Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
-EJE-
Ýazylan wagty: 03 января 2015 Ýazan Marala
-EJE-

Tebigata gyşyñ demi ýaýrady,
Ýodalarda buzlar döndi düşege.
Mähribanym, ýene senden jañ geldi:
"Balam, sowuk. Ýyljak geýin, üşeme!"

Ýok, eje jan, tenim sowuk duýanok,
Egnimde palto bar, elimde ellik,
Aýagymda ýüñ jorabym, ädigim.
Häzir-ä üst-başym gülala-güllük!

Ýöne, eje, kalbym üşeýär juda,
Gagşaýar, gatadyp barýar ýüregmi.
Hut häzir men muny diýmän bilemok,
Öt günämi agyrdaýsam ýüregñi!

Göni gursagymy nyşan edinýär
Töwerekde otly sözleñ tikeni.
Indi magat göz ýetirdim: Ogluña
Käbäm, diñe sen düşünjek ekeniñ.

Gargalar başyma hekem boldy-da,
Gonup bilmän, gökde durnam jyklaýar.
Ýaşlykmy, ýatlykmy, garaz, bir zad-a
Kalbymy dyngysyz dyrnaçaklaýar.

Men ýene kän zady öwrendim bärde,
Duşman däl tumşugña kakan her kişi,
Dost bolmaýar her ýüzüñe gülenden,
Eje, ogluñ iñ aýylganç etmişi:
Maña ynananlañ köýdi tamasy,
Ynandym ynama deger-degmeze.
(Aslynda, hemmämiz şeýle,
Pyçagy
duýýas direlende kekirdegmize.)

Tebigata gyşyñ demi ýaýrady,
Ýodalarda buzlar döndi düşege.
Arkaýyn bol, alada-da etme sen,
Eje, ogluñ ýyly geýnen - üşemez!


Okalan sany: 594   Jogaplar: ( 3 )

Krassavchik
05 января 2015

yashasynlar baky jan ejemiz!!!

NEXTTM
05 января 2015

eje gadryny eje bolan biler, ejelerin jany sag yashy uzyn bolsun! mahriban kabeler!good

NEXTTM
05 января 2015

eje gadryny eje bolan biler, ejelerin jany sag yashy uzyn bolsun! mahriban kabeler!good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03574 sek. ýüklenen baýt: 32243