Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ŞU GÜN TÜRKMENISTANYŇ, GAZAGYSTANYŇ WE EÝRANYŇ PREZIDENTLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA “DEMIRGAZYK-GÜNORTA” TRANSMILLI DEMIRÝOLUNYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLAR
Ýazylan wagty: 03 декабря 2014 Ýazan NEXTTM
ŞU GÜN TÜRKMENISTANYŇ, GAZAGYSTANYŇ WE EÝRANYŇ PREZIDENTLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA “DEMIRGAZYK-GÜNORTA” TRANSMILLI DEMIRÝOLUNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNYŇ BOLMAGYNA GARAŞYLÝAR

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň açylyş dabarasy bolar. Bu taryhy waka sebit we halkara derejesindäki ulag düzüminiň möhüm ähmiýetli bölegine öwrülip, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda has amatly demir ýol gatnawyny üpjün edýän demir ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagyny alamatlandyrýar.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Düýn Aşgabatda ýokary derejede türkmen-gazak gepleşikleri üstünlikli geçirilip, iki döwletiň we halklaryň dostluga we ynama esaslanýan gatnaşyklara ygrarlydygyny, taraplaryň doly möçberli hyzmatdaşlygy özara bähbitli, deňhukukly we hoşmeýilli ýörelgelere laýyklykda ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklady. Gepleşikleriň jemleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherine geldi we birnäçe wagtdan soňra Türkmenbaşy şäherindäki howa menzilinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň uçary gondy. Bu ýerde, howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşini tüýs ýürekden mähirli garşylady.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri dikuçara münüp, Türkmenbaşy şäherindäki howa menzilinden Etrek etrabynyň “Akýaýla” demir ýol menziline ugradylar.

Doganlyk iki halkyň milli Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň üstaşyr geçirýän nokatlarynyň birine öwrülen serhetýaka “Akýaýla” demir ýol menziline geldiler.

Birnäçe wagtdan soňra, bellenilen ýere otlyda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani geldi.

Soňra “Akýaýla” demir ýol menzilinde ýörite taýýarlanan otagda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy boldy.

Duşuşyk tamamlanandan soň, üç ýurduň Liderleri “Akýaýla” menzilindäki duralga, demir ýolda duran otla tarap barýarlar we VIP- wagona münýärler. Otlyny sürüji otlynyň ugraýandygyny ýörite abzal arkaly duýdurýar. Otly Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolunyň iki böleginiň birleşdirilmegine bagyşlanan dabaralaryň geçirilýän onuň “nol kilometrine” geldiler.

Demirýolçularyň lybasyny geýen ýetginjekler döwlet Baştutanlaryna ýörite gurnama açarlaryny gowşurdylar. Taryhy pursat gelip ýetýär: dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow, Hasan Ruhani we Nursultan Nazarbaýew transmilli demir ýolunyň relsleriniň “Altyn berkitmesiniň” boltlaryny çekýärler, bu polat ýoly döretmegiň taglymyna çuň many, ýagny millionlarça adamlaryň bähbitlerine, diýmek, parahatçylygyň, ösüşiň we ählumumy abadançylygyň bähbitlerine hyzmat etmek goýuldy.

Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde üç halkyň baky dostlugyny we doganlygyny beýan edip, türkmen, pars we gazak dillerinde ruhubelent aýdym ýaňlanandan soň üç döwletiň Baştutanlary halkara demir ýoly boýunça türkmen we gazak bölekleriniň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasyna tarap ilkinji ýük wagonlarynyň simwoliki hereket etmegini synalýarlar.

“Gazagystanyň-Türkmenistan-Eýran” demir ýoly diňe bir ykdysady taýdan esaslandyrylan taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitde we onuň çäklerinden daşarda umumy ýagdaýa has oňyn täsir etmäge, Aziýada durnuklylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam etmäge, oňynlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara peýdalylyk ýörelgelerinde goşulyşmak ýagdaýlaryny işjeňleşdirmäge ukyply çynlakaý geosyýasy şert bolup hem durýar. Bu taslamanyň jedelsiz durmuş ähmiýeti bardyr. Sebäbi polat ýoluň ugrunda ähli zerur häzirki zaman düzümleri kemala getirmegi we täze iş orunlaryny döretmegi göjz öňünde tutýar.
Okalan sany: 378   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08960 sek. ýüklenen baýt: 35342