Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýaryşda ussatlar ýüze çykýar
Ýazylan wagty: 28 марта 2013 Ýazan NEXTTM
  Ýaryşda ussatlar ýüze çykýar
Golaýda kikboks boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Paýtagtymtzyň «Galkynyş» köpugurly sport toplumynda geçirilen bu bäsleşikler  hünärmenlere Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlaryna gatnaşjak milli ýygyndy toparymyzyň düzümini kesgitlemäge mümkinçilik berdi. IV Aziýa oýunlary şu ýylyň tomsunda Koreýa Respublikasynda geçiriler. Şondan soňra bolsa, mälim bolşy ýaly , V Aziýa oýunlary 2017-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guralar.

     Aziýanyň iň güýçli türgenleri hormatly Liderimiziň başlangyjy boýunça häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Olimpiýa şäherçesinde öz  başarnyklaryny görkezerler. Koreýa Respublikasynda geçiriljek Aziýa oýunlarynda türgenlerimiz 4 agram derejesinde 57 we 71 hem-de 63,5 we 81 kilogram agram derejelerinde çykyş ederler. Şeýlelikde,şu ýyl Inçhonda geçiriljek bäsleşiklere Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Milli kikboks merkeziniä başlygy Aleksandr Snagowskiniň tälim beren türgenleriniň üçüsi—Gurban Beghanow, Şöhrat Hallyýew, Allamyrat Annamyradow we Türkmenabatdan tälimçi Zakir Atajanowyň  taýýarlan türgeni Eziz Jumabaýew gatnaşarlar.

      Ýurdumyz boýunça ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenabatda geçirilen ýaryşlarda bolsa 13 ýaşly sport ussady Saparmyrat Atabaýew 1-nji orny eýeledi.Türkmenabatda şeýle hem 12 ýaşa çenli ýaşajyk küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda bäsleşikler geçirildi. Onda Muhammet Ezizow we Annagözel Mekanowa ýeňiji boldular.

      Aşgabatda guralan milli derejedäki ýaryşlaryä hatarynda badminton boýunça paýtagtymyzyň 24-nji orta mekdebinde geçirilen Türkmenistanyň çempionatyny agzamak bolar. Şol gün basketbol boýunça Türkmenistanda birinjiligi alan toparyň hem ady mälim edildi.Şeýle-de, paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrunda welosiped sporty boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirilip, onda welaýatlaryň we paýtagtymyzyň türgenleri çykyş etdiler.
     Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, şol bäsleşiklerde  kabaddi atly hindi oýny boýunça hem ýaryşlaryň geçiriljekdigini bellemelidiris. Biziň türgenlerimiz sportyň bu görnüşi boýunça hem çykyş ederler. Şonuň üçin hem “Aşgabat” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda paýtagtymyzyň birinjiligi ugrundaky ýaryşlar Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň bir tapgyry bolar.
     
Möhüm ýaryşlaryň hatarynda,ilkinji nobatda, suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini görkezmek bolar. Bu bäsleşik Aşgabadyň suw sport toplumynda geçirilip,16-njy martda tamamlanar. Ähli welaýatlardan geljek ýaş türgenler nobatdaky gezek 50 metrlik howuzda suwda ýüzmegiň dürli görnüşleri boýunça bäsleşerler.

Ildeşlerimiziň göreşiň beýleki görnüşleri boýunça hem güýç synanyşýandyklaryny bellemelidiris. Mysal üçin Daşoguzda 1999-2000-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda welaýatyň birinjiligi ugrundaky ýaryş diýseň özüneçekiji boldy. Aşgabatda bolsa 13 ýaşa çenli türgenler şäheriň birinjiliginiň çäklerinde grek-rim göreşi boýunça bäsleşdiler.

15-17-nji martda Türkmenbaşy şäherinde erkin göreş boýunça şäheriň birinjiligi geçiridi. Şeýle-de, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde göreşiň irki görnüşi—“nusgawy” we erkin göreşleri boýunça ýaryşlar guraldy.

     Talyplar hem sagdyn durmuş ýürelgesini wagyz etmäge işjeň gatnaşýarlar. Paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň sport meýdançalarynda milli uniwersiadanyň çäklerinde basketbol we gandbol boýunça ýaryşlar geçirildi. Her ýyl bu ýaryşy “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Merkezi geňeşi guraýar. Şu ýylky bäsleşikler hem sportuň muşdaklarynda uly täsir galdyrdy.
Okalan sany: 411   Jogaplar: ( 3 )

marala
28 марта 2013

sport ussatlaryna ustümlk ýaran bolsun, türkmenistanda sporty ösdürmek üçin berýän goldaglaryňyza sagboluň.good

Krassavchik
28 марта 2013

gatnashyanlara uly ustunlik arzuw edyarin!

asmandakebelejik
28 марта 2013

Ýaryşda bolmanda-da ussatlar ýüze çykmalyda eýsem başga kim çyksynrofl


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06526 sek. ýüklenen baýt: 34672