Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Täze oba” maksatnamasynyň çägine Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda durmuşa geçirilýän işler barada.
Ýazylan wagty: 02 декабря 2014 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Täze oba” maksatnamasynyň çägine Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda durmuşa geçirilýän işler barada.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň başda durmaklygynda döwlet derejesinde birnäçe üstünlikli işler durmuşa geçirilýär.

Olara mysal bolup: azyk, bilim, saglyk, medeniýet, gurluşyk, abatlaýyş işleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde üns berilýän pudaklara öwrüldi. Ady agzalan ulgamlarda gazanylan netijeler sanardan kän. Bu özgerişleri görüp kalplary heýjana gelýän her-bir türkmen raýatynyň buýsanmaga, ýurdyň syýasy we milli durnukly ösmegine saldamly goşant goşmaga borçlandyrýar.

Garaşsyzlyk etrap-bagym Boýnyuzyn,
Munda ýadalmaýar işläp gün uzyn,
Bir günki işläni ýetjek ýyl uzyn,
Rysgal bereketli illeri bardyr.

Şygyr bentlerinden belli bolşy ýaly Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda hem birnäçe döwlet ähmiýetli binalar gurulyp, halkymyza hyzmat etmeklige berildi.

Olardan: Garaşsyzlyk etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň çäginde ýerleşýän 2014-nji ýylyň 26-njy iýulynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen 50 müň tonnalyk elewator ачылып уланылмага берилди. Häzirki wagtda ol ýerde 44 sany etrabyň ýaşaýjylary zähmet çekýär.


Gözlere gеlиwli kaşaň mekdepler,
Gurulýar, berilýär, bilim-edepler,
Many doly kitap bilen depderler,
Bilim dünýäsine ýollary bardyr.

Şonuň ýalyda Garaşsyzlyk etrabynyň bilim ulgamlarynda hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän mekdep we çagalar bagy bina edilip, häzirki wagtda ýaşlara bilim terbiýe bermekde möhüm orunlary eýeleýär. Has takygy 2013-2014-nji ýylda Garaşsyzlyk etrabynda 5,6,7-nji çagalar bagynyň gurluşygy gutaryp işe başlady we häzirki günde etrabyň Ödeý geňeşliginde 650 orunlyk orta mekdebiň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.
  

Aýdylanlar bilen baglanyşykly 2014-nji ýylyň 5-nji martynda Garaşsyzlyk etrabynyň Nyýazow şäherçesinde ýerleşýän 200 orunlyk medeniýet öýüniň dabaraly açylyşy boldy we oňa welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdy.

 
Içinde Berkararlyk otagy, ähli mümkinçilikleri bolan okalga zaly, muzeý, grimýor, tans we sazlary bejeriş otaglary bolan bu bina medeniýet we sungat işgärleriniň 35 sanysy arman ýadaman halkymyz üçin zähmet çekýär.
Maksatnamanyň çäginde bina edilen binalaryň hatarynda etrabyň şäherçe merkezinde we Watan daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän 2-nji we 3-nji sport mekdepleri bellemek bolar.


Garaşsyzlyk etrap sport ulgamynda hem birnäçe ýurt derejesinde üstünlikler gazanylýar. Oňa mysal bolup 2014-nji ýylyň awgust aýynyň 12-20-sine Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sportyň Grek-Rim söweşi boýunça bäsleşige Гарашсызлык этрабындан 20 sany türgen gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp boldylar. 
 
Hormatly Prezidentimiz geçirýän ýygnaklarynda, gol çekýän Kararlarynda ýollaryň durkuny täzelemek we ýollaryň gyralarynda bezeg işlerini geçirmeklik barada yzygiderli alada edýär. Şol esasynda Garaşsyzlyk etrabynыň Aşgabat, Türkmenistan, Türkmenbaşy köçeleri täze görke eýe boldy. 
 

Etraplarymyz barha gelýär görküne,
Köp jaýlar gurulýär, bezeg-durkuna, 
Garaşsyzlyk bilen ýeten erkine 
Buýsanýan, begenýän illeri bardyr. 


Okalan sany: 1019   Jogaplar: ( 1 )

Krassavchik
02 декабря 2014

yahoo


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06725 sek. ýüklenen baýt: 36703