Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Reklama
“Suw damjasy - Altyn dänesi” baýramçylygy mynasybetli bäsleşik!!!
Ýazylan wagty: 24 марта 2013 Ýazan Permann
Hormatly agzalar “Suw damjasy - Altyn dänesi” baýramçylygy mynasybetli “NextTM.com”-yň administrasiýasy nobatdaky bäsleşigine başlaýar. Bäsleşikde agzalar “Suw damjasy - Altyn dänesi” atly mowzuga degişli türkmen äheňindäki manyly, owadan suratlaryny ýerleşdirip bilerler. Netijede köpçülik tarapyndan halanan iň gowy suratlaryň awtorlaryndan ýeňijiler saýlanar. Bäsleşigiň möhleti 2013-nji ýylyň aprel aýynyň 6-na çenli dowam edýär.

Ýaryşda ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar garaşýar. Olar:

1-nji ýer: 50 manat
2-nji ýer: 35 manat
3-nji ýer: 20 manat

pul sylaglary bilen sylaglanylar. Ýaryş administrator tarapyndan gözegçilik edilip, köpçülik tarapyndan baha beriler. Kim köp ses gazansa (ýürejikleri gazansa) şolar hem ýeňiji bolarlar.

Hormatly agzalar, şu mowzuga degişli saýlap seçen iň gowy suratlaryňyzy ýerleşdirbermeli! Şowlulyk ýaryňyz bolsun! Baýramyňyz gutly bolsun!



Okalan sany: 1213   Jogaplar: ( 4 )

NEXTTM
25 марта 2013

Gyzykly täzelik, sag bol habaryňyza good

Betman
27 марта 2013

Suratlary Ýratyn ýerleşdirmelimi ýa-da jogaplara ýerleşdirmelimi?

permann
27 марта 2013

Suratlary aýratyn mowzuk görnüşinde “Suw damjasy - Altyn dänesi” baýramçylygy mynasybetli bäsleşige diýip görkezäýmeli. good

marala
29 марта 2013

Munyňyza bolýar, Sylaglary nähili ýagdaýda gowşurýaňyz bu aldow däldirde...


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05440 sek. ýüklenen baýt: 31903