Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
«Demirgazyk-Günorta» halkara transkontinental demir ýoly – Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrar
Ýazylan wagty: 03 декабря 2014 Ýazan NEXTTM

«Demirgazyk-Günorta» halkara transkontinental demir ýoly – Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrar

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyҫlary bilen  ýokary derejeli transport ulgamynyň döremegi üҫin «Demirgazyk-Günorta» üstaşyr demir ýolunyň amala aşyrylmagy türkmen döwletiniň geo-ykdysady abraýyna aýratyn ähmiet berýär.

«Demirgazyk-Günorta» halkara transkontinental demir ýolunyň gurluşygyna Türkmenistanyň döwlet ýolbaşҫysynyň teklibi bilen Gazagystanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň 2007-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Bilelikdäki Jarnamasy esasynda, badalga berildi. Bu demir ýoluň umumy uzynlygy 928,5 kilometr bolup, 146 kilometr aralygy Gazagystanyň ҫäginden, 700,5 kilometr aralygy Türkmenistanyň ҫäginden, 82 kilometr aralygy Eýran Yslam Respublikasynyň ҫäginden geҫýär.

«Demirgazyk-Günorta» halkara demir ýoly esasy iki şahadan (bölekden) ybarat bolup, ýoluň Türkmenistanyň ҫäklerinden geҫýän uzynlygy 444 kilometr bolan «Bereket – Gyzylgaýa - Serhetýaka» böleginiň gurluşygyna 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hut özüniň badalga bermeginde ýurduň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara-kärhanalary tarapyndan başlanyp, 2013-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda türkmen-gazak serhedinde gazak-türkmen demir ýollary dabaraly ýagdaýda aҫyldy. 
       
G.Berdymuhammedowyň belent wezipesine ilkinji gezek girişen pursatlarynda “Ýol baran ýere ýaşaýyş barýar” diýip,  aýdan sözleri hasyl boldy. Ýagny, täze gurulan  «Bereket-Gyzylgaýa-Serhetýaka» demir ýoluň ugrunda onlarҫa döwrebap enjamlaşdyrylan stansiýalaryň we demir ýol işgärleriniň ýüzlerҫe  maşgalalaryna nietlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy, täze ýaşaýyş sebitleriň döremegine iterge berdi. Şeýle hem bu bölegiň ulanyşa berilmegi bilen üstaşyr geҫýän ýükleriň möҫberi artmagyna getirip, demir ýol ulgamyna goşmaҫa girdeji almaga mümkünҫilik döretdi.

«Demirgazyk-Günorta» halkara demir ýolunyň Türkmenistanyň ҫäklerinden geҫýän uzynlygy 256  kilometr bolan «Bereket-Etrek-Akýaýla» böleginiň gurluşygy Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara-kärhanalary tarapyndan amala aşyrylyp, gurluşygy tamamlandy we şu ýylyň dekabr aýynyň 3-ne Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda, türkmen-eýran serhedinde türkmen-eýran demir ýollaryň birikdirilmesi meýilleşdirilýär. 

Bu demir ýolunyň ugrunda hem döwrebap stansiýa binalary we  demir ýol işgärleriniň maşgalasyna nietlenen ýaşaýyş jaýlary gurulyp, ulanmaga taýyn edildi. Şeýle hem bu ýoldan 2015-nji ýylda üstaşyr ýükleriň 1 million tonnadan gowragynyň geҫirilmegine we geljekde hem bu görkezijiniň birnäҫe esse artmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň döwlet ýolbaşҫysynyň öňden görüjilikli iҫerki we daşarky syýasaty esasynda gurluşygy başlanan «Demirgazyk-Günorta» halkara transkontinental demir ýoly diýip at alan «Uzen (Gazagystan)-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek(Türkmenistan) - Gürgen (Eýran)» demir ýoluň ähmiýeti örän ulydyr.  Bu demir ýoluň gurulup ulanylmaga berilmegi bilen gadymy “Ýüpek ýolunyň” täze zaman şahamҫasy emele geler. Bu demir ýol arkaly Hytaý döwletiniň uly port şäherlerinden gelýän ýükler, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ҫäklerinden geҫip, Pars aýlagyna ҫykmaga mümkünҫilik döreýär. Bu bolsa Türkmenistanyň we şol bir wagtyň özünde goňşy döwletleriň hem ykdysadyetiniň ösmegine getirer.  

Okalan sany: 1057   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07189 sek. ýüklenen baýt: 33657