Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Şanly senäniň hormatyna täze şaýy pullar
Ýazylan wagty: 04 декабря 2014 Ýazan Krassavchik
Türkmenistanyň Merkezi banky taryhy wakanyň-- “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň işe girizilmeginiň şanyna gymmaty 50 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary, şeýle hem bu ýadygärlik şaýylyklarynyň toplumyny çykardy. Şaýy pullar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan Beýik Britaniýanyň “Tike The Roýal Mint Limited” zikkehanasynda taýýarlandy. 

Şaýy puluň ýüz tarapynda merkezde Ýer şaryny şekillendirýän globusyň fonunda lokomotiw hereket edýän demir ýol ýerleşdirilipdir. Kümüş şaýy puly bezelende demir ýol we lokomotiw şekillendirilen mahaly altyn örtük peýdalanylypdyr. Lokomotiwiň arkasynda çepden saga Gazagystan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet baýdaklary ýerleşýär. Daşky halkanyň aýlawy boýunça ýokarsynda “GAZAGYSTAN-TÜRKMENISTAN-EÝRAN DOSTLUK DEMIR ÝOLY” diýen ýazgy, aşagynda ýadygärlik şaýy pulunyň çykarylan ýyly “2014” görkezilendir. 


Şaýy pullaryň arka tarapynda merkezde däp boýunça Türkmenistanyň Döwlet tugrasy we “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY” diýen ýazgy şekillendirilendir. “ELLI MANAT” diýen ýazgy şaýy puluň gymmatyny görkezýär. 

38,61 milli metr diametrdäki şaýy pullary ýokary mähekdäki Au 916,7 altyndan we Ag 925 mähekdäki kümüşden zikkelenipdir. Altyn şaýy puluň 39,4 gram, kümüş puluň bolsa 28,28 gram agramy bar. Şaýy pullaryň ýokary hili bolan “prufy” Türkmenistanyň Merkezi bankynyň olara goşulýan güwänamasy kepillendirýär. 

Taryhy ähmiýetli wakanyň, ýagny transmilli polat ýoluň açylmagynyň hormatyna çykarylan şaýy pullar sebitiň ykdysady ösüşine hem-de has jebis ýakynlaşmagyna ýardam eder, gürrüňsiz suratda ýurdumyzyň Merkezi bankynyň gymmatlyklar toplumynda mynasyp orny eýelär.
Okalan sany: 411   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07199 sek. ýüklenen baýt: 32346