gaty peýdaly iş+++

Krassavchik
19 марта 2013

dogy aydyanyz!!!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03428 sek. ýüklenen baýt: 32433