Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMEN-GAZAK IŞEWÜRLER MASLAHATY
Ýazylan wagty: 02 декабря 2014 Ýazan NEXTTM

TÜRKMEN-GAZAK IŞEWÜRLER MASLAHATY

Aşgabat, 1-nji dekabr (TDH). Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň Türkmenistana resmi saparynyň öň ýanynda, şu gün “Mizan” işewürlik merkeziniň maslahatlar zalynda türkmen-gazak işewürlik maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Gazagystan Respublikasynyň eksport we maýa goýumlar boýunça “Kazneks Inwest” milli agentligi bilen bilelikde guraldy.

Maslahata gatnaşmak üçin Gazagystanyň hökümet düzümleriniň, pudak edaralarynyň, kompaniýalarynyň, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň düzüminde uly wekiliýet Aşgabada geldi. Olaryň hatarynda “Topan”, “Ferrum Vtor”Aktýubinskiniň relspürs zawody, “Günorta-Gazagystan maşyn gurluşyk zawody” paýdarlar jemgyýeti, Aktaunyň metal guýujy zawody, Almatynyň elektromehaniki zawody, “Mamyr”,  “Arcellor Mittal Tubular Aktau”, “Konsern Bakarassow”, “Henkel”, şeýle hem derman enjamlaryny we lukmançylyk serişdelerini öndürmekde ýöriteleşdirilen “Dosfarm” we “Dolçe”, “Gazeksportgarant” paýdarlar jemgyýeti, Gazagystan Respublikasynyň telekeçileriniň milli edarasy we beýlekiler bar. 

Türkmen tarapyndan duşuşyga Ykdysadyýet we ösüş, Demir ýol ulaglary, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler, Energetika, Senagat, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Oba hojalyk, Dokma senagaty, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetleriniň, Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet iş bankynyň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman transmilli ugurlaryň çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň diňe bir iki dostlukly ýurtlaryň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň bähbidine däl-de, eýsem, bütin sebitiň durnukly ösüşine özara bähbitli söwda-ykdysady aragatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen,     açylýan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge gyzyklanýandygyny aýratyn nygtadylar. Bu oňyn hyzmatdaşlyga ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň işi, bilelikde geçirilýän işewürlik maslahatlary ýardam edýär. Muňa özara söwdanyň artýan möçberleri şaýatlyk edýär.

Gazagystan Respublikasynyň milli ykdysadyýet ministriniň orunbasary Timur Žaksylykowyň belleýşi ýaly, goňşy ýurtlaryň ikisi hem özara bähbitli we uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin baý serişdeler kuwwatyna hem-de maýa goýum mümkinçiligine eýedir. Ulanmaga tabşyryljak Gazagystan — Tükmenistan — Eýran polat ýoly sebiti ykdysady taýdan ösdürmäge, onuň durmuş we senagat düzümlerine kuwwatly itergi berer, iri daşary ýurt maýa goýumlaryny çeker, ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyny üpjün eder. Işewür hyzmatdaşlaryň häzirki duşuşygy iki ýurduň telekeçilik toparlarynyň arasynda gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam edýän taraplaryň ikisiniň hem geljegi uly bolan teklipleriniň ýüze çykmagyna hyzmat eder.

Maslahatda Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň häzirki zaman gazananlary, durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda wideofilm görkezildi.

Pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanda gazak maýa goýumynyň gatnaşmagynda otuzdan gowrak kärhanalaryň hereket edýändigi bellenildi. Taraplar ugurlaryň ençemesi boýunça, hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda, maşyn gurluşygynda, gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde, himiýa we dokma pudaklarynda özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi dowam edýärler.

Obasenagat toplumynda, hususan-da, gallaçylykda, tohumçylykda, un we çörek önümleriniň, mikrobiodökünleriň önümçiliginde hyzmatdaşlyk  meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem derman pudagynda işewür aragatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirildi.

Söwda-ykdysady pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň hatarynda bilim, ylym we medeniýet, syýahatçylyk we sport, şeýle hem iki dostlukly halklaryň bähbidine gabat gelýän beýleki ugurlar boýunça ynsanperwer gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Gazak myhmanlarynyň Türkmenistanyň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň hem-de telekeçileriniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary mahalynda bilelikdäki taslamalar we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki ugurlary has anyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okalan sany: 555   Jogaplar: ( 2 )

Krassavchik
02 декабря 2014

turkmen gazak dostlugy uzakdan bolsun!

Krassavchik
02 декабря 2014

turkmen gazak dostlugy uzakdan bolsun!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06602 sek. ýüklenen baýt: 35218