Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hak didaryn gören suw
Ýazylan wagty: 31 марта 2013 Ýazan Mayichka

                               


Taryhy maglumatlar halkymyzyň ösen ekerançylyk medeniýetiniň bolandygyny ykrar edýär. Irki döwürlerde türkmen ekerançylarydyr bagbanlary ýerden bol hasyl almagy başarypdyrlar. Bagbanlar bagyna, daýhanlar ekinine tebigy mümkinçiliklere görä ideg edipdirler.Suwarymly ýerlerde ýap gazyp, derýalardan akaba çekip, suw akdyrypdyrlar we ekinleri ýerüsti suwlar bilen suwlapdyrlar. Şeýle mümkinçiligiň  bolmadyk ýagdaýynda ýerasty suwlardan peýdalanylypdyr. Pederlerimiziň paýhasyndan dörän <<Suw-hasylyň enesi>>, <<Ýer hazynadyr, suw-göwher>>,<<Suw damjasy-altyn dänesi>> ýaly dürdäne jümleler ýere kadaly ideg etmegi we bol hasyl almagyň syrlaryny doly bilýän ata-babalarymyzyň ekerançylyk tejribesinden hem-de suwa goýan gadyr-gymmatyndan habar berýär.


                   Mele toprak, gör,nähili mukaddes,


                   Gör, nähili kerem bu ene zemin.


                   Owadan barlygyň baky bolşy deý,


                   Bakydyr bu zemin gök asman kimin.


Okalan sany: 441   Jogaplar: ( 2 )

marala
01 апреля 2013

dünýäde&nbsp;suw bolmasa ýaşaýyş bolmaz&nbsp;

Jekson
02 апреля 2013

goodhalandy


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05511 sek. ýüklenen baýt: 32674