Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Suwuň sungatdaky waspy
Ýazylan wagty: 02 апреля 2013 Ýazan Shutnick
Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň giň zallarynyň birinde „Suw damjasy – altyn dänesi“ baýramcylygy mynsybetli sergi guraldy. Onda cekilen suratlar, keramika, heýkeller, gobelenler görkezilýär.


Bütewi çeperçilik taglymlar bilen birleşýän suratkeşleriň portret, peýzaž, natýumort eserleri köp manyly bolup, türkmen topragyny bagy bossanlyga öwürýän suwuň gymmatyny, onuň ýaşaýşyň gözbaşydygyny açyp görkezýär. Sergidäki suratlaryň birnäçesi Hazar deňiz suwuna hem-de onuň çäksiz giňişliklerine bagyşlanypdyr. 


Sergide gobelen usulynda döredilen eserleriň hem birnäçesi bar. Olaryň biri „Keýik okara“ – çöllükde ösýän bu täsin ösümlik, onuň syrdam baldaklaryny bezeýän tebigy käselere dirilik suwunyň ýygnalyşy hakynda gürrüň berilýär. Şol piýalalardan eýjejik jerenler suw içmäge gelýärler. 
Okalan sany: 313   Jogaplar: ( 2 )

NEXTTM
02 апреля 2013

good

Garabeg
02 апреля 2013

birinji duran surat gwy çekilipdir, bäsleşige goşmaly ekeniňiz, suratlaryňz manysay bilen bile gabat gelýär bu sergä gidip göräýmeli, haladym


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12016 sek. ýüklenen baýt: 30067