Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi
Ýazylan wagty: 29 марта 2013 Ýazan Mayichka

                                                                                                           


Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän ajaýyp däpleri bilen sazlaşýan döwrebap baýramçylyk hökmünde her ýyl bellenýän Bütindünýä Saglyk gününi täze mazmunly ýörelgeler bilen rowaçlandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ösdürmek, şeýle hem halkymyzyň arasynda giň goldaw tapan sport hepdeliklerini geçirmek baradaky asylly başlangyçlary dowam etmek maksady bilen, ýurdumuzyň ähli künjeklerinde Aprel aýynyň 1-7-si aralygynda Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi geçiriler.


  Sizi Aşgabat şäherinde Sagdynlyk we bagtyýarlyk  hepdeligi mynasybetli geçiriljek sport ýaryşlarynyň senesi, geçirilýän ýeri we wagty bilen tanyşdyrýarys.


    Aprel aýynyň 1-ne “Aşgabat” Köpugurly stadionynyň tennis kortunda Tennis boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçiriler.Ýaryşa ir sagat 10:00 badalga berler.


 Şol gün “Olimpiýa” suw sport toplumynda Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçiriler.Bäsleşik sagat 15:00-da başlanar.


  “Aşgabat” Köpugurly stadionynyň daşyndaky aýlow ýolynda Aprel aýynyň 1-ne sagat 16:00-da  Tigir sürmek boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirilýär.


   Aprel aýynyň 1-7-si aralygynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän futbol meýdançalarynda Futbol boýunça dürli ýaşlardaky türgenleriň arasynda ir sagat 10:00-da ýaryş başlanar.


  Aprel aýynyň 2-ne   “Aşgabat” Köpugurly stadionynda Agyr atletika boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçiriler. Ýaryş 10:00-da başlanýar.


  Şol gün Gylyçlaşmak boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi  “Aşgabat” Köpugurly stadionynda sagat 15:00-da başlanar.


   Aprel aýynyň 3-ne “Galkynyş’’ sagaldyş sport toplumynda Kik-boksing boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty sagat 10:00-da başlanar.


   Şol gün “Galkynyş’’ sagaldyş sport toplumynda Boks boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçiriler.Ýaryş sagat 12:00-da başlanar.


   Ýene-de şol gün sagat 15:00-da “Galkynyş’’ sagaldyş sport toplumynda Adaty karate Aşgabat şäheriniň çempionaty geçiriler.


   Aprel aýynyň 4-ne Erkin göreşden, Grek-rim göreşinden ‘’Aşgabat” sagaldyş sport toplumynda sagat 10:00-da hem 15:00 da Aşgabat şäheriniň birinjilikleri geçiriler.


  Aprel aýynyň 5-ne ‘’Aşgabat” sagaldyş sport toplumynda Çeper gimnastikadan, Basketboldan, Woleýboldan Aşgabat şäheriniň birinjiligini almak ugrundaky bäsleşikler geçiriler.


    Aprel aýynyň 5-ne “Aşgabat” Köpugurly stadionynda Aşgabat şäheriniň sport mekdepleriniň türgenleriniň arasynda ýeňil atletikanyň birnäçe görnüşleri boýunça ýaryş we köpçülikleýin sport görkezme çykyşlary geçiriler.Görkezme çykyşlar sagat 15:00-da başlanar.


   Aprel aýynyň 6-na ‘’Aşgabat” sagaldyş sport toplumynda Kýokuşinkaý karate boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi sagat 10:00 da geçiriler.


  Şol gün sagat 12:00-da ‘’Aşgabat” sagaldyş sport toplumynda sportuň täze görnüşleriniň biri Kabaddi boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçiriler.


  Küşt sport klubynda Aprel aýynyň 6-na sagat 10:00-da Aşgabat şäheriniň çempionaty geçiriler.


  Ýene-de Aprel aýynyň 6-na sagat 15:00-da ‘’Aşgabat” sagaldyş sport toplumynda Aýkido boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçiriler.


  Aprel aýynyň 7-ne ‘’Aşgabat” sagaldyş sport toplumynda sagat 10:00-da Hapki-do boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçiriler.


  Aprel aýynyň 7-ne ‘’Aşgabat” sagaldyş sport toplumynda sagat 10:00-da Dzýudo göreşi boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçiriler.


  Gimnastika sport toplumynyň sagaldyş sport toplumynda sagat 10:00-da Sport gimnastikasy boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçiriler.


 Ähliňizi ýetip gelýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk  hepdeligi mynasybetli  gutlaýaryn!!!


 


 


Okalan sany: 303   Jogaplar: ( 4 )

marala
29 марта 2013


marala
30 марта 2013

Sag bol sport täzelikleri üçin, nesip bolsa bizem gatnaşýarys, dance

Betman
30 марта 2013

menä şu ýaryşlar diýip bir aý bäri taýarlykda, dance

NEXTTM
30 марта 2013

goodHabarlaryňyz üçin minnetdar, öz bilýän maglumatlaryňyzy biziň bilen paýlaşýanyňyza sag bol!good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14347 sek. ýüklenen baýt: 41176