Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Gyzlara...
Ýazylan wagty: 25 февраля 2015 Ýazan Marala
Gyzlara...

A gyz maña ÿalbartma kän,
Naziñ çekip söÿmen seni.
Günde agşam jañ etmeseñ
Bagryñ ÿakyp söÿmen seni.

Telefona pul sal diÿseñ,
Menden başga telmin söÿseñ,
Ahyrsoñy taşlap goÿsañ
Häzirden aÿt, söÿmen seni.

Billeriñden tutdurmasañ,
Lebleriñden öpdürmeseñ,
Kowaladyp ÿetdirmeseñ
Totom bolup söÿmen seni.

Ejeñe aÿt, azdyr pulum,
Jübim ketek, gysga golum,
Şondada sen salsañ galyñ
Kar'un bolup söÿmen seni.

Dogry düşün halyma sen,
Gelip, soñra nalama sen,
Içÿänimi halamasañ
Hatyn bolup söÿmen seni.

Gelnim bolup buÿruk berseñ
Ÿa kesekä guÿruk berseñ.
Garran wagtym maÿryk görseñ
Gorra bolup söÿmen seni.

Atam gelse ÿaşynmasañ,
Dogry zada düşünmeseñ,
Menden gorkup çekinmeseñ
Guluñ bolup söÿmen seni.
Okalan sany: 946   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04837 sek. ýüklenen baýt: 29731