Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Braýan Koks: özge planetalylar ýok, bu älemde biz ýeke-täk
Ýazylan wagty: 30 октября 2014 Ýazan Marala


Braýan Koks: özge planetalylar ýok, bu älemde biz ýeke-täk

Biologiki ýagdaý, ýagny Ýerde akylly durmuşyň döremegi tötänlikdir, ýene başga älemde şeýle zatlaryň gaýtalanýandygy gümanadyr diýipprofessor Braýan Koks belläp geçýär.

Iňlis fizigi Braýan Koks “Adamzadyň gudrat bilen döremegi iki sany öjügiň bir öýjüge birleşmesi arkaly dörändir, ýagny bu galaktikada ýekeje tehnologik ösen siwilizasiýa bar – biziňki. Biz ýeke-täkdiris” diýip aýdýar.

Akyla sygmaýan zat. Ýaşaýyş bolaýjak başga-da milliardlarça planetalar bar ahyryn. Daily Mail gazeti professoryň sözlerini sitirleýär – emma biz bir zatdan ägä bolmalydyrys, planetamyzyň taryhynyň görkezişi ýaly, bir öýjükli ýaşaýyşdan çylşyrymla geçmeklik hem mümkindir.

Koks ikinji bir tötänligi meteoritiň gaçmagy diýýär, ýagny dinozawrlaryň ýok bolmagy hem-de adamlaryň esasy bolup galmagydyr.

Biz hemme güýç bilen bu zatlaryň nädip şeýle bolanlygyny bilesimiz gelýär.

Prinston uniwersitetiniň alymlary, adamlaryň başga planeta haýwanlaryň deregine, ösümlik gözläp tapjakdyklaryna mümkinçilikleriniň uludygyny nygtaýar. Olar başga planetalardan hlorofiliň yzlaryny gözlemeklini, onuň ösümliklere gün şöhlesiniň energiýa öwrülmeginde kömek edýändigini maslahat berýärler. Aýtmaklaryna görä, bu ýagdaýy NASA teleskopynyň kömegi bilen geljekde edip boljakdygyna güwä geçýärler.

Astrofizikler, adamlaryň başga planetadan suwuň, kislorodyň we hlorofiliň yzlaryny tapmaklyga mümkinçilikleriň bardygyny aýtýarlar. NASA maglumatlaryna görä, biziň galaktikamyzda millionlarça älemiň bolup, olarda ýaşaýyş hem bolmagy mümkin. Agentlik başga planetalarda ýaşaýyş bardygyny geljekki 20 ýylyň içinde tapjakdygyny umyt edýär.
Okalan sany: 577   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05938 sek. ýüklenen baýt: 31322