Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Ene-Ata hormat.
Ýazylan wagty: 01 декабря 2014 Ýazan NEXTTM
Ene-Ata hormat.

Ýaşulylar üýşende, her bir zat hakda gürrüň çykýar. Howa barada, saglyk barada, päklik, agzybirlik, sylag-hormat hakynda köp gürrüň edilýär. Şolaryň düýp manysyna üns berseň, uly nesil hemişe ýaşlaň terbiýesi hakynda aladalanýandyr. Gönden göni bolmasa-da, öwrümliräk gürrüňleriň tymsallaryň üsti bilen ýaşlara öwüt-ündew berýändirler. Şeýle gürrüňleriň ençemesini eşdip, köpi gören gojalaryň ündeýän gylyklary, nesihat berýän ýagdaýlary barada gürrüň goügazym geldi. Aýratynam, bir okamyş ýaşulyny gürrüňlerini, onuň Azady atamyzyň “Wagzy azat” eseri bilen baglanşdyryp beren pähimlerini ýaşlara ýetiresim geldi. 

Ol ýuwaşjadan başlan gürrüňini ene-ataň hormatyna syrykdyrdy. Azady atamyzyň öwütlerini düşündirip, bir näçe pursatlary belläp geçdi. 

Ene-Ataň ýanynda gaty gürlemek gelşiksizdir. Käbirimiz şoňa düşünemizokmy, nämemi, elimizi kelemenledip, bogazymyzy ýyrtaýjak bolýas. Bu eýýäm özüňden ula, kyblaňa we käbäňe hormat goýmadygyň bolýar. Bogaz ýyrtyp gürlär ýaly ol bendeleriň etmişi näme? Seni dünýä indirendiklerimi? Paýyş sözleri diline alýanam, aýyp zatlary agzap oturanlaram bar. Ol seniň ene-ataň ahyry! Ol seni kemala getirdi. Olaryň hormaty belent tutulmaly. Heý-de olaryň alnynda agzyňa göwne degiji, aýyp, paýyş sözleri alyp bolarmy. Beýle hereket olara şarpyk çalan bilen deň hasaplanylmaly. Aslynda olaryň ýüzüne dikanlap seretmegem bolanok, aýyp söz aýtmaga jenaýat eden ýaly bir zat bolýar. Atamyz Azady bu ýagdaý barada ýöne ýerden hetjikläp aýdanok. Ene-Ata seň üçin mukaddes adamlar bolmaly. 

Men öz atasyny sylaman: “Sen nämä düşünýäň? Indi ol döwür ýok. Zamana başga” diýip, atasynyň gözüne barmagyny sokjak bolup duran bir näkesi görüp, gaty bozuldym. Hut, öz ene-atamyň ýüzi alnana döndüm. Ýaşmagyny syryp, gaýnenesine akyl berip durangelni görenimde-de, özüm utandym. Olar seň aladaňy eden, seni ýetişdiren, maşgalasyna kabul eden kişiler ahyry!

Ýene bir aýyp zady belläsim gelýär. Bir ýigit utanman: “Kaka indiki bazargüni meň gaýnlaryma baryp gelsene.Geliniň olara bir nerse iberjek bolýar” diýip, atasyna ýumuş buýurýanyny gördüm. 

Enesine: “Agtygyňy hopba edeni üçin hiç zat bolasy ýok, çagaň göwnüni ýykma” diýip, ogluny enesine ýük eden gelinem gördüm. Şu zatlar bolýan zatlar däl. Ene-Ata onsuzam gowy görýär, ýumuşyny aýtdyrman bitirýär. Olara ömür boýy minnetdar bolmalydyrys.

“Goýsana-aý, kaka!” diýip, kakasynyň ýüzüni alyp duran näkes barada eşidemde, özümi erbet duýdum. “Goýsana” diýmeg-ä däl, eşitmediksirän bolmagyň özi günä. Ata-enäň sözüni bölmek, ony diňlemezlik, “uzak gürleýäň” diýmek seniň nadanlygyňdan nyşan. Goý, gürlesin, diňläber. Ol pahyr saňa düşündirjek, kömek etjek bolýar ahyry! Diňle, netije çykar. Çaklap olaryň näme diýjek bolýandyklaryna göz ýetirjek bolma. Olar diňe sniň peýdaňa gonýandyrlar, seni alada edýändirler, saňa ýagşylyk bolsyn diýýändirler. Sen olaryň sözleriniň soňyna garaş, aýdylany seň bähbidiňe araýarlar.

Men ýene bir zady bellemekçi. Ene-atada näme göwün bar. Sen olaň göwnüni göterjek bol, olary hoşal etjek bol. Bazara gitseň, eneňe-ataňa al tut, Şuny ýörite seniň üçin aldym diýip, begendir. Ýöne sowgat edeniňi zol-zol gaýtalap, diliňe alyp durma. Seň şol başda aýdan sözüňem, pederleriňi uçup ýöremeli edendir. Olar seň bu işiňioňlap, gelen-gidenleriň ýanynda aýdarlar ýörerler. Olar saňa ýürekden guwanarlar. Dost ýarlaryňa sen barada gürrüň bererler. Olaram saňa guwanarlar.

Şu ýerde ýene bir zady sargamakçy. Sen ene-ataň dostlaryny, joralaryny, deň duşlaryny syla, olara hormat goý. Şonda, eneň-ataň olaryň ýanynda hormaty hasam ulalar. Dostlarynyň olary sylamagyny isleseň, sen olaň tanyş-bilişlerine, syrdaşlaryna hormat bilen gara. Şonda olar senem, pederleriňem sylarlar.

Ene-ata uly baýlyk. Sen olaryň maslahatyna zar bolarsyň, görmek isleseňem, söhbetdeş bolmakçy bolsaňam giç bolar, başa barmaz. Şonda hyrçyňy dişlärsiň. Şoň üçin olary şu gün syla, başyňa täç et. Eneň-ataňay arassa geýindir. Düşeklerini özüňkiden päk tut. Ýuwundyryp-ardyndyrmaly bolsa, utanma sogabyň ulysy şondadyr. 

Eneň-ataň barka, olaryň hormatyny sakla, olardan akyl öwren. Ňwrenmek sogap işdir. Öwretmek ondanam sogapdyr. Eneň-ataň saňa öwreder, sen özüňden önenlere, özüňden kiçilere öwret. Şonda iş etdigiň bolar. Köpüň
 aklyna uýjak bol. Akyly bolup, baýlygy bolmadyk adam, aýakýalaňaç ýalydyr. Baýlygy bolup, aňy-akyly bolmadyk, köwşi bolup,aýagy ýok adam ýalydyr. Hemişe akyl öwrenjek bol, ol seni hormata, döwletlilige ýetirer.

Ine şu zatlar barada biziň akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň atasy, pähimdär Azady atamyz öz ajaýyp “Wagzy azat” diwanynda ýazýar. Ony diňläň, netije çykaryň. Ulusy bolmadygyň kiçisi bolýan däldir. Ene-ata bolsa biziň üçin ulydanam uly, äpetden äpet okuw mekdepdir. Olaryň hormat-sylagy kalbymyzda mydam belent saklanmalydyr. 

Ýaşuly töweregindäkileriň üns berip oturyşlaryny synlap, bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlaryna guwanç bilen bakdy.

H.Bäşimow 
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

Okalan sany: 3061   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07024 sek. ýüklenen baýt: 36059