Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Berzeňňi şypahanasy
Ýazylan wagty: 23 марта 2013 Ýazan NEXTTM
Biziň ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde şypahanalar saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm pudaklaryň biri bolup hyzmat edýär. G.Berdimuhamedowyň  „Türkmenistan-melhemler mekany“ atly kitabynda her bir şypahana, mineral suwly çeşmeler, palçykly patlawuklar, sagaldyş merkezleri, „Awaza“ milli syýahatçylyk zolagynyň adam saglygyna peýdasy, bejerijilik häsiýetleri barada giňişleýin gürrüň berýär.
Bu edaralar özüniň bejerijilik, saglygy dikeldiş ähmiýeti boýunça halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanýarlar. Türkmen topragy bolsa gudratly ýerlere, şypaly köllere, melhem mekanlara baýdyr. Ýurdumyzyň islendik künjeginde şeýle ýerler bar. Özüniň tebigy aýratynlygy bilen dürli dertlere melhem bolup bilýän, Balkan welaýatynda Mollagara şypahanasy, Lebap welaýatynda Farap şypahanasy, Ahal welaýatynda Arçman we „Ýyly suw“ şypahanalary, Mary welaýatynda Baýramaly şypahanasy özleriniň tebigy aýratynlyklary bilen dürli dertlere melhem bolup, diňe bir öz ilimiziň arasynda däl, eýsem, tutuş dünýä meşhurdyr. Ýurdumyzda bu meşhur künjekleriň geljekde has köp adama hyzmat edip bilmegini gazanmak meselesi biziň hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar.Birki ýyllykda Arçman şypahanasynda täze binanyň we bejeriş merkezi bolan täze suw sagaldyş „Ýyly suw“ şypahanasy, Baýramaly şypahanasy, Farap şypahanasy  açylyp halkymyza ulanylmaga berildi. 

Türkmenistanyň mineral suwlary hem ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde 20-den gowrak çeşmeler (känler) açyldy. Diýarymyzyň günorta-günbatarynda ýerleşýän palçykly patlawuklar hem özleriniň ýokary kesel bejerijilik aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, „Berzeňňi“ şypahanasynyň täze binasynyň gurluşygy, ol ýerde saglygyňy dikeltmek we mineral suwlaryň hem-de amaly tebigy şertleriň üsti bilen keselden saplanmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy. Şonda milli Liderimiz paýtagtymyzyň ilatynyň hem-de beýleki raýatlarymyzyň güniň islendik pursatynda Berzeňňiniň şypaly suwundan peýdalanmak üçin alyp bilmeklerini üpjün etmek maksady bilen şypahananyň ýanaşyk ýerinde ýörite mümkinçiligiň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. 

  Türkmen döwletiniň aladasy bilen gerimi giňeldilip, durky täzelenip ýakyn günlerde halkymyza hyzmat edip başlajak bu şypahana özüniň bejerijilik, saglygy dikeldiş we keselleriň öňüni alyş ähmiýeti boýunça halkymyzyň arasynda uly abraýdan  peýdalanýar. 

“Berzeňňi” şypahanasy Aşgabat şäheriniň günortasynda 7,5 kilometr uzaklykda merkezi Köpetdagyň etek düzlüginde ýerkeşendir. 1967-nji ýylda geologlaryň bu ýerde gözleg-barlag işlerini geçirmeginiň netijesinde dik guýudan mineral suwuň akymy alynýar, ol suw özüniň aýratyn gidrohimiki düzümi boýunça bejerijilik häsiýetine eýe bolupdyr. Şol pursatdan hem Berzeňňi şypahanasynyň taryhy başlanýar. 
Mineral suwly wannalar bilen şypahanada geçirilýän bejeriş toplumy bedeniň güýjini oňat dikeldýär, ýokanç kesellere we agram düşmelere garşylygy artdyrýar, ýürekde we kelle beýnide çylşyrymlaşmalaryň döremeginiň öňüni alýar. 
“Berzeňňi” şypahanasynyň esasy bejeriş faktory özi çykýan sulfatly kalsiý-magniýly minerallaşmasy. Suwyň ýylylygy 360C we düzüminde kükürtwodorod saklaýan mineral suwdyr. Ujypsyz mukdarda mikrogoşundylar bolan ýod, brom, sink, margens saklaýar. Guýunyň suw çykaryjylygy 7 l/sek. suwyň gory 420 m3/gije-gündizde tassyklanan. gidrogeohimiki standart boýunça – suw mineral için bejeriji-naharhana suwdyr. 
Ylmy barlaglaryň görkezişine görä “Berzeňňi” şypahanasynyň  mineral suwy özüniň düzümi boýnça  orsýediň Tula oblastynda ýerleşýän “Krainka” çeşmesiniň suwy, Moskwa oblastynyň “Dorohowo” şypahanasynyň we Gorkiý oblastyndaky Gersin adyndaky şypahanalaryň  mineral suwlary bilen meňzeşdir. 

Mineral suwy bejerişde ulanmaklyk onyň gidroterapewtik häsiýetine esaslandyrlandyr. “Berzeňňi”  şypahanasynyň mineral suwy ýokanç däl keselleriň tapgyrlaýyn dikeldişinde ulanylmalydyr. Ýöriteleşen ion-kation düzüm, gazdoýgunlygy we mikrogoşundylaryň bolmagy bu suwyň giň bejerijilik häsiýetini kesgitleýär. 
“Berzeňňi” şypahanasynyň bejeriji-naharhana suwy höküminde bejeriş amalynda we gaplap dowamly gastritlerde, aşgazanyň we onki barmak içegäniň peselen, kadaly sekretor funksiýasynda, dowamly kolitlerde we enterokolitlerde, bagryň we öt çykarýan ýolaryň dowamly kesellerinde; dowamly jisimleriň alyş-çalyşlygynyň kesellerinde, peşew çykaryjy ýollarynyň dowamly kesellerinde, ýürek-damar, dem-alyş ýollarynyň, bedeniň iýmit siňdiriş agzalarynyň, nerw, bedeniň daýanç-hereket ediş bölekleriniň kesellerinde, deri, allergiki, dürli ýanyklardan soňky ýagdaýlarda ulanylýar. 
Nesip bolsa Berzeňňi şypahanasyna ýylyň bütin dowamynda diňe bir biziň ýurdumyzyň raýatlary däl-de, eýsem beýleki döwletlerden hem adamlar öz saglyklaryny dikeltmäge gelerler. 
Okalan sany: 1265   Jogaplar: ( 3 )

marala
25 марта 2013

Ýurdumyzda açylyp ullanmaga bereilen şypahanalaryň

marala
25 марта 2013

Ýurdumyzda açylyp ullanmaga bereilen şypahanalar gije-gündiz halka hyzmat edýär. Meniň goňşym Myrat aganyň, ýaňy ýakynda Mollagara şypahanasynda bejergi alyp geldi. Myrat aga Mollagara şpahanasynyň özüne gowy peýda berendigini häli şindi aýdyp diýip goýanok.  halladym

Betman
25 марта 2013

Berzeňňi şpahanasynyň häzirki durky bilen öňki durkynyň arasynda göräýmäne bir asyr aýlanan ýaly emma sanlyja wagtyň içinde edilen işleriň netijesi gaty uly, bu şpahana admlar üçin gaty peýdaly,,,. gyzykly s.bl.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05169 sek. ýüklenen baýt: 36319