Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Goýup giden şol ýeriňde garaşýan.
Ýazylan wagty: 26 февраля 2015 Ýazan Marala
Goýup giden şol ýeriňde garaşýan.

Agşam boldy, ýene gaýgy başlady,
Saňa ýene öňki ýerde garaşýan.
Ýüregime akýar ajy gözýaşym,
Saňa ýene öňki ýerde garaşýan,
Goýup giden şol ýeriňde garaşýan.

Gezsem dagy düzi dereli bagy,
Bulutlara baksam synlasam gögi,
Synamdaky aglanmadyk bu agy,
Mertlik diyip onuň bilen göreşýän,
Goýup giden şol ýeriňde garaşýan.

Ogşamak isleýär saçlarňy elim,
Batyrmak isleýän lebiňe lebim,
Göýä bilbil menem, sen bolsaň gülüm,
Sonuň üçin ykbal bilen uruşýan,
Goýup giden şol ýeriňde garaşýan.

Haçanda o günler yadyňa düşse,
Gözleriň doluşup yüzüň buruşsa,
Diýäýgin, haýyr bardyr her işde,
Şonda-da umyt bilen saňa garaşýan,
Goýup giden şol ýeriňde garaşýan.

Karun aýdar kör bolsada bu gözüm,
Ynjasa bedenim, ismasa dyzym,
Gyşa dönse şowhunly baharym yazym,
Seni aýdan, günden, ýyldan soraşýan,
Goýup giden şol ýeriňde garaşýan.



Okalan sany: 684   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05282 sek. ýüklenen baýt: 33241