Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
DOSTLUK, DOGANLYK WE HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK GATNAŞYKLARY BERKIDILÝÄR
Ýazylan wagty: 21 января 2015 Ýazan NEXTTM
DOSTLUK, DOGANLYK WE HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK GATNAŞYKLARY BERKIDILÝÄR

21-nji ýanwarda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana döwlet sapary başlanýar.

Bu sapar we Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikler däbe öwrülen, täze mazmuna eýe bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmegiň we ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar. 

Öz daşary syýasy strategiýasyny ilki başdan oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerinde guramak bilen, Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň halkara hyzmatdaşlyk, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan çykyş edýär. Şunda goňşy döwletler, şol sanda doganlyk Owganystan bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkyny goňşy ýurduň halky bilen köpasyrlyk dostluk däpleri we taryhy-medeni umumylyk birleşdirýär. 

Şu asylly däplere üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinde öz günorta goňşusyna kömek goluny uzatdy hem-de şu ýyllaryň içinde Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna hemmetaraplaýyn ýardam edip gelýär. Asuda we abadan durmuşa bolan ymtylmasynda owgan halkyny goldamak bilen, Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny we suwuklandyrylan gazy ýeňillikli bahadan berýär, goňşy ýurtda durmuş maksatly desgalary gurýar, işgärleri taýýarlamakda goldaw berýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, türkmen döwleti Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly kadalaşdyrmak nukdaýnazaryndan çykyş etmek bilen, geljekde hem owgan ykdysadyýetini we durmuş düzümini dikeltmäge gönükdirilen anyk ädimleri äder. Türkmenstanyň Baştutanynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki iri halkara maslahatlarynda öňe süren döredijilikli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolup, dostlukly ýurtda ruhubelentlik bilen kabul edildi. 

Gürrüň, hususan-da, ýakyn geljekde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň  bellenilen gurluşygy hakynda barýar. Bu giň gerimli energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi owgan ykdysadyýetini ösdürmäge, maýa goýumlaryny çekmäge, ileri tutulýan durmuş meselelerini çözmäge, şol sanda täze iş orunlaryny döretmäge gös-göni ýardam eder. Umuman, täze energoköpriniň gurulmagy dünýäniň energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman arhitekturasyny döretmäge uly goşant bolar, Merkezi we Günorta Aziýada hem-de goňşy sebitlerde umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirer, kontinentde syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylygy berer. 

Ozal bellenilişi ýaly, elektroenergetika ulgamy türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda «Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013—2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna» laýyklykda, Lebap welaýatynda kuwwatly elektroenergetika düzümi döredilýär. Ol gaztrubinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen elektrik podstansiýalary öz içine alýar. Munuň özi ýurdumyzyň gündogar sebitiniň elektrik energiýa bolan islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen elektrik energiýasynyň beýleki ýurtlara, şol sanda Owganystana iberilýän möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Ulag-aragatnaşyk ulgamynda hem netijeli döwletara gatnaşyklary üçin uly mümkinçilikler bolup, ol biziň ýurtlarymyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylda Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Täze polat ýol geljekde sebit we halkara derejesinde üstaşyr-ulag ýollarynyň möhüm bölegine öwrüler. Mahlasy, türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy mälimdir. Şu nukdaýnazardan bilelikdäki türkmen-owgan hökümetara toparynyň işine uly orun degişlidir. 

Garaşylyşy ýaly, ýokary derejedäki nobatdaky türkmen-owgan gepleşikleriniň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygynyň — ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde meseleleriň giň topary giriziler. Iki ýurduň Liderleri ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak we uzakmöhletleýin geljek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek duşuşygyň jemleri boýunça täze ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen bagly bolan biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky netijeli syýasy gatnaşyklary has-da ösdürmäge, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gürrüňsiz täze itergi berer.
Okalan sany: 1531   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06410 sek. ýüklenen baýt: 35374