Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Ýaş gelinlere 10 maslahat
Ýazylan wagty: 27 марта 2013 Ýazan HEZRET
Ýaş gelinlere 10 maslahat  
   Gelin bolup düşen ýeriňde oňşup mähir bilen maşgala ojagyna garylyp-gatylyp gitmek üçin ýaş gelinlere berilýän 10 maslahat

1. Gözel gelin, sen adamyňa şeýle hyzmat et, ol göwre, sen gol bol, sen oňa ýer bol, ol saňa asman bolsun, sen oňa öý bol, ol saňa direg bolsun.

2. Kanagatly bol, sabyrly bol, öz halyňa şükür et, adamyňyň tapan malyny,gazanjyny, hoş köňüllik bilen kabul et, olary aýa. 

3. Adamyňa açyk ýüz, hoş köňül bergin. Oňa rehmet bildir. Öz päline, nebsine buýrup bilmeýän, gününe şükür etmeýän kişide rahatlyk bolmaz. 

4. Adamyňyň işlerine kömekçi bol, öýde buýran işlerini yhlas bilen bitir.

5. Adamyň üns berýän zatlaryna ygtybar et, öýüň içini daşyny her wagt arassa tut.

6. Üsti-başyny, egin-eşigini arassa tut. Adamyň senden hemişe päkizeligiň üçin razylykda bolsun.

7. Nahary, biş-düşiň wagty gelende häzirle, nahary gijikdirme. Adamyň we gaýynlaň näme iýesi gelýän bolsa, şol nahary bişir. Her häçan köňle barýan ýoluň süýji tagamlardygyny unutma.

8. Adamyň mal dünýäsine ygtybarly gara, olary gadyrlap sakla, başarsaň köpeltmäge çalyş.

9. Adamyň ata-enesine, dogan garyndaşlaryna, ýakynlaryna hormat görkez, olary öz ene- ataň ýaly mähriban gör.Her wagt açyk köňülli bol, şeýtseň adamyň köňlüne barýan ýol taparsyň.

10. Adamyň syryny yada maşgalaň syryny ondan daşary çykarma, ony başgalara aýtma, şeýle etmeseň ynamdan gaçarsyň, maşgala ahlagy bozular. Adamyň şatlygyny,gynanjyny deň kabul et. Sen adamyňa näderejede söýgi, ynam bildirseň ol hem saňa şol derejede söýgi we hormat bildirer.
 
Okalan sany: 460   Jogaplar: ( 7 )

Meret
27 марта 2013

Toý bolsunroflSag bol, häzir birine görkezjekblush

NEXTTM
27 марта 2013

Käbir zenanlara aýtmak gerekdäl, ýöne käbir zenanlaryň içinde bilmeýänlerem köpiräp...scratch_one-s_head

Meret
27 марта 2013

diablokäbiri dagy zenan dälde ÝYLAN bolýar

marala
27 марта 2013

Biziňkiler biläýse aýdyp diýip goýmaz hemmesi bolmasada azyragy edilýär emma bu zatlary öwreden bolmady, indi bularyň hemmesini etjek bolup synanşaryn, kynyrak düşäýmese.good

shutnick
27 марта 2013

Oýdäkilere görkezip içimi sowadaýyn. sag bol maslahatlaryňyza.good Meret dost ýylanam käbir zenany görende gaçýar maňa-da bir zatlar diýäýmesin diýip....shokblush

Mayichka
27 марта 2013

Zenan maşgalany ýylana deňäp durmak erkek kişi tarapdan peslikmikä diýýan.Ýöne ähli işine jür zenan maşgalalarymyza dil ýetirmek bolmaz. Erkekleriň köpüsi aýallarynyň gazanjyna göz dikip öýde telewizor görüp ýatyrlar olar gazanç etmegiň pikirini etmeýän binamys erkekler, aýal görgüli bolsa işinede ýetişýär, çagasynada, bazarada, nahar biş-düşede umuman öýüň ähli keşgini çekýan mert erkek men diýýänlerden zor aýallarymyz bar.Ýöne şeýle aýallara bu zamanda tanyşlary erkek diýýärler, indi özüňiz netje çykaryň kim ÝYLAN?

Betman
27 марта 2013

siz aýdýanlaryňyz dogry bolsa hakyky erkegem sizçe ýok bolsa gerek, goldaňan Maýiçka, sagbol gowy jogpladyňyz, bolmasa gyz saýlamak kyn düşerdi,kiss_miniemma şular ýaly erkegem men erkek diýip hakyt öýünde haçan aýalym aýlyk getirerkü diýip ýatmagama erkeklik düldir.cray


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03538 sek. ýüklenen baýt: 36742