Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hyjuwdan doly NOWRUZ
Ýazylan wagty: 18 марта 2013 Ýazan NEXTTM
Hyjuwdan doly NOWRUZ.
Gündogaryň iň gadymdan gelýän toý-baýramlarynyň biri Nowruzdyr. Ol gyşyň sowlup töwerege jan girmegi bilen ýüreklerde dörän heýjanyň baýramy. Çyga garylan toprakdan ýaşyl otlaryň dümterip ösüşini, jadyly düwünçek çözülen ýaly pyntyklar ýarylyp ýaşyl ýapraklaryň çykyşyny, gunçalaryň güle öwrülip, çar-ýanyň dürli owazdan doluşyny gören ýürek neneň heýjana gelmesin?!

„Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda“ diýip ýazan, her görnüşden asyl manyny çykaran beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň nowruzy wasp edýän täsin şygry bar. Şygyrýet sungatynyň bu öçmejek ýadygärligi örän çeper ýazylanlygy bilen haýran galdyrýar hem-de dünýä düşünmäge kömek edýär. 
„Wabeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda“, ýagny guşlar saýrap dil açarlar. Hakykatdanam baharda-ýazda owazlar täsin eşidilýär. 


Gülleriň açylýan döwri Magtymguly Pyragy Allahdan gül ýaly iman dileýär. Ynsanlara ýamanlyk etmekden saklanyp sogap işleri, ýagşy niýetde ýaşamagy ündeýär. On ýedinji asyrda ýaşap geçen bir türkmen şahyrynyň Nowruz bilen baglanyşykly şygyry ýazyp, bu edilen dilegi hemme asyrlara we adamlara degişli ýaly bolup eşidilýär.

NOWRUZ
Nowruz geldi, ýaz geldi!
Saýrak guşlar açdy dil.
Durna bilen gaz geldi,
Oýandy bagda bilbil.

Öwsüp ýazyñ howasy
Bahar toýun toýlaýar.
Guşlañ näzik owazy
Gülleñ başyn aýlaýar.

Çöllerde owlak-guzy
Sährañ bile biteni.
Geýindi türkmen düzi,
Gyzyl-ýaşyl keteni.

Täze ýylyň başlanmagyny we tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz häzirki wagtda-da baky juwanlygyň we galkynyşyň dabaralanýandygyny görkezýär. Nowruz türkmen halkynyň baý däp-dessurlarynyň aýrylmaz bölegi bolup, baharyň gelendigini aňladýan şuglasy bilen daş-töweregiň görküni artdyrýar hem-de biziň her birimiziň güýjümize güýç goşup, kuwwatymyzy artdyryp, ýagşy işleri bitirmäge we döretmäge iterýär.
Bu günki gün ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde — Hazaryň kenarlaryndan başlap, Amyderýanyň giňişliklerine çenli aralykda Nowruzyň özboluşly ruhy we gözelligi duýulýar. 


Şol bir wagtyň özünde, Nowruzyň mart aýynda guralýan dabaralara öz öwüşginini çaýýandygy has aýdyň görünýär. Bu baýramçylygy bellemegiň ýörelgeleri müňýyllyklardan aşyp, biziň günlerimize ýetip geldi we häzirki döwre mahsus bolan dabaralar bilen baýlaşdyrylýar: şonda, Milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz we adatlary wagyz etmek maksady bilen ýerlerde ruhy baýlyga we aň-bilime bagyşlanan çäreler, seýilgählerde konsertlerler, duşuşyklar we söhbetdeşlikler we bäsleşikler hem-de dürli sport çäreleri şowhunly ýagdaýda geçireriler. Howruz baýramyňyz gutly bolsun!

Okalan sany: 365   Jogaplar: ( 2 )

Betman
18 марта 2013

halladym,goodTürkmenistan Nowruz baýramçylygyna gowy taýarlyk görýärler, bu baýramçylykda türkmeniň däp dessurlarylarymyzy dünýä ýaýyp belleýärler, hemmelriň baýramy gutly bolsun!

HEZRET
19 марта 2013

nesip bolsa şaman oduny ýakyp daşyndan aýlanarys, ýaman gyzykly bola ýöne bir az howa ýagynlyrak diýmeseň


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12246 sek. ýüklenen baýt: 33490