Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Dizaýn. Döredijilik sergisi.
Ýazylan wagty: 29 декабря 2014 Ýazan NEXTTM
Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen gün-günden pajarlap ösýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ylymda, bilimde, ykdysadyýetde, syýasatda, saglygy goraýyş we sport ulgamynda şeýle hem medeniýetde, metbugatda uly-uly öňegidişliklere eýe bolýar. Munuň aýdyň mysallary hökmünde Diýarymyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler hemde döwlet ähmiýetli çäreler Watanymyzyň gülläp ösýändiginden hem-de bedew bady bilen öňe barýandygyndan habar berýär. Şu ähmiýetli işleriň sakasynda bolsa Hormatly mähriban hemde gahryman arkadagymyzyň başlangyçly işleri biz ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup durýar.

Şeýle-de Watanymyzda has-da ýokary depginlerde ösýän pudaklaryň biri bolan ylym-bilim ulgamy dünýäniň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gidýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde biziň hem ylym-bilim we döredijilik ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem uly-uly döredijilik çäreleri geçirilýär. 

Ýagny biziň ýokary okuw jaýymyzda sungatyň ähli görnüşlerinden nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, arhitektura, dizaýn, amaly-haşam we sungatyň taryhy ýaly dürli ugurlardan ylym-bilim alýan zehinli talyplar ýurdumyzda geçirilýän her bir çärelerine özleriniň döredijilik sowgatlary bilen barýarlar. Şeýle-de ýokary okuw jaýymyzda däp bolup gelýän şahsy we toparlaýyn sergiler soňky döwür özüniň ýerlikli netijesini berýär. Aýratyn hem tematiki sergiler suratkeşleriň döredijilik aýratynlyklaryny aýdyň açyp görkezýär. Okuw jaýymyzda geçirilýän her bir serginiň talyp ýaşlar üçin uly ähmiýetli bolup, olaryň döredijiligini has-da kämilleşdirmeklige, gözýetimlerniň giňemekligine uly itergi berýändir. 

Şunuň ýaly ajaýyp sergileriň biri hem “Dizaýn” hem-de “Heýkeltaraşlyk” kafedralarynyň bilelikdäki sergisidir. Bu sergä talyp ýaşlar bilen bir hatarda uly mugallym Gylyjow Rozygeldi hem gatnaşýandyr. Mugallym sergide “Türkmen saçagy”, “Daşda galan müňýyllyklar” ýaly birnäçe eserlerini görkezýär. Dördünji ýyl talyp ýaşlardan Mürriýewa Gurbangözeliň “Wagtyň asudalygy”, “Akmaýanyň ýoly”, Amangeldiýewa Gülbaharyň “Gijeki maslahat”, “Iki ýüzli sypatlar”, Allaýarowa Enebaýyň “Säher çagy” ýaly eserlerni sergileýärler. Talyp ýaşlaryň ýerne-ýetiren her bir eserleriniň aglabasy tebigatyň gözelligini, durmuş alnan sahnalary, adamlaryň portretleri, realstik hem-de täze çeper akymlaryň üsti bilen beýan edýärler. Bu eserler talyplaryň ylym, bilim derejesini, adamkärçiliklerini we içgi dünýäsiniň dolulygyny açyp görkezýär. Biz talyp ýaşlara mundan beýläk hem döredijilik äleminde uly üstünlikler arzuw edýäris. 
Okalan sany: 303   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03555 sek. ýüklenen baýt: 31226