Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Keramikaçy zenanyň owadan dünýäsine syýahat
Ýazylan wagty: 03 февраля 2015 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowanyň döredijiligi türkmen amaly-haşam sungatyndaky gaýtalanmajak hadysa bolup, tomaşaçylary özüniň näzikligi, çeperçiligi bilen özüne bent edýär. Ol terrakotada, faýansda, farforda, şamotda dürli döwürler bilen bagly keşpleri döretmeklik bilen, özüniň dünýä bolan  garaýşyny hemmelere düşnükli etmeklige çalyşýar. Onuň ussat ellerinden çykan keramikada hem nakgaşçylyk, hem heýkeltaraşlyk, hem saz, hem tans birleşdirilen ýaly bolup görünýär.

Ussadyň eserlerindäki her bir taslama türkmen halkynyň baý ruhy medeniýetini, öz halkyna bolan uly söýgüsini özüne jemleýär. Halypanyň sergisine düşen her bir tomaşaçy päkligiň, mähremligiň, gözelligiň, wepadarlygyň nyşany bolan gelin-gyzlaryň farfordan we toýundan ýasalan “Gelinler” (1982), “Gyzlar” (2007), “Bahar” (2007), “Kürteli gelinler” (2008) eserleri muňa şaýatlyk edýär. Bu işlerde zenan suratkeşiň milli nagyşlaryň dürli görnüşlerini ýokary ussatlyk  bilen ulanyp bilýändigi görünýär. Bu eserlerde örän inçelik bilen toýun duýulyp, önümleriň göwrümleri we reňkleri sazlaşykly ulanylyp, bütewi bir keşbe birleşýär.  Inçelik bilen pikirlenip döredilen eserler özüniň gözelligi, deňölçegliligi, gurluşyň kämilligi bilen tapawutlanýarlar (“Gözellik” (2005), “Gunça” (2010), “Galkynyş” (2007). Ussadyň türkmen tebigatynyň dürli häsiýetlerini inçelik bilen duýup, onuň her bir jandaryň ýürek urgusyny, her bir ösümligiň mymyjak şemalyna öwsüp durşuny dürli çyzyklaryň, reňk öwüşginleriň sazlaşygy esasynda berip  bilmegi  halypanyň “Garagum” (2008), “Çöl şemaly” (2010), “Pasyllar” (2010), “Günortan gijesi” (2011), “Älemgoşar” (2011), “Garagum” (2012), “Jeýhun” (2012) ýaly işlerinde öz beýanyny tapýar. Türkmenistandaky gadymy taryhy ýadygärlikleri bilen içgin gyzyklanýandygyny, olary çuňňur bilýändigini keramikaçynyň “Gyzgala” (2009), “Törebek hanym” (2010), “Tekeş” (2011) haşam küýzeleriň taslama çözgüdiniň aýdyňlygynda şöhlelendirilýär.
 
Suratkeşiň fantaziýasy çäksizdir. Şonuň üçin oňa ýeňillik we nepislik bilen keramika sungatynyň ajaýyp nusgalary döredip bilmek başardýar. Suratkeşiň kämilligi diňe bir kiçi göwrümli heýkeltaraşlygynda, haşam küýzelerde, çaý serwizlerinde däl-de, eýsem onuň Türkmenistanda gurlan binalaryň içki bezegine degişli uly göwrümli işleri ussatlyk bilen  ýerine ýetirmegindedir. Mysal üçin, Aşgabat şäherindäki “Syýahatçy” myhmanhanasynyň dynç alynýan zallaryndaky işleri, Yzzat Glyjow we Glyçmyrat Ýarmämmedow bilen bilelikde el bilen ýerine ýetirilen ençeme pannolary, 2011-nji ýylda bolsa täze açylan Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatyndaky “Çigildimler” atly monumental taslamasy  we Türkmen medeniýet institutyndaky “Saz” atly monumental pannosy özüniň mynasyp ornuny tutmak bilen keramikaçy zenanyň ýiti zehininiň köptaplydygyna şaýatlyk edýär.
 
Dursunsolmaz Muhammedowa diňe bir ussat keramikaçy däl-de, ol geljekki keramikaçy suratkeşleri ýetişdirýän halypa mugallymdyr. Türkmenistantanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Keramika” bölümini üstünlikli tamamlan,  häzirki wagtda bilim alýan ýaş keramikaçylar halypasy ýaly döwrüň, halkyň, aýratyn bir şahsyýetiň, milli däp-dessurlaryň nusgalaryny jemläp, öz eserlerini anyk we umumylaşdyrylan görnüşlerde dürli-dürli edip sazlaşdyrýarlar.
 
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şeýle hyjuwly, owadan, durmuşy söýýän, zähmetsöýer zenanyň elbetde ýene-de köp döredijilik pikirleri we meýilleri bar. Geljekde hem  gözellige, türkmen topragyna bolan çäksiz söýgi onuň joşup duran kalbynda täze-täze eserleriň döremegine getirip, türkmen sungatynyň taryhynda hemişelik we mynasyp ornuny tutar.














Okalan sany: 455   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
03 февраля 2015

Ajaýyp keramika eserleri, owadan işler


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13203 sek. ýüklenen baýt: 33013