Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TURKMENISTANYN PREZIDENTI MILLI EMELI HEMRANYN DOLANDYRYS MERKEZINE BARYP GORDI
Ýazylan wagty: 05 декабря 2014 Ýazan NEXTTM
TURKMENISTANYN PREZIDENTI MILLI EMELI HEMRANYN DOLANDYRYS MERKEZINE BARYP GORDI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welayatynda bina edilen Turkmenistanyn milli hemra ulgamynyn dolandyrys merkezine bardy.

Malim bolsy yaly, 2011-nji yylyn mayynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Turkmenistanyn Prezidentinin yanynda Milli kosmos agentligini doretmek hakynda” Permana gol cekdi. Yurdumyzyn halk hojalyk toplumyna ylmy gazanylanlary ginden ornasdyrmak, seyle hem kosmos isini osdurmek we kamillesdirmek onun ileri tutulyan maksatlaryna owruldi. Turkmenistanyn oz Garassyzlygynyn taryhynda ilkinji milli emeli hemrasy geljek yylyn 1-nji yarymynda aleme ucurylar. Milli kosmos agentligi hemra aragatnasygyny sazlamak, kosmos ginisligini owrenmek boyunca, Turkmenistanyn caginden emeli hemramyzy dolandyrmak boyunca isleri yerine yetirer.

Turkmenistanyn milli emeli aragatnasyk hemrasy orbita cykarylandan son ony dolandyrmak Ahal welayatyndaky  milli hemra ulgamyny dolandyrys merkezinden we Dasoguz welayatyndaky atiyaclyk dolandyrys merkezinden amala asyrylar.  

Milli hemramyz Turkmenistanyn aragatnasyk we telekommunikasiyalar ulgamyny has-da kamillesdirmek ucin hem agirt uly ahmiyete eye bolar. Munun ozi maglumatlar- kommunikasiya ulgamlaryny, Interneti, hemra telewideniyesini  dowrebaplasdyrmak hem-de osdurmek boyunca dowlet Bastutanymyzyn onde goyan wezipeleri babatda ayratyn mohumdir.

Emeli hemrany Dolandyrys merkezinde milli Liderimizi Turkmenistanyn Mejlisinin Baslygy, Ministrler Kabinetinin Baslygynyn orunbasarlary we harby hem-de hukuk gopayjy edaralaryn yolbascylary garsyladylar. 

Dolandyrys merkezinin zalynda yas hunarmen dowlet Bastutanymyzy onun sleyis ugurlary bilen tanysdyrdy. 

“Turkmen Alem 52.OE” milli aragatnasyk hemrasy  Yerin ustunden takmynan 36 mun kilometr uzaklykda yerlesyan, geostasionar orbitasyna cykarylar. Sunun yaly belentlikde hereket etmek bilen, emeli hemra 24 sagadyn dowamynda-- Yerin gije-gundizin dowamynda aylanys dowrunde  planetanyn dasyndan bir gezek aylawy amala asyrar.   Seylelikde, geostasionar orbitada hereket edyan hemra yerustunin bir nokadynda hereketsiz yagdayda “asylyp” durar. Onun ustundaki radioenjamlar yerusti radiostansiyalarynyn tolkunlaryny  guyclendirip, beyleki yerusti radiostansiyalaryna alyp esitdirer. 

Bizin  hemramyz milli telewideniyanin teleradio yaylymlaryny alyp esitdirmek ucin peydalanylar. Hemra yaylymlarynyn yokary esitdiris we gorkezijilik taraplary, seyle hem yokary goyberis ukybyna eye bolan teleyaylymlarynyn onlarcasyny tolkuna goybermage  mumkincilik berer. 

Hemra  biri-birinden birnace mun kilometr uzaklykda yerlesyan yerusti stansiyalarynyn arasynda  maglumatlary gecirmage, gin gowrumli Internet hyzmatlaryny bermage, uzak aralykdan okuwlary guramaga, lukmancylyk hyzmatlaryny bermage, sol sanda durli wideosekilli maslahatlary gecirmage, seyle hem aragatnasyk hyzmatlarynyn beyleki gornuslerini amala asyrmaga yardam berer.

Milli Liderimiz Dolandyrys merkezinin hunarmenleri bilen bolan sohbetdeslikde emeli hemrany yerustunden dolandyrmagyn ayratynlyklary bilen gyzyklandy.  

Hemranyn ahli enjamlaryndan maglumatlar we gozegcilik olcegleri Dolandyrys merkezinin kuwwatly kompyuter ulgamy bilen upjun edilen merkezi zalynda bellige alnar. Bu yerde merkezin hunarmenleri hemranyn hereketine, onun ulgamlarynyn isleysine  gije-gundizin dowamynda  gozegciligi alyp bararlar.

Dasoguz welayatynda bina edilen Hemrany dolandyrmagyn yerusti stansiyasy  is hasiyetnamalary boyunca Ahal welayatyndaky merkez bilen menzesdir we atiyaclykdaky dolandyrys nokady bolar. 

Seyle hem taze kosmos pudagy ucin yokary hunarli hunarmenleri tayyarlamaga uly uns berlendigi habar berildi. Merkezin hunarmenleri—Turkmen dowlet ulag we aragatnasyk institutynyn, Magtymguly adyndaky Turkmen dowlet uniwersitetinin ucurymlary, seyle hem dasary yurtlaryn yokary okuw mekdeplerini tamamlan agentligin isgarleri – fizikler, matematikler, mehanikler, aragatnasykcylar, awiatorlar we programmacylar dasary yurtlaryn degisli merkezlerinde okuw gecdiler,  hunarlerini kamillesdirdiler. Sertnama layyklykda, tehniki isgarler we operatorlar tayyarlanyldy. Olar yerusti stansiyalardan alemin orbital enjamynyn olceglerini yzarlap, gozegcilik ederler we dolandyrarlar. 

Merkez bilen tanyslygyn barsynda  Milli Liderimiz  hemrany doretmegin tapgyrlary, dolandyrys merkezinin  is usullaryny acyp gorkezyan wideorollik bilen tanysdyryldy. 

Sonra dowlet Bastutanymyz binanyn ikinji gatyna galdy we isgarlerin islejek jayyny, maslahatlar zalyny synlady.   Merkezin enjamlasdyrylysy bilen tansyp,  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yurdumyzy osdurmek boyunca iri mocberli maksatnamalary cozmek ucin in ondebaryjy alem tehnologiyalarynyn peydalanylmagynyn  taze taryhy eyyamda durmusa gecirilyan iri ozgertmelere sazlasykly gosulyandygyny nygtady. Aleme cykarylmagy geljek yylyn birinji yarymyna meyillesdirilen kopugurly alem  enjamymyzyn peydalanylmagy dine bir yokary hilli we ygtybarly aragatnasygyn yola goyulmagyna, yaylymlaryn hilinin yokarlanmagyna mumkincilik berman, ol ykdysady taydan-da bahbitli adim bolup duryar. 

Dowlet Bastutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ozbasdak hemramyzyn bolmagynyn artykmaclyklary barada aytmak bilen, munun ykdysadyyetimizi diwersifikasiya yoly bilen osdurmage, taze ykdysady ulgamlarda an-dusunje kuwwaty  artlyrmaga, ylmy ugurly taslamalary amala asyrmaga mumkincilik berjekdigini ayratny nygtady. Bu bolsa tutuslygyna innowasiya ugrukdyrylan ykdysadyyeti doretmage yol acar. Milli hemramyzyn yere golay orbita cykarylmagy ykdysadyyetimizin telearagatnasyk zerurlygyny upjun etmage we bu ulgamyn duzumlerini kamillesdirmage yardam eder.  

Hemranyn ulanylmaga berilmegi, ilkinji nobatda, yurdumyzyn ahli cagini yokary tizlikli Internet ulgamy bilen upjun etmage, seyle hem yokary cozujilikli formatda has yokary hilli sanly telewizion geplesikleri gorkezmage yardam berer diyip, dowlet Bastutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.  Hatda in alysda yerlesyan  obalary 
hem oz icine almak bilen  milli emeli hemramyz aragatnasygyn we dolandyrysyn innowasiya ulgamyny doretmek ucin ayratyn ugur bolar. Mundan basga-da, hemra aragatnasygy Turkmenistanda alem  bilen baglanysykly barlag islerini osdurmage we kamillesdirmage yardam berer,  yurdumyzyn halkara abrayyny has-da yokary galdyrmaga gulluk eder.  

Milli Liderimiz  bu yerde islejeklerin netijeli zahmet cekmegi ucin amatly sertlerin doredilmeginin mohumdigine unsi cekdi. 

Hormatly Prezidentimiz degisli yolbascylara birnace belliklerini we tekliplerini aytdy hem-de ahli taslamalar durmusa gecirilende hem-de merkezin onunde goylan wezipeleri cozmekde ondebaryjy inzener-tehniki oy-pikirlerden, innowasion tehnologiyalardan,  toplumlayyn we ulgamlayyn cesmelerden   ugur alynmalydygyny nygtady. 

Dowlet Bastutanymyz Turkmenistanyn Milli hemra agentliginin  dolandyrys merkezinde alnyp barylyan isler  bilen tanyslygyny tamamlap, dolandyrys merkezinin bokdencsiz we howpsuz islemegini upjun etmegin, seyle hem   onun toweregindaki yerlerin abadanlasdyrylmagyna, gok zolaklaryn, doredilmegine oylanysykly cemelesmegin wajypdygyna unsi cekdi. 

Milli Liderimiz dolandyrys merkezi bilen tanyslygynyn  netijelerini  jemlap, kosmos pudagyny has-da osdurmek boyunca bellenen meyilnamalary durmusa gecirmek meselelerini berk gozegcilikde saklamak barada degisli yolbascylara anyk tabsyryklary berdi.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  bu yere yygnananlara islerinde ustunlik arzuw edip, olar bilen hoslasdy we  bu yerden ugrady. 

Okalan sany: 1907   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07784 sek. ýüklenen baýt: 39581