Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Hünärmenler 2014-nji ýyldaky kiberhüjümleriň hasabatyny çap etdiler
Ýazylan wagty: 11 декабря 2014 Ýazan Flash


Mobil Android
enjamlaryna bolan hüjümler geçen ýyla garanyňda 4 esse köpeldi.



“Kaspersky laboratoriýasynyň” web
portalynda ýerleşdirilen maglumatlara görä, 2013-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2014-nji
ýylyň noýabr aýy aralygynda bu kompaniýanyň önümleri Android operasion
ulgamynda işleýän enjamlara bolan hüjümleriň 1 363 549 sanysyny bloklady.
2012-2013-nji ýyllar bilen deňeşdirilende Android enjamlaryna bolan hüjümler 4
esse köpeldi. Ýagny, şeýle enjamyň her 5-nji ulanyjysy mobil hüjümlere sezewar
bolupdyr. Onuň 53% pul ogurlamak boýunça mobil troýanlarydyr. 12,3 % SMS
troýanlaryny ulanmak arkaly hüjümler. Onuň bilen bilelikde mobil bank
troýanlarynyň sany hem 9 esse köpeldi we olar 12 100 sanydyr. Hüjüm edilen
döwletleriň sany hem köpeldi: mobil bank troýanlary 90 sany döwletde ýüze
çykaryldy. Şeýle hüjümlere has köp zyýan çeken Russiýa Federasiýasy bolup
durýar.



Ulanyjylaryň kompýuterlerine
bolan web-hüjümler boýunça 2014-nji ýylda olaryň sany 1 432 660 467 ýetýändir.
Kaspersky laboratoriýasynyň gorag önümleri tarapyndan bank hasabatlaryny onlaýn
arkaly pullary ogurlamaklyk üçin niýetlenen zäherli programmalaryň 16 552 498
sanysy hasaba alyndy. Has giň ýaýran bank troýanlarynyň biri ZeuS, ikinji ýerde
Trojan-Banker.Win32.ChePro, üçünji ýerde Trojan-Banker.Win32.Lohmys. Beýleki maliýe
howplaryna Bitcoin-gapjyklaryny talamaklyk (14%), Bitcoin-maýning (10%) degişli
bolup durýar.



Hünärmenler web-hüjümleri ýagny, spamlary
ýaýratmakda döwletleriň arasyndaky liderleriň hasabatyny hem berdiler. Olar:
ABŞ (27,25%), Germaniýa (16,62%) we Niderlandlar (13,41%).
Okalan sany: 363   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04618 sek. ýüklenen baýt: 51678