Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Näme üçin?
Ýazylan wagty: 19 декабря 2014 Ýazan Marala


Näme üçin? 

Ol kimden nägile? Alyp bukjasyn 
Ýazdy epinlerin toý köýnegiň. 
Başyn aşak salyp, gamlandy birden, 
Diýdi: ― "Sen nirede, ýaşlygym meniň?"

Bu şeýle bolupdy: ýetişipdi ol, 
Ýatlandy gyz juwanlygynyň geljegin. 
Akyl goýalmandy. Şonda-da päkdi, 
Kim bilýär geljeginiň näme boljagyn? 

Solupdy ýürekde güllän sýögüsi, 
Rehimsizlik bilen taşlanypdy ol. 
Kalbyndaky söýgi zäherlense-de, 
Duýgular diýdiler gyz: ―"Belent bol!"

Başarypdy giň hem belent bolmagy, 
Gyňaç-da solan söýgüsi ony. 
Ne gözel gijeler geçenin ýatlap, 
Az däldi ahmyrkly geçiren güni. 

Öldi söýgi. Ýandy söýgi, kül boldy, 
Ýatlamalar ýaşaýar ol ýürekde. 
Hawa, şol gözel gyz garrady bu gün, 
Ahmyrly, şol köýen söýgüsi hakda. 

Belki, ol ömründe köp şatlyk görüp, 
Başarandyr ýene-de bir söýmäni. 
Bilemok onçasyn, bilýärin şuny: 
Ilkinji söýgi üçin köp çekdi gamy.

Käte şeýle bolýar. Ilçilik ahyr. 
Ýöne diýmäň muňa: ―"Pelek gerdişi". 
Aýdyň siz, nämüçin ol gözel gyzyň 
Toý köýnegin ýazyp, aglap oturşyn?

Okalan sany: 1065   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03725 sek. ýüklenen baýt: 31887