Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Türkmen grafika eserleriniň sergisi.
Ýazylan wagty: 28 декабря 2014 Ýazan NEXTTM
        Garaşsyzlyk döwrüniň neşirýat gullugynda grafikaçy suratkeşleriň tutýan   orny aýratyn ähmiýete eýe boldy. Yzygider neşir edilýän çeper edebiýatlaryň we žurnallaryň bezeg işlerinde grafika usullarynda taýýarlanan eserleriň ýerleşdirilmeginiň täsirli aýratynlyklary bar. Grafika hem özboluşly tehniki usullary we temalary boýunça has-da döwrebap eserleriň döredilmegini talap edýär. Çagalara bagyşlanan edebi esereri, nusgawy çeper edebiýatlaryň bezeg işlerini suratlandyrmakda suratkeşlerden örän jogapkärli pikirlenmegi talap edilýär.

    Neşir önümlerinde grafikaçy suratkeşleriň döwrebap goşandy ýokarydyr, bu ugurda aýratyn hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň ýurdumuzyň neşir önümleriniň owadan çykmagynda öz goşantlaryny goşup gelýärler. Grafika sungatynyň kämilleşmeginde we türkmen grafikasynda kitap bezeginiň ähmiýetine üns berilmeginde bu döwrüň mynasyp ornuny eýeleýär. Geçirilýän toparlaýyn we şahsy sergilerde suratkeşleriň aýry-aýry döreden eserlerine ähmiýet berilmegi, bu ugruň ösmegine itergi berýär. 1960-1970-nji ýyllarda türkmen grafikasynyň ähli görnüşleriniň we žanrlaryň güýçli ösen döwri hasaplanýar. Türkmen grafikasynyň segsen ýyldan gowrak taryhy bar. Bu uzak ýylyň dowanynda ol döwrüň talabyna görä, yzygiderli ösdürilip gelindi, netijede özboluşly suratlaryň kemala gelmegine getirýär. Soňky onýyllyklaryň içinde türkmen grafikasy has yzygiderli we giň özgerişe eýe boldy. Munuň özi türkmen sungatynyň özboluşly ösüşiniň alamatydyr. Şu gün akademiýanyň sergiler zalynda grafika kafedrasynyň mugallymlary hem-de altynjy ýyl talyplary öz şahsy sergilerini gurnadylar. Bu hem bolsa ýenede halypa, şägirt ýolunyň barha kämilleşýändigini görkezýär. Halypalar bilen olaryň şägirtleriniň eserlerini synlamak beýleki sergilerden has-da tapawutlanýar. Talyplaryň eserlerinde ilkinji halypalyk ýollaryny duýmak bolýar. Muňa mysal edip, Babaýew Kakageldiniň hemde Gurbannazarow Bezirgeniň plakat eserlerini aýtmak bolýar. Jumaýewa Jahanyň hem-de Jumaýewa Oguljahanyň döreden ajaýyp peýsažlary we grafika eserleri özüne çekijiligi bilen tapwutlanýar. Bu bolsa Döwletimiz tarapyndan okamaga, öwrenmäge, sungat bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleriň döredilendigine ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär.
Okalan sany: 276   Jogaplar: ( 1 )

Krassavchik
29 декабря 2014

yahoo yahoo yahoo


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12822 sek. ýüklenen baýt: 31455