Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
DUÝGULY ŞEKILLER
Ýazylan wagty: 23 февраля 2015 Ýazan SUNGATYM
Gojaman daglaryň başyndan inýän Etrek, Sumbar, Çendir derýalaryň melhemli suwy müňýyllyklaryň dowamynda gaýalaryň daşyny ýonup, täsin jülgeleri döredipdirler. Daglaryň kertlerinden akýan çeşmeler edil gan damarlar ýaly topraga siňip, tebigaty janlandyrýar. Rowaýatlara beslenen Paraw, Dehistan, Bezeglidere, Garrygala hem Gerkez sebitleri Magtymguly Pyragynyň, Zelili şahyryň, Seýitnazar Seýdiniň ömri we döredijiligi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu owadan, keramatly ýerleriň şöhratly taryhy, beýik şahsyýetleriň ruhy wesýetleri, gözel tebigatyň keşpleri suratkeş Meret Gylyjowyň döredijiligine möwç berýär. Zehinli suratkeşiň döredijilik ýoly grafika sungatyndan başlanypdyr. Köp ýyllaryň dowamynda suratkeşiň grafikanyň basma usulynda çap edilen eserleri we karrikatura - degişme suratlary Türkmenistanyň hem-de daşary ýurt çeperçilik sergilerinde görkezilipdir, gazet-žurnallaryň sahypalarynda çap edilipdir.
Grafika sungatynyň ulgamynda at gazanyp,  Meret Gylyjowyň höwesi kem-kemden nakgaşçylyk sungatyna aralaşýar. Özüniň ýaşaýyş baradaky oýlanmalary, kalbyndaky duýgylary doly ýagdaýda açyp, äşgär etmek üçin grafikanyň çeperçilik dilini unutman, suratkeş reňkli dünýäniň bark urýan keşbini suratlandyrýar. Eýýam ýigriminji asyryň togsanynjy ýyllaryndan bäri ezber suratkeş nakgaşçylyk sungatynda özboluşly ýoluny tapyp, diňe öz ýüreginiň duýgularyny diňläp işleýär.

Meret Gylyjowyň nakgaşçylyk döredijiligini bäş  tapgyra ýa-da dogrusyny aýtsak bäş görnüşli timarlaýyş hem teswirleme sypatlara eýedir - suratkeş nakgaşçylygyň realizm, sýurrealizm, puantilizm, abstraksionizm, simwolizm çeperçilik akymlaryň düzgünleri boýunça işläp, milli äheňli eserleri döredýär.
Suratkeşiň ilkibaşda döreden eserleri oba durmuşynyň pursatlary iki-üç saýlama reňkleriň esasynda beýan edilipdir. Reňk mukdarynyň azlygy, reňk tygşytlylygy eseriň many-mazmunyny birnäçe uşak göwrümlere bölmän bitewi keşpleriň sudurynda jemlemäge mümkinçilik berýär. Şonuň ýaly eserler suratkeşiň çeperçilik teswirlemesiniň birinji görnüşine degşlidir. Birnäçe ýyllaryň dowamynda suratkeş türkmeniň gadymdan gelýän haly we keçe sungatynyň nagşlama ulgamyny öwrenip, öz döredijiligini üýtgedýär. Türkmen gelin-gyzlaryň el hünäriniň nagşlarynda dünýä gurluşy baradaky syrly düşünjeleri halynyň, keçäniň, keşdeleriň her bir çitimine salnypdyr. Amaly-haşam sungatynyň nyşanalyk häsiýetini ulanyp, suratkeş nagyşlaryň taslamasynda dürli keşpleri suratlandyrýar.

Meret Gylyjowyň "Maşgala", "Küýzegärler", "Çopan", "Joralar", "Düýedarlar", "Posa", "Gyzykly kitap", "Owlakly gyz", "Kerwenbaşy", "Üç akyldar" atly nakgaşçylyk eserlerinde görkezilýän adamlaryň keşbi, janly we jansyz tebigatyň şekilleri çabyt-donlaryň, kürte-çyrpylaryň, tahýa-börükleriň, külalçylygyň hem-de halyçylygyň milli nagşlama kanunlarynyň esasynda düzülýär. Bu eserleriň tapawutly aýratynlygy "goçak" nagşlardan emele gelýän şekilleriň sudury we taslama sazlaşygydyr.
Türkmeniň milli sungatyndan itergi alyp, suratkeş belli bir tapan çeperçilik usulynda saklanman, onuň döredijiligine orta asyr syrçaly mozaika sungatynyň äheňleri mahsus bolýar. Kendiriň tekizligi tükeniksiz reňkli böleklerden ybarat bolup, onuň reňkli jümmüşinde başda göze ilmeýän şekiller döreýär. Eseriň meýdany köp görnüşli böleklere paýlanyp, reňkli tegmiltlerden öwüsýän zolaklar, adamlaryň keşpleri hem tebigatyň görnüşleri düzülýär.

Bir reňkli bölekleriň serhetinde başga reňkleriň öwüsginlerini serpikýärler. Suratkeşiň döredijiliginde türkmen gelin-gyzlaryň dogabitdi owadanlygy, maşgala ojagynyň ýylysyny saklaýan zenanlaryň asylly,  agras häsiýeti  hem ýüzleriniň nury wasp edilýär.  Mozaika äheňinde döredilen "Türkmen gelinleri", "Gopuzyň owazy", "Dagly gelinler", " Ýaşlyk", "Zenan kalbynyň owazlary", "Oba durmuşy" ýaly eserleriň reňk teswirlenişi gadymy Dehistan keramikasynyň syrçaly örtügini ýatladýar. Meret Gylyjowyň eserlerinde suratlandyrylýan durmuş wakalary, dürli hadysalary adamzadyň gursagyndaky wyždanyna, niýetine hem ruhy arassalygyna sepleşendir. "Zenan häsiýetleri" atly eserinde türkmen gelin-gyzlaryň durmuşdaky, maşgaladaky tutýan ornuny, mertebesini pelsepeçilik taýdan sypatlandyrýar. Ösümlik dünýäsi-agaçlaryň, şahalaryň, ýapraklaryň şekilleri bilen zenanlaryň täsin keşplerini suratlandyrypdyr.
"Direg" atly eserinde asmana, Güne tarap ymtylýan, toprakdan güýç alýan ýaş agaç iki sany ýykylyp barýan garry agaçlary saklaýar. Hawa, bu suratda adamlaryň keşbi çekilmändir, aýlawly manyda berilýän hadysalar adamzady gurşap alýan dünýäni, ýaşaýşy şöhlelendirýär. Suratkeş türkmen maşgalasynyň adaty bolan terbiýeçilik, ahlaklyk derejesini şekillendiriş serişdeleriň üsti bilen kesgitleýär. Zenanlaryň owadan syratyny, görmegeýligini "Hazar gözeli", "Mylaýym şemal" atly eserlerde tebigatyň gözelligine utgaşdyrýar.

Meret Gylyjowyň suratkeşlik ýörelgesi türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýetinden gözbaş alyp, dünýäniň küýseýän ynsanperwerlik gymmatlyklary we arzuwlary bilen  baglydyr.

Okalan sany: 835   Jogaplar: ( 5 )

SUNGATYM
23 февраля 2015


SUNGATYM
23 февраля 2015


SUNGATYM
23 февраля 2015


SUNGATYM
23 февраля 2015


permann
23 февраля 2015

Hakyky türkmen mekdebi, öz ýoly nakgaşyň ! Gyzykly eserler. goodgoodgood


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05810 sek. ýüklenen baýt: 37175