Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Hrizantema
Ýazylan wagty: 20 января 2015 Ýazan Sasoltan

 


    


 


Hrizantemany güýz bagynyň şazadasy hasaplaýarlar. Onuň açyksy reňki, gelşiklije şekili bagyň görnüşini has gözelleşdirýär. Soňky döwürler bu ajaýyp güller biziň ýurdumyzda has köp ekilýär. Aslynda onuň watany Ŷaponiýa we Hytaýdyr. Arheolog alymlar iki müň ýyl mundan ozal ýasalan hytaý farforynda onuň şekiljigini aniklapdyrlar. Hrizantema—şeýle eýjejik, owadanja gül, şonuň üçin hem bu gülüň şekiljigi käbir ýurtlarda milli emblema hökmünde Kabul edilip, şol ýurdyň nyşany hasaplanylýar. Meselem, Ŷaponiýadaky imperator öýüniň tugrasynda hrizantema şekillendirilip, ýaponiýalylaryň daşary yurt pasportlaryna-da goýulýar. Hrizantema güljagazlaryna dürli matalaryň, gap-gaçlaryň  bezeglerinde duşýarys.


Ŷaponçadan terjime edilende bu  gülüň ady “Gün” ýagny ähli dünýä ýagtylyk, ýaşaýyş berýär diýen manyny aňladýar. Gündogarda bu güli diýseň gowy görýärler, hatda  şanyna ýörite baýramçylyklar  geçirilýär. Şol baýramçylyga “Hrizantemanyň güni” diýýärler. Amerikanyň Birleşen ştatlarynda bolsa käte  noýabr aýy hrizantema aýy diýilip hem atlandyrylýar. Şol  döwürde bu güle bagyşlap ýörite  çäreler yglan edilýär. Ŷörite sergilerde, festiwallarda  hrizantema müň öwüşgünli gözelligi bilen saýlanyp dur. Floridada  bolsa ýylyň-ýylyna hrizantemalaryň festiwalyny geçirmek däbe öwrülipdir. Şol ýere üç millionlap gül getirilýär. Sebäbi hrizantemanyň diňe bir gözelligi däl, eýsem, onuň lukmançylykdaky ähmiýetinede ýokary baha berilýär. Biler bolsaňyz, onuň gül ýaprajyklarynyň düzüminde biziň bedenimiziň sagdynlygyny üpjün edýän efir ýagynyň baý mukdary saklanýar. Onuň terje ýaprajyklaryny arassalanan ösümlik ýagynda bir hepdeläp saklasak, gan basyşy kadaly däl näsaglara peýdaly melhem bolýar. Şol melhem ýag bilen ýaňagyňy owkalasaň , kelläň agyrysy aýrylýar, guryagyra em bolýar. Hrizantemanyň gül ýaprajyklary atylan suwa düşmeklik  sowuklamanyň öňüni alýar. Hytaýda hrizantema güllerinden ýakymly tagam taýynlaýarlar. Alysdan gelen jahankeşdelere bu süýji tagam hödür edilýär.


Hrizantemanyň  köp görnüşleri mazaly sowuk düşýänçä gülleýärler. Käte bolsa, gara bürenip oturan  hrizantema güllerinede gabat gelýäris. Ak, sary, mämişi, mele, mawym gyzyl hrizantemalar gözelligi bilen hemişe göwnüňi göterýär.


Güller—biziň durmuşymyzyň bezegi.


Okalan sany: 304   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06539 sek. ýüklenen baýt: 34078