Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Nowruza bagyşlanýar
Ýazylan wagty: 19 марта 2013 Ýazan Marala

Türkmenistanda neşir edilen täze kitap “Nowruznama” diýlip atlandyrylýar.

Nowruz - bahar baýramy, dünýäniň köp halklarynda Täze ýyl baýramy hökmünde eýýäm 5 müň ýyldan gowrak wagt bäri bellenip gelinýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagy bilen, Nowruz baýramy UNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeniýeti mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlyk we teklip etmegi netijesinde 2010-njy ýylyň fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji maslahatynda her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek hakynda ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Bu rezolýusiýa laýyklykda Nowruz baýramy halklaryň arasyndaky parahatçylykly gatnaşyklary berkidýän we Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde giňden bellenilýär”.

BMG-niň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Halkara Nowruz gününi (International Day of Novruz) Merkezi, Günorta, Günorta-Gündogar, Alynky, Kiçi Aziýada, Demirgazyk Afrikada, Kawkazda, Ýakyn Gündogarda, Ýewropanyň aýry-aýry ýerlerinde ýaşaýan adamlaryň 300 milliondan gowragy baýram edýär.

Taryhy çeşmeler we arheologik maglumatlar Nowruzyň (“Täze gün”, “Täze ýyl”) ilkinji gezek gadymy dünýä dininiň—zoroastrizmiň döränýerinde baýram edilendigine şaýatlyk edýär. Alymlar tarapyndan eýýäm oduň we suwuň ilkinji protozoroastr ybadathanalarynyň Türkmenistanyň çäginde, has takygy, Murgap deraýasynyň kenarynda ýerleşendigi baradaky maglumatlar tapyldy. Ahuramazdadan täzeligi ilkinji gezek pygamber Zaratuştra (Zoroastr) alypdyr, diniň ady hem onuň bilen baglylydyr.

Zaratuştra Täze ýyl (Nowruz) baýramyny baharda gije-gündiziň deňleşýän wagtyna gabatlapdyr. Bu baýramçylyk baky ýaşaýşyň baýramçylygyna öwrülipdir.

Ýurdumyzyň belli alymlary (taryhçylar, filologlar, dilçiler) žurnalistleri we jemgyýetçilik işgärleri tarapyndan çapa taýýarlanan “Nowruznama” kitabynda Nowruzyň döreýşiniň taryhy, onuň baýram edilmegi bilen bagly däp-dessurlar, türkmenleriň milli toý tagamlarynyň aýratynlyklary hakynda yzygiderli gürrüň berilýär.

Ýaşaýşy berkarar edýän many-mazmunyny saklap galan milli bahar baýramyny türkmen halky özüniň gadymdan gelýän, adamlaryň kalplaryny täzeleniş güýji bilen doldurýan baýramçylyk hökmünde belleýär. Ol halklary dostluk gatnaşyklary bilen baglanyşdyryp, bütin dünýäde hoşniýetliligiň we doganlygyň maksatlaryny berkarar edýär.

Tebigatyň oýanmagyny alamatlandyrýan Nowruz gadymy we häzirki zaman suratkeşleriniň hem ylhamyny joşdurdy. Şahsy ýygyndylarda we dünýäniň muzeýlerinde türkmen suratkeşleriniň bahar peýzažlaryny synlap bolýar, olarda tebigatyň oýanmak we durmuşyň täzelenmek mowzugy örboýuna galýar.

Kitap gadymy tematiki şekiller, häzirki zamanyň belli suratkeşleriniň ajaýyp eserleri bilen bezelipdir. Suratkeşleriň bir topary taryhy çeşmeler boýunça Nowruzy beýan edýän görnüşi ýörite döredipdirler.

2013-nji ýyl türkmen topragynda—bahar baýramynyň mekanynda Nowruzyň halkara derejesinde baýram edilýän ýylydyr. Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen “Nowruznama” hem dünýäniň ähli halklary üçin ajaýyp sowgat bolar. Sebäbi Nowruz asudalygy we abadançylygy, bolçulygy hem-de beýik işleriň we özgerişlikleriň döwrüni alamatlandyrýar.

Okalan sany: 376   Jogaplar: ( 4 )

HEZRET
19 марта 2013

Gutlaýan Nowruz baýramyňyz we Nowruznama atly täze kitap bilen gutlaýan,  

Betman
20 марта 2013

bu kitaby telewizorda bir azyrak görkezdiler, gyzyklandyrdy, galanyny alyp okarsada

permann
20 марта 2013

şu aýtýan kitabyňyzy nireden alyp okap bolýar,

Mayichka
21 марта 2013


Ajaýyp baýram Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!!!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14235 sek. ýüklenen baýt: 42881