Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Türkmenistan döwletinde bedenterbiýe sapaklary
Ýazylan wagty: 16 марта 2013 Ýazan NEXTTM
Hormatly agzalar,Türkmenistan döwletinde bedenterbiýe sapaklaryny orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna  ders hökmünde  girizilmegi  diňe bir okuwçylaryň we talyplaryň  saglygyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem türkmen  sportunyň  ösüşine  hem-de ýurdumyzda sagdyn, ruhubelent, döwrebap, watansöýüji ýaş nesliň terbiýelenmegine uly itergi berdi .
     Maksada okgunly we talabalaýyk geçirilýän bedenterbiýe sapaklary çagalar üçin has peýdalydyr. Olar çagalaryň saglygyny berkidýär, bedeniň dürli dümewleme kesellerine bolan garşylygyny ýokarlandyrýar, bedeniň dem alyş we gan aýlanyş ulgamlarynyň işini sazlaşdyrýar, oňatlaşdyrýar hem-de olarda şatlykly, ruhubelent ýagdaýy döredýär.
     Mekdebe çenli çagalar bilen bedenterbiýe sapaklaryny guramakda we meýilleşdirmekde hökmany ýagdaýda howa şertlerini göz öňüne tutmaklyk örän  möhümdir. Bedenterbiýe sapaklaryny geçirmeklik oňa bolan ykjam taýýarlygy talap edýär. Oňa sapagyň mazmunyny ýazmaklyk, meýilnamasyny taýýarlamaklyk, sapagyň geçiriljek ýerini saýlamaklyk, sport enjamlaryny taýýarlamaklyk degişlidir. Bedenterbiýe sapaklary guralanda we geçirilende kiçi ýaşly mekdebe çenli çagalar üçin özüne çekiji gyzykly, suratlandyryjy oýunlary, mekdebe çenli çagalaryň uly topary we mekdebe taýýarlyk topary üçin bolsa hereketli, ylgaw-ýaryşly oýunlary ulanmaklyk maksadalaýykdyr. 
     Gyş aýlary bedenterbiýe sapaklaryny günüň ikinji ýarymynda gezelenç wagtlary geçirmeklik has hem amatlydyr. Tomus günleri bedenterbiýe sapaklaryny günüň birinji ýarymynda irki gezelençler wagty geçirmeli hem-de günüň ikinji ýarymynda çagalarda endamyňa suw sepelemeli, suwa düşmekligi ulanmaly. Howanyň gyzgynlygy +25C0 derejeden ýokary bolanda bedenterbiýe  sapaklaryny hökman kölegede, günden ýapyk ýerlerde geçirmeli. 
     Bedenterbiýe sapaklary üç bölümden ybaratdyr. Olar sapagyň taýýarlyk, esasy hem-de jemleýji bölümleridir. 
     Taýýarlyk bölüminiň esasy maksady çagalarda ruhubelentligi artdyrmakdan, olaryň bedenini esasy bölümde beriljek fiziki agram berilmelere taýýarlamakdan ybaratdyr. Şu maksat bilen taýýarlyk bölüminde ýönekeý, çagalara tanyş, görkezeniňde hem-de düşündireniňde köp wagt almaýan, adamynyň endikli duruş ýagdaýynyň ösüşine oňat täsir edýän maşklar ulanylýar. Gyş aýlary taýýarlyk bölümindäki maşklaryň göwrümi, ýerine ýetirilişiniň çaltlygy artdyrylýar. Sapaklary çalt ýöremeklik ýa-da ylgamaklyk bilen başlamaklyk möhümdir. Ýöremeklikden we ylgamaklykdan soňra hemme myşsa toparlary üçin saýlanan umumy ösdüriji maşklar ýerine ýetirilýär. Ilki bilen ellere, eginlere, umuman, aýdanymyzda bedeniň ýokarky bölegine, soňra bolsa bilimize, aýaklarymyza, ýagny bedeniň aşaky bölegine maşklar berilýär.
     Sapagyň esasy bölüminde esasy hereketleri we hereket sypatlaryny terbiýelemek ýaly meseleler çözülýär. Mekdebe çenli çagalarda ýokary fiziki işjeňligiň yzygidersiz wagtda saklanýandygyny göz öňüne tutup, sapagyň esasy bölüminiň başynda biraz kynrak hem-de çylşyrymly utgaşmalar bilen ýerine ýetirilýän täze maşklary öwretmeklik has hem peýdalydyr. Çagalara esasy hereketleri öwretmekde dürli enjamlar bilen (baýdakly, taýakly, bökülýän ýüpli, pökgüli) ýerine ýetirilýän we ýöremeklik, ylgamaklyk, bökmeklik, zyňmaklyk, dyrmaşmaklyk hem-de deňagramlylygy saklamaklyk ýaly maşklary düzüminde saklaýan umumy ösdüriji maşklar toplumyny ulanmaly.
     Sapagyň esasy bölüminde esasy ünsi hereket endiklerini we başarjaňlygyny öwretmeklige hem-de hereketiň hilleriniň (çeýelik, çalasynlyk, tizlik, güýç, çydamlylyk, deňagramlylygy saklamaklyk, aşa hereketlilik, utgaşdyryjylyk we ş.m.) ösüşine gönükdirmeli. Howanyň sowuk günleri maşklaryň göwrümi hem-de olaryň ýerine ýetirilişiniň sany artdyrmaly.    
     Sapagyň jemleýji böluminde köşeşdiriji maşklar ulanylýar. Olara aýagyň ujunda, ökjesinde arkaýyn ýöremeklik, dem alyş maşklary, az hereketli oýunlar we ş.m. degişli. Sapagy çagalaryň sapakda goýberen ýalňyşlyklaryny düşündirmeklik bilen tamamlamaly.
     Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri, esasanam, ýarawsyz (saglyk derejesi pes) çagalar bilen  işleýän terbiýeçiler bedenterbiýe sapaklaryny yzygiderli açyk howada geçirmäge çalyşmaly. Açyk howada geçirilýän bedenterbiýe sapaklary bedende madda çalşygyny güýçlendirýär, dikeldiş-okislenme işlerini ýokarlandyrýar, dem alyş we gan aýlanyş ulgamlarynyň işini sazlaşdyrýar.
     Gyş günleri açyk howadaky bedenterbiýe sapaklaryny howanyň amatly şertlerinde geçirmeli hem-de sapaklaryň dowamlylygyny 15-20 min. çenli gysgaltmaly. Sapagyň jemleýji bölümini ýapyk jaýda geçirmeli. Bu bolsa çagalarda ýüze çykýan dümew keselleriniň öňüni alýar.     

Okalan sany: 717   Jogaplar: ( 1 )

shutnick
16 марта 2013

esasy cagalar bagynda gowy taýarlamaly onsoň mekdeplerde, gowy ýazypsyň.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03565 sek. ýüklenen baýt: 33800