Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanda Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady.
Ýazylan wagty: 28 марта 2013 Ýazan Krassavchik
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Jon Holmesden ynanç hatyny kabul etdi. 

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, milli parlamentiň ýolbaşçysy jenap Jon Holmese iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Ilçi pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hormatyny beýan etdi we öz ýurdunyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna isleg bildirýändigini aýtdy. 

barşynda doly ygtyýarly wekil ýurdumyzy dünýäniň has sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna çykarmaga mümkinçilik beren Türkmenistanyň Prezidentiniň ýöredýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ilçä şeýle hem häzir ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan hem-de milli ykdysadyýeti okgunly ösdürmäge we türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň esasy ugurlary barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk syýasaty dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy we halkara giňişliginde uly abraýa mynasyp boldy. Mejlisiň alyp barýan işleri we onuň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmelerde eýeleýän orny söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy. 

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde duşuşyga gatnaşyjylar döwletara gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini bellemek bilen, netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Ilçiniň habar berşi ýaly, Kanadanyň öňdebaryjy kompaniýalary geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny berkitmäge gyzyklanma bildirýär. Ýokary tehnologiýalar, has takygy, energiýanyň alternatiw çeşmelerini iş ýüzünde peýdalanmak babatda hem gatnaşyklary ýola goýmaga islegiň bardygy nygtaldy. 

Gumanitar ulgamda, şol sanda bilim ulgamynda gatnaşyklar türkmen-kanada hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Jon Holmes ýangyç-energetika toplumy, obasenagat ulgamy we beýlkiler üçin hünärli işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy teklip etdi. Iki ýurduň parlamentarileriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigi hem bellenildi. 

Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň eýe bolan hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine we olary özara bähbitlere laýyklykda amala aşyrmak islegine daýanyp, gatnaşyklaryň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi. Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigini belledi. 

* * *

Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-inde kabul edildi. Şonda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Duşuşyklar şeýle hem ýurdumyzyň esasy pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň käbirinde meýilleşdirildi. 

Kanadaly ilçiniň Aşgabatda bolmagynyň maksatnamasynda Türkmenistanyň Baş milli muzeýine we Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görmek göz öňünde tutuldy.
Okalan sany: 240   Jogaplar: ( 3 )

marala
28 марта 2013

iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde alyp barýan işlerinde uly ästänlikler gazanmaklaryny arzuw edýärin

asmandakebelejik
29 марта 2013

Bu agzybirligiň nyşany, gowuja habargoodhalladym

NEXTTM
29 марта 2013

Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk syýasaty dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy we halkara giňişliginde uly abraýa mynasyp bolandygy türkmen halkyny begendirýär. good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13108 sek. ýüklenen baýt: 37015