Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmen samboçylary kämilleşýär
Ýazylan wagty: 23 марта 2013 Ýazan Mayichka

2013-nji ýylda bassyr 3-nji sambo boýunça Orta Aziýanyň çempionaty geçirildi. 2017-nji ýyldaky Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäginde guralan bu bäsleşikde türkmen pälwanlary şowly çykyş edip, milli ýygyndymyzyň umumy toparlaýyn bäsleşikde 1-nji orny eýelemegine mynasyp goşantlaryny goşdular. Şu ýaryşy synlap, türkmenistanly samboçylaryň ýylsaýyn kämilleşýändiklerini we barha ynamly çykyş edýändiklerini görmek bolýar.


  Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti we söweş sungaty federasiýasy tarapyndan guralan bu ýaryşa Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan we Türkmenistandan ussat türgenleriň 100-den gowragy gatnaşdy.Sambo boýunça Orta Aziýanyň çempionatynda garaşylyşy ýaly, türkmenistanly pälwanlar özleriniň başarnyklaryny kemsiz görkezdiler. Orta Aziýa sebitiniň öňdebaryjy samboçylaryny bir ýere jemlän bu bäsleşikde türkmen pälwanlary dürli görnüşli medallaryň onlarçasyna mynasyp boldular.


 Türk­men tür­gen­le­ri er­kek­le­riň we ze­nan­la­ryň ara­syn­da sport sam­bo­sy, er­kek­le­riň ara­syn­da bol­sa söweş­jeň sam­bo bo­ýun­ça je­mi 27 me­da­la (18 al­tyn, 7 kümüş we 2 bürünç) my­na­syp bol­du­lar. Şu ýerde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazanan 27 medalynyň 13-siniň Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplaryna degişlidigini buýsanç bilen bellemek isleýäris. Elbetde, munuň özi 2013-nji ýylyň tomsunda Kazanda geçirilýän Uniwersiada gatnaşmaga taýýarlanýan türkmenistanly talyplaryň sebit ýaryşynyň synaglaryndan üstünlikli geçýändigini görkezýär.


Soňky ýyllarda türkmen samboçylarynyň diňe bir Orta  Aziýa sebitinde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem iň güýçlüleriň hatarynda durýandygyny bellemelidiris.  Sambo boýunça geçen ýyl Minsk şäherinde geçirilen dünýä çempionaty hem munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Şonda biziň samboçy zenanlarymyz altyn, kümüş we bürünç medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Kazanda talyplaryň arasynda geçirilen dünýä kubogynda-da türkmenistanly samboçylar dürli görnüşli medallara mynasyp bolupdylar. Şol üstünlikleriň öz gözbaşyny indi 3 ýyl bäri Aşgabatda geçirilip gelinýän sambo boýunça sebitleýin bäsleşikden alyp gaýdýandygyny aýtmak gerek.  


Yklymyň 26 döw­le­tiniň mil­li as­so­sia­si­ýa­la­ry­ny özün­e bir­leş­dir­ýän Azi­ýanyň sam­bo fe­de­ra­si­ýa­sy eý­ýäm 3-n­ji ýyl Türk­me­nis­ta­na se­bit­le­ýin we­kil­çi­lik­li ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek hu­ku­gy­ny ber­ýär. Yk­lym bo­ýun­ça iri sport gu­ra­ma­sy­nyň Mil­li olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­ne Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän döw­rün­de şeý­le ynam bil­dir­me­gi­niň çuň­ňur äh­miýe­ti bar­dyr. Hormatly Prezidentimiziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek ýa­pyk bi­na­lar­da we söweş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de iri sport des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan­da iň ýo­ka­ry de­re­je­däki ýa­ryş­la­ry ge­çir­mäge müm­kin­çi­lik ber­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem türk­men tür­gen­le­ri­niň hal­ka­ra de­re­je­le­rin­de hem has uly üs­tün­lik­ler ga­zan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýän aja­ýyp sport inf­rast­ruk­tu­ra­sy döre­dil­ýär.



 


Okalan sany: 324   Jogaplar: ( 6 )

marala
23 марта 2013


marala
25 марта 2013

Häzirki wagtada türkmenistanda sporta uly üns berilýär, hat-da täze ýaşaýyş jaý toplumlary bilen bilelikde sport meýdançalarynam guryp berýär, şol sport meýdançalarda esasan ýaşlar toporlara bölünip öz aralarynda günde diýen ýaly sportyň dürli görnüşlerini oýnaýarlar, howwa, ýaşlary sporta höwesiniň artdyrylmagy bolsa olaryň beden sagdynlygyna, jan saglygyna getirýär we geljekde şular ýaly dünýä ýaryşlaryna-da gatnaşmaga, medal almaga-da ýardam eder. Sport barada berýän maglumatlaryňyza sag boluň gyzykly, good

Betman
25 марта 2013

Ýaşlaryň arasynda mekdep okuwçylary boş wagtlaryny sporta sarp edýärler.good

NEXTTM
25 марта 2013

Türkmen sportyny ösdürmekde we höwes döretmekde edilýän işleriň dowamynda şan şöhrata eýe bolsunlar.

HEZRET
25 марта 2013

Kazanda geçiriljek sport bäsleşigine gatnaşjak türkmen sportçylaryna üstülikler bilen gidip gelmeklerini arzuw edýärin.good sag bol habaryňyza. ýene ýetirip duruň gyzykly

shutnick
26 марта 2013

türkmen samboçylarynyň arasynda t-da haçan geçirilýär bilýäňizmi


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13746 sek. ýüklenen baýt: 40442