Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Beýnä dynç bermeli.
Ýazylan wagty: 29 марта 2013 Ýazan NEXTTM
 Beýnä dynç bermeli.

Lukmanlaryň tassyklamagyna görä, häzirki zamanda iň köp duş gelýän keselleriň biri nerwiň aşa ýadamagy, ýagny, strestir. Günüň dowamynda 8-10 sagat ýatmak, arassa howada köpräk gezim etmek, umuman, işjeň hem aladasyz ýaşamak her kime başardaýanok. Şonuň üçinem dartgynly iş ýagdaýynyň hem öý-işik, maşgala aladalarynyň beýniň aşa ýadamagyna getirýän halaty seýrek bolmaýar. Bu ýagdaý yzygiderli gaýtalanyp, uzaga çeken pursadynda ol agyr pisihiki bozulma getirýär.

Şeýle bolmazlyk üçin nerw dartgynlygyny ýeňip geçmegi endik edinmeli. Bu beýle bir kynam däl. tansyň kömegi bilenem beýnä dynç berip bolar. Tans etmek hatda juda sussupes adamyň hem keýpini göterýär. Esasy zat gowy ýatlamalary oýarýan ýa-da kalba ýakymly bolan islendik sazy saýlap, oňa goşup sazlaşykly hereket etmekdir. Bedeniň özi zerur hereketi tapyp, oňurga dikelýär, dem alyş çaltlanyp, öýkenler arassalanýar. Nerw dartgynlylygy kem-kemden aýrylýar.

Beýni ýadawlygyny däri-dermansyz bejermegiň ýene-de birnäçe usuly bardyr. Meselem, aşhanada nahar taýýarlap ýa-da gezelenç edip ýörkäňiz haýsydyr bir aýdyma hiňlenmegem nerwi dartgynlylygyny köşeşdirip, keýpiňi göterýär. Örmek ýa-da keşde çekmek bilen meşgullansaňyz bolsa, bu el işleriniň nähili rahatlyk hem içki kanagatlanma duýgusyny döredýändigini şobada duýarsyňyz. Bulardan başga-da, tikin işdir örtmeklik gündelik aladalardan, galagoply pikirlerden ünsüňi sowýar.
                  
Bezeg ösümlikleri tebigatyň gözelligine görk goşýar.Daşky gurşawy gowulandyrýar. Şäherleri,şäherçeleri,oba ýerlerini bezemek bilen bilelikde agaçlar köptaraplaýyn sanitar-gigiena, gorag, estetika, arhitektura ähmiýetine eýedirler.

Bagçylygy ösdürmek ilatly ýerleri abadanlaşdyrmakda ähmiýetli bolmak bilen birlikde olar howany kislorod bilen baýlaşdyrýar, howany arassalaýar. Dürli görnüşli agaçlaryň köpüsi kükürtli gazy, azodyň, uglewodyň birleşmelerini, ftory, hlory özüne siňdirýär.
       
Howa agaç şahalarynyň arasynda geçende onuň bölüp çykarýan gazlary kesel dörediji mikroblaryň köpüsini ýok edýär.Tokaý agaçlarynyň täsiri bilen howanyň himiki düzümi hem fiziki ýagdaýy hem gowulanýar.

Agaçlaryň şahalary howany iýonlaşdyrýar, sagaldyjy ozonlaryň emele gelmegine ýardam edýär. Bu örän möhümdir. Agaçlar sesiň güýjüni peseltmekde hem ähmiýetlidir. Ýaprakly agaçlar sesiň güýjüni 25 göterim saklaýarlar. Agaçlar dogry saýlanyp oňaýly edilip oturdylanda, olar sesiň güýjüniň 60 göterime çenlisini özüne siňdirip peseldip bilýärler. Şeýlelikde dürli agaçlar,bezeg baglary adamlaryň saglygynyň gowulanmagyna, ruhy taýdan sagdyn bolmagyna we iş öndürijiliginiň artmagyna mümkinçilik berýär.
        
Agaçlaryň, gyrymsy bezeg baglarynyň gymmatly tarapy diňe bir sagaldyş ähmiýeti bilen çäklenmeýär. Olar şäherleri, obalary bezeýär.    

Okalan sany: 394   Jogaplar: ( 5 )

Betman
29 марта 2013

Peýdaly maslahatlaryňa sag bol, bilmeýän admlar üçin gaty peýdaly, good

asmandakebelejik
29 марта 2013

käbir keselde saglygyňy dikeltmek adamlaryň özlerine bagly bolup durýar

Garabeg
29 марта 2013

Beýnä dynç bermeseňem ýaşap bolarmy elbetde dynç bermeli,diablo

marala
29 марта 2013

Şona dogry aýtýaňyz kellä dynç bermän işleseň gije gowy ukyňam alyp bolanok,good

Mayichka
30 марта 2013


Beýnä dynç bermek barada ýazanlaryňyza sagbolsun aýdýarys.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,40078 sek. ýüklenen baýt: 35026