Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Penisillini kim tapdy?
Ýazylan wagty: 01 ноября 2014 Ýazan Sasoltan



Penisillini kim tapdy?                             

Ady meşhurlyk şöhratyna dolanan Aleksandr Fleming öz okadýan talyplaryna
şeýle diýipdir: “Biler bolsaňyz, meniňki şowlady diýsem hem bolýar. Uzak
ýyllaryň dowamynda düýpden adaty bolmadyk bir zat tapandygyma birjikde
şübhelenmedim ”.  Onuň  “ adaty bolmadyk bir zat” diýeni penisillindi, ol
bakteriýalary öldürýän we kesel wagtynda bahasyna ýetip bolmajak kömek berýän
derman serişdesidi. Mysal üçin, 1918-nji we 1919-njy ýyllarda diňe gripden ýer
ýüzünde 20 million adam ölüpdir. Ol keseliň gurbany bolan adamlaryň sany,
birinji jahan urşunda ölen adamlaryň sanyndan hem köpdür. Lukmanlar bu keseliň
we beýleki ýokanç keselleriniň öňünde güýçsiz, alaçsyz bolup galypdyrlar.
1929-njy ýylda Londonyň laboratoriýalarynyň birinde bu derman serişdesini synag
hökmünde ulanyp görýänçäler, bakteriýa garşy netijeli täsir edýän derman serişdesi
bolmandyr.



Okalan sany: 492   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04945 sek. ýüklenen baýt: 29985