Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary başlanýar
Ýazylan wagty: 03 декабря 2014 Ýazan NEXTTM

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary başlanýar

2014-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana başlanýan resmi saparynyň barşynda ýokary derejede gepleşikler geçiriler.

Döwletara gatnaşyklarynyň gazanylan ýokary derejesi Türkmenistanyň we Gazagystanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge we hemmetaraplaýyn ösdürmäge tarap esasy ugra bolan ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ençeme meselelerini, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň geljegini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Nursultan Nazarbaýewiň şu gezekki duşuşygynyň kuwwatly serişdeler binýadyna, şeýle hem ösen düzümlere eýe bolan goňşy döwletleriň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat etjekdigi gürrüňsizdir.  Munuň özi dürli ugurlarda, ilkinji nobatda, energetika we ulag ulgamynda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Goňşy ýurtlar şol ugurlaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärler.

Özara gyzyklanma döredýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde gumanitar ulgamynda özara gatnaşyklara, ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklaryň, şeýle hem Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn üns berler. Şol gatnaşyklar taryhy nukdaýnazardan biri-birine ýakyn goňşy halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi we ynanyşmagy has-da pugtalandyrmaga hyzmat edýär.
Okalan sany: 376   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06926 sek. ýüklenen baýt: 31188